Hökümet pagta planynyň dolandygyny, kärendeçiler hasylyň pes bolandygyny aýdýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Resmi metbugat 2021-nji ýyl üçin ýurt boýunça pagta plan borçnamasynyň doly berjaý edilendigini habar berdi. Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçylary sebitde pagta hasylynyň pes bolandygy sebäpli borçnamany dolup bilmedik kärendeçileriň köpdügini aýdýarlar. Bu aralykda, Maryda döwlet telewideniýesine ýazgy etmek üçin nobatdaky köpçülikleýin mejbury çäre geçirildi. "Hasyl toýy" mynasybetli geçirilen çärä býujet işgärleri, talyplar we çagalar mejbury gatnaşdyryldy.