Aşgabadyň mekdebinde 9-njy synp okuwçylara 8-nji synpyň kitaplary paýlandy

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabadyň 15-nji orta mekdebinde 9-njy synp okuwçylara 8-nji synplar üçin niýetlenen kitaplar paýlandy. Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi şu okuw ýylynyň başyndan bäri 9-njy synp okuwçylara ähli ugurlar boýunça sapaklaryň kitapsyz okadylandygyny gürrüň berdi.