Russiýanyň Baş prokuraturasy “Memorial” hukuk merkeziniň şahamçasyny ýapmak isleýär

“Halkara Memorial” guramanyň dargadylmagy üçin kanuny esaslary görmeýändigini aýdýar.

Russiýanyň Baş prokuraturasy Ýokary suda ýüzlenip, adam hukuklary boýunça iş alyp barýan ýurduň iň belli “Memorial” toparynyň halkara şahamçasyny ýapmagy sorady. Prokuratura topary ýurduň dawaly “daşary ýurt agenti” baradaky kanunynyň talaplaryna boýun bolmazlykda aýyplaýar.

“Halkara Memorial” 2016-njy ýylyň oktýabrynda “daşary ýurt agentleri” sanawyna goşulypdy.

Topar bu iş boýunça diňlenişigiň 25-nji noýabrda boljakdygy barada 11-nji noýabrda mälim etdi.

“Halkara Memorial” “daşary ýurt agenti” baradaky kanunynyň ýurtdaky garaşsyz guramalaryň sesini sem etmäge gönükdirilendigini, şeýle-de guramanyň dargadylmagy üçin kanuny esaslary görmeýändigini belledi.

“‘Halkara Memorialy” dargatmak baradaky karar syýasy äheňlidir. Ol geçmişiň syýasy repressiýalary barada maglumat berýän, şeýle-de häzirki wagtda adam hukuklaryny goramak ugrunda söweş alyp barýan guramany ýok etmegi maksat edinýär” diýip, guramanyň beýanatynda aýdylýar.

Düýbi Moskwada ýerleşýän abraýly guramanyň ýene bir şahamçasy, ýagny “Adam Hukuklary boýunça Memorial Merkezi” 2015-nji ýylyň noýabrynda hökümetiň “daşary ýurt agentleri” sanawyna girizilipdi.