Aşgabadyň mekdebinde 9-njy synp okuwçylara 8-nji synpyň kitaplary paýlandy

Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň 15-nji orta mekdebinde 9-njy synp okuwçylara 8-nji synplar üçin niýetlenen kitaplar paýlandy. Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi şu okuw ýylynyň başyndan bäri 9-njy synp okuwçylara ähli ugurlar boýunça sapaklaryň kitapsyz okadylandygyny gürrüň berdi.

"Sentýabr aýynda gyzym dokuzynjy synpa geçdi. Ol şondan bäri kitapsyz mekdebe gatnaýardy. Ahyry 13-nji noýabrda 9-njy synp okuwçylaryň ählisine geçen okuw möwsüminde okan kitaplaryny, ýagny 8-nji synplar üçin niýetlenen kitaplaryň ählisini paýlap berdiler" diýip, gyzy bu mekdepde okaýan aşgabatly ýaşaýjylaryň biri anonimlik şertinde 15-nji noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, mugallymlar okuwçylara 9- nji synpyň kitaplary gelýänçä, ähli sapaklar boýunça 8- nji synpyň kitaplaryndan peýdalanmalydygyny aýtdylar.

Degişli maglumat Türkmen häkimiýetleri okuw kitaplarynyň ýetmezçiligini gytaklaýyn boýun aldy

"Ýanyňyzda kitap bolsun" diýip, aşgabatly ýaşaýjy mekdep mugallymynyň okuwçylara aýdan sözüni sitirledi.

Bellesek, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuwlar 1-nji sentýabrda başlandy we häzirki wagt okuw ýylynyň ikinji çärýegi dowam edýär.

Ene-atalaryň sözlerine görä, bu iki ýarym aýyň dowamynda agzalan mekdebiň 9-njy synp okuwçylaryna hiç bir sapak boýunça kitap berilmedi we okuwçylar sapaklary synplarda tas boş oturyp geçirdiler.

Ene-atalar soňky ýyllarda pensiýa ýaşyna ýeten hünärli mugallymlaryň işden çykarylmagy, yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin çäreler sebäpli mekdeplerde çagalara berilýän bilimiň hiliniň ep-esli pese gaçandygyny aýdyp, muňa kitap ýetmezçiliginiň goşmaça zarba urýandygyny belleýärler.

"Häzir okuwçylar bir sapak okasa, üç sapagy synpda oturyp geçirýärler. Kitap bolanda-da okuw ýok, ýöne indi kitap hem ýok" diýip, aşgabatly ene belledi.

Ene-atalaryň sözlerine görä, 9-njy synp okuwçylara geçen okuw möwsüminde okadylan kitaplaryň näme sebäpden bu ýyl paýlanmandygy barada aç-açan düşündiriş berilmeýär.

"9- njy synpyň kitaplaryny täzelemek kararyna gelen bolmaklary mümkin. Olarda bir zatlaryň ýalňyş çap edilen bolmagy ähtimal" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran bir ene aýtdy.

Azatlyk öňden bar bolan kitaplaryň näme sebäpden okuwçylara paýlanmandygy barada goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak üçin Bilim ministrligi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ministrligiň özüni Bagtyýar diýip tanyşdyran resmisi bu mesele boýunça Aşgabadyň mekdeplerine gözegçilik edýän bölüme jaň etmegi maslahat berdi. Emma redaksiýamyzyň 15-nji noýabrda öýlän sagat 2-5 aralygynda telefon arkaly eden yzygiderli synanyşygy netije bermedi.

Degişli maglumat Wise-premýer Meredow Berdimuhamedowa Moskwada baýrak alan kitabynyň diplomyny gowşurdy

Azatlyk bu mesele boýunça 15-nji mekdep bilen hem habarlaşyp bilmedi. Şeýle-de, bu ýagdaýyň paýtagtyň beýleki mekdeplerinde gaýtalanýandygyny ýa gaýtalanmaýandygyny hem anyklap bolmady.

Soňky ýyllarda Azatlyk ýurduň orta mekdeplerinde okuw kitaplarynyň ýiti ýetmezçiliginiň duýulýandygyny, şol sanda täze neşir edilýän kitaplaryň hiliniň pesdigi, mugallymlaryň könelip, tozan kitaplary çatyp-ýamap, çagalara paýlaýandygy barada ençeme gezek habar berdi.

Mundan başga-da, käbir mugallymlaryň öz sapaklarynda sowet döwründe çap edilen ýa-da ýokary okuw jaýlaryna niýetlenen okuw kitaplaryndan peýdalanýandyklary barada hem maglumatlar gelip gowşupdy.

Türkmen häkimiýetleri okuw kitaplarynyň ýetmezçiligini agzaman, ýurtda kitap-neşir önümleriniň san we görnüş taýdan gitdigiçe köpelýändigi barada wagtal-wagtal hasabat berýärler. Şeýle-de, olar ýurtda “ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini" tekrarlap, muny köplenç çagalara berilýän "öwrediji kompýuterler", täze açylýan mekdepler bilen delillendirýärler.

Bu habarlaryň arasynda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda häkimiýet başyna geleli bäri dürli temalarda 60-dan gowrak kitaby okyjylara hödürlendi we olaryň köpüsi birbada üç dilde - türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.