Türkmen görnüşleri - 46-njy hepde

Köçäniň ýakasynda, sowuk howa şertlerinde, söwda edip oturan bir aýal. Türkmenistan soňky biränçe ýylyň dowamynda agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär.

Gyzyny mekdepden alyp barýan bir ata. Aşgabat

Aşgabatdaky çagalar baglarynyň biriniň daşyndaky diwaryna haly asylypdyr

Aşgabatda ýyladyş ulgamyny abatlaýan ussa. Türkmenistanda howanyň sowamagy bilen, ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagda tok, gaz we ýyladyş ulgamlarynda yzygiderli bökdençlikler döreýär.

Aşgabadyň etraplarynyň biriniň ýyladyş ulgamynda näsazlyk ýüze çykdy.

Ýüzi gorag maskaly türkmen studentleri. Ýurduň çäginde koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri maska dakynmak, sosial aralygy saklamak ýaly çäklendiriji düzgünleri girizdiler.

Zir-zibil çeleklerini dörüp duran bir adam. Türkmenistanda ykdysady krizis sebäpli ilatyň gurpdan düşmeginiň arasynda, dilegçilik edýän we zir-zibil gutularyny dörýän adamlary barha köp görse bolýar.

Abadanda arassaçylyk işleri geçirilýär.

Abadandaky ýaşaýyş jaýy

Türkmen studenti