Türkmen "tagt mirasdüşeri", metan zyňyndylary hem-de halkara howa konferensiýasy

Ýurduň premýer ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmen atlarynyň güni hem-de Türkmen alabaý itiniň güni mynasybetli Aşgabadyň eteginde geçirilýän baýramçylykda. 2021-nji ýylyň 25-nji apreli.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ýeke-täk ogly Serdary halkara howa konferensiýasynda ýurda wekilçilik etmek üçin Glazgo iberdi.

Serdar Berdimuhamedow haçanam bolsa bir gün kakasynyň ornuny eýelejege meňzeýär. Soňky wagtlarda ol Türkmenistana wekilçilik edýän köp sanly daşary ýurt saparyny amala aşyrýar. Geçen tomusda hatda Tokioda geçirilen Olimpiadada, Türkmenistanyň toparynyň hormatly tälimçisi hem boldy.

Bäş million töweregi ilaty bolan çöllükde ýerleşýän Türkmenistan döwletiniň dünýäniň howa şertlerine uly täsir edip biljekdigini kim pikir edipdir.

Muňa garamazdan, bu ýurt howanyň özgermegine täsirini ýetirýär, sebäbi ol ýer dünýädäki metany howa zyňýan iň uly çeşmelerden biri bolup durýar.

Türkmen hökümetiniň tarapynda bolan Business.com.tm web sahypasynyň habaryna görä, Serdar ýüzugra düýp meselä girişip, konferensiýadaky çykyşyny öz ýurdunda metanyň zyňylýandygy baradaky meselä bagyşlapdyr.

3-nji noýabrda Serdar Berdimuhmedow öz ýurdunyň metanyň zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn ünsi jemleýändigini aýdýar hem Türkmenistanyň “Global Metan borçnamasynyň” “öwrenilişini” gutlaýandygyny mälim edýär.

DEŇ GELMEÝÄN ÇÄRELER

Bu beýanat konferensiýa gatnaşýan wekilleriň köpüsi üçin, beýle bir ähmiýetli görünmedi. Ýöne Bloomberg neşiri: "Halkara Energetika Guramasy 2020-nji ýylda [Türkmenistan] nebit we gaz pudagyndaky umumy metan zyňyndylary boýunça, öz energiýa pudagy has uly we ilat sany has köp bolan Russiýadan we ABŞ-dan yzda durýar” diýdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow öz ogly bilen atçylyk toplumyna aýlanýan mahalynda. 2021-nji ýylyň iýuny.

Ol materialda Fransiýanyň Kayrros kompaniýasynyň maglumatlary agzalýar, Kayrrosyň şaýatlyk etmegine görä, Türkmenistanda metanyň we gazyň howa zyňylmagy şeýle çynlakaý mesele bolup durýar.

Kayrros, dünýädäki ýerasty gorlarda ýüze çykýan syzyndylary hemranyň kömegi bilen yzarlaýar. Bloomberg neşirinde çykan makala görä, Kayrros "2019-njy ýyldan bäri Türkmenistandaky gury ýer üsti seljerilen nebit we gaz amallaryndan iň agyr 50 metanyň 31-sinde iň köp syzmasyny anyklady”.

Türkmen tagt mirasdüşeri bolsa Glazgoda Türkmenistanyň “2030-njy ýyldan başlap orta möhletde parnik gazlarynyň zyňyndylarynda nol ösüşi gazanmagy meýilleşdirýär” diýdi. Munuň üstüne goşup: "uzak möhletleýin perspektiwada her ýyl zyňyndylary ep-esli azaltmagyň meýilleşdirilýändigini" aýtdy.

Häzirki alynýan nebitiň we gazyň möçberi hem-de howa goýberilýän zyňyndy nazarda tutulanda, “nol ösüş” diýmek gaty geň, sebäbi galyndylary howa zyňmak boýunda Türkmenistan eýýäm dünýäde üçünji orunda dur.

Çykyş ediji ol azaltmagyň näderejede meýilleşdirilýändigi barada, nähilidir bir maglumat bermedi.

Bloomberg neşirindäki makalada Türkmenistanyň diňe bir Körpeje gaz ýatagyndaky zyňyndynyň “howa ýetirýän täsirini Arizonadaky ähli awtoulaglaryň ýyllyk zyňyndylary bilen deňeşdirmegiň mümkindigi" bellenilýär.

BAR ZADY ÝALANA ÇYKARMAK

Serdar resmi taýdan Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary hökmünde Glazgo iberildi. Munuň özi, diýmek, metan zyňyndylaryny azaltmak barada wada bereninde, onuň hökümetiň adyndan çykyş edendigini aňladýar.

Ol hökümet bolsa ynandyryjy subutnamalara garamazdan, ýurtda koronawirus keselini inkär etmegini dowam edip gelýär.

Azyk ýetmezçiligini we ýurtdaky köpçülikleýin işsizligi ret edýän hem şol türkmen hökümeti.

Şol türkmen hökümeti şu güne çenli ýurtda metanyň syzmagyny ykrar etmedi we şol hökümet Türkmenistanyň nebit pudagynyň Hazar deňzini hapalaýandygyny hiç wagt tassyklaman gelýär.

Serdar Berdimuhamedowyň “Global metan borçnamasyny” “öwrenmek” bilen öz ýurdunyň gyzyklanýandygyny aýdanynda, Glazgoda geçirilen konferensiýada goldanyldy. Bu başlangyç 2030-njy ýyla çenli metan zyňyndylaryny 30% azaltmagy maksat edinýär.

Dokumente 103 döwlet gol çekdi. Türkmenistan olaryň arasynda ýok.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.