ABŞ-nyň derman giganty Pfizer, synag tejribesi bolan COVID-19 keseline garşy tabletkasynyň baý bolmadyk ýurtlarda has arzan elýeterli edilmegi üçin BMG tarapyndan goldanýan gurama bilen ylalaşyk gazandy.
Pfizer 16-njy noýabrda eden beýanynda derman öndürijiler toparyna (MPP) lisenziýa berjekdigini we bu guramanyň öndürijileriniň wirusa garşy dermany öndürmegine mümkinçilik döretjekdigini aýtdy.
Ylalaşyga görä, Pfizer keselden bejergini arzanlatmak üçin umumy öndürijilerden öz maliýe hakyny talap etmez, bu bolsa dermanyň önümçiligini arzanladýar. Pfizer bu şertnamanyň dünýä ilatynyň ýarysyny öz içine alýan pes we orta girdejili 95 ýurda degişlidigini aýtdy.
Şu aýyň başynda, Pfizer barlaglaryň wirusa garşy dermanlaryň COVID-19 bilen kesellänleriň hassahana ýerleşdirilmegi ýa-da wirus ýokaşan uly ýaşly adamlara ölüm howpunyň döremegi ýaly töwekgelçiligi 89% azaldýandygyny görkezendigini aýtdy.
Ylalaşygyň geljegi dermanlaryň dowam edýän synaglaryna we kadalaşdyryjy düzgünlere baglydyr.
Şeýle hem Pfizer 16-njy noýabrda ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri administrasiýasyndan Paxlowid ýa-da PF-07321332 diýlip atlandyrylýan tabletkany ulanmaga rugsat sorandygyny aýtdy.