Adam hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen oppozisiýa aktiwisti Azat Isakowyň Türkmenistana bikanun ekstradisiýa edilendigine ynanýarlar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar 20-nji oktýabrda Orsýetde ýitirim bolan türkmen oppozisiýa agzasy Azat Isakow Türkmenistana bikanun ekstradisiýa edildi diýip, pikir edýärler. Adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" we "Türkmen Helsinki fondy" guramalary ýaýradan bilelikdäki beýanatynda Azat Isakowyň alyp baran işleri we ýitirim bolmagynyň jikme-jikleri barada habar berdiler. Munuň öňýany Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň Isakowyň Türkmenistana meýletin uçandygy barada resmi jogap berendigi milim boldy. Adam hukuklaryny goraýjylar, Isakowyň pasporty ýitirilip, dokumentiniň we Türkmenistana yzygiderli uçuşlaryň bolmadyk ýagdaýynda ýurduna uçup bilmejekdigine ünsi çekýärler.