Ýewropa ýene pandemiýanyň merkezine öwrülýär, käbir ýurtlar çäklendirmeleri gaýtadan girizmeli bolýar

Illýustrasiýa suraty.

Koronawirus pandemiýasynyň episentri ýene Ýewropa süýşdi. Sebitde birnäçe ýurt COVID-19 sanlarynyň aladaly ýokarlanyşynyň öňüni almak üçin gaýtadan çäklendirme girizip başlady.

Sanjym işleriniň ýokary depginine, şol bir wagtda ösen saglygy goraýyş ulgamlaryna garamazdan, Ýewropada hepdelik koronawirus sanlary oktýabryň başlaryndan bäri ýokarlanýar. Häzirki wagtda bu sanlar pandemiýa başlanaly bäri hasaba alnan ýokary sanlardan hem geçdi.

Geçen birnäçe günüň dowamynda Ýewropada 2,1 milliondan gowrak koronawirus hadysasy hasaba alyndy. Munuň bilen 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň birinji hepdesinde hasaba alnan rekord san täzelendi.

Bäş ýurt – Britaniýa, Germaniýa, Russiýa, Türkiýe we Ukraina – COVID-19 hadysalarynyň 50 göterimden gowrak ýokarlanýandygyny hasaba aldy. Ölüm sanlary hem artýar.

Bütindünýä Saglyk Guramasy geçen hepde koronawirus sanlarynyň 10 göterim ýokarlanandygyny habar berdi. Ýurtlar COVID-19 sanlarynyň ýokarlanmagyna dürli usullar bilen jogap gaýtarýarlar.

12-nji noýabrda golland hökümeti üç hepde möhlet bilen bölekleýin petikleme girizdi. Awstriýa bolsa ýurduň iki sebitinde 15-nji noýabrdan başlap, sanjym kabul etmedik adamlaryň diňe belli-belli ýagdaýlarda öýden çykyp biljekdigini yglan etdi.

Germaniýa soňky günlerde rekord derejede ýokuşmalary hasaba aldy, ýöne resmiler mejbury sanjym talap etmekden saklanýar hem-de ählihalk petiklemelerini girizmek islemeýär.