Täjigistan öz çäginde Hytaýa baza gurmaga “ýaşyl yşyk” ýakdy. Bu nämäni aňladýar?

Hytaýyň Goranmak ministri Weý Fenhen Duşenbä resmi sapary mahalynda, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň (sagda) bazanyň eýeçiligini berendigi çak edilýär.

Täjigistan öz çäginde täze Hytaý harby desgasynyň gurluşygyna “ýaşyl yşyk” ýakdy. Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, Täjigistan Pekine öňden bar bolan bazanyň doly eýeçiligini bermegi teklip edipdir.

Hytaýyň täze bazasy Täjigistanyň çäginde, Owganystan bilen serhet ýakasynda gurlar. Bu şertnama Täjigistan häkimiýetleriniň günortadaky goňşusyndan abanýan howplar baradaky aladalary wagtynda amala aşyrylýar.

Muňa ugurdaş Täjigistan hökümeti ol ýerde eýýäm bar bolan harby bazasyny-da doly Hytaýyň gözegçiligine geçirmegi teklip etdi hem Hytaýyň harby kömeginden başga islendik kärende töleginden ýüz öwürdi. Bu habarlar Hytaýyň Duşenbe şäherindäki ilçihanasynyň Täjigistanyň Daşary işler ministrligine iberen we Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna ýeten resmi maglumatdan mälim boldy.

Bu waka Owganystandaky barha ösüp barýan durnuksyz howpsuzlyk ýagdaýynyň fonunda, Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna öz täsirini artdyrýandygyny görkezýär.

— Desga gurmak we ol ýeri bilelikde işleýän işgärler bilen üpjün etmek karary Hytaýyň dünýäde alyp barýan belli işlerinden biridir. Indi biz Täjigistandan bu işleri synlamagy dowam etdirmeli bolarys, Hytaýyň Owganystan we sebit baradaky aladalarynyň derejesini göreris – diýip, Londondaky Korollyk birleşen güýçler institutynyň uly ylmy işgäri Rafaello Pantuççi Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Hytaýyň Täjigistanda owgan serhediniň golaýyndaky Murgab sebitinde harby bazasy bar, ol Wahan geçelgesinde, aýratyn ýerde ýerleşýär. Azatlyk Radiosynyň derňewine görä, bu desgalar hem gözegçilik postlary azyndan bäş ýyl bäri bolmaly diýlip hasaplanýar. şeýle hem ol sebitde Hytaýyň işgärleriniň has işjeň hereket edýändigi belli.

Hytaý hem Täjigistan hökümetleri bazanyň bardygyny resmi taýdan inkär edýärler, ol bazanyň kimiň eýeçiliginde durýandygy we onuň nähili peýdalanylýandygy barada açyk maglumat gaty az. Azatlyk Radiosynyň Täjik redaksiýasynyň işgärleri tarapyndan görlen resminamalarda, Täjigistanyň bazasynda hytaýly işgärleriň işleýändigi, ýöne bazanyň häzirki wagtda Täjigistana degişlidigi aýdylýar.

Resminamalara görä, bazany Hytaýa geçirmek teklibi iýul aýynda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan, Hytaýyň Goranmak ministri Weý Fenhe Duşenbä sapary wagtynda teklip edilen bolmaly.

— Munuň özi Hytaýyň Merkezi Aziýa aýratyn üns berjekdigini aýdyň görkezýär. Geljekde Pekine sebitdäki uzaga çeken howpsuzlyk meselelerine goşulyşman durmak kyn bolar – diýip, Pantuççi aýdýar.

Sowet döwründe gurlan postuň gapdalynda, Täjigistanyň strategiki taýdan möhüm bolan binalary we gözegçilik diňleri ýerleşýär, olar häzir Hytaý goşunlary tarapyndan dolandyrylýar. Bu Hytaýyň şol sebitde eýýäm başlanan, ýöne entek ösüp ýetişmedik täsiriniň bir bölegi.

Resminamalarda Täjigistan tarapyndan hödürlenen bu teklibi Pekiniň kabul edendigi ýa-da ýokdugy görkezilmeýär. Şeýle-de bolsa, olar Rahmonyň Owganystan bilen serhet ýakasyndaky Täjigistan harby postlaryny güýçlendirmek üçin, Duşenbe bar bolan desgalaryň doly gözegçiligini Hytaýa tabşyrmagy we töleg tölemezlik baradaky teklibi ünsi özüne çekýär.

— Hytaý üçin öz serhedindäki howpsuzlyk örän möhüm, şeýle hem bu mesele Merkezi Aziýadaky esasy bähbitleriniň bir bölegidir. Täjigistanda öz howpsuzlyk çägini giňeltmek, häzir onuň bar bolan eýeçiligindäki iň täsirli gural, ol häzir muňa eýelik edýär – diýip, Moskwadaky Karnegi merkeziniň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Temur Umarow Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Täze desganyň gurluşygy Täjigistan mejlisiniň aşaky palatasynda tassyklandy. Kanun çykaryjylar Täjigistan Içeri işler ministrligi bilen Hytaýyň Jemgyýetçilik Howpsuzlygy ministrliginiň arasynda baglaşylan ylalaşyga ses berdiler.

Täjigistanyň Içeri işler ministriniň birinji orunbasary Abdurahmon Alamşozoda desganyň iň çetdäki Daglyk-Badahşan awtonom welaýatynyň Wahan obasynda ýerleşjekdigini aýtdy we onuň aýratyn maksatly çalt hereket edýän bölüme – ýurduň Içeri işler ministrliginiň guramaçylykly jenaýata garşy göreş bölümindäki ýörite güýçlere degişli boljakdygyny mälim etdi. Kanun çykaryjylar bu ýerde Täjigistan harby güýçleriniň hem yzygiderli boljakdygyny aýtdy.

Täjigistanyň parlamentinde deputat Tolibhon Azimzoda täze bazanyň Hytaýyň maliýe goldawy bilen guruljakdygyny aýtdy. Onuň umumy bahasy 10 mln. dollar bolar. Azimzoda munuň Owganystandaky Günbatar tarapyndan goldanýan hökümeti “Talyban” çalşandan soň, howpsuzlyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydygyny düşündirdi.

— “Talybanyň” Owganystany basyp almagy we ýurduň serhedinde barha artýan howpsuzlyk meseleleri sebäpli gurluşyk işleri alnyp barylýar – diýip, Azimzoda nygtady.

Kanun çykaryjylar täze bazanyň guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde, polisiýanyň hyzmatlary üçin gurulýandygyny aýtsalar-da, onuň takyk maksady belli däl. Bu desgada Hytaýda öndürilen “Interpol maglumat ulgamy üçin ýörite enjamlar” goýulýar.

“Talyban” topary häkimiýeti ele geçirenden soň, Pekin sebitdäki howpsuzlyk meselesinde kyn ýagdaýa düşdi. Hytaý bu topar bilen obýektiw şertlere garamazdan, ýagny pragmatiki iş gatnaşyklaryny dowam etdirmek isleýär, ýöne “Talybanyň” hytaý häkimiýetleri bilen terrorçylyga garşy göreş meselelerde näderejede ýakyn işleşjekdigini diňe wagt görkezer.

Uýgur ekstremistleriniň Sinjiang welaýatyna hüjüm etmek üçin, Owganystany türgenleşik meýdany hökmünde ulanyp biljekdigi baradaky duýduryşy Hytaý birnäçe ýyl bäri yzygiderli aýdyp gelýär.

Uýgur söweşijilerinden abanýan howpuň gerimi jedelli, köp analitikleriň pikirine görä, söweşijileriň maksady ýeterlik derejede belli ugra gönükdirilen däl we hüjümlerini amala aşyrmakda san taýdan olaryň güýji çäkli. Şeýle-de bolsa, terrorçylyk howplarynyň Owganystandan ýaýramagy Hytaý syýasatçylary üçin esasy mesele bolup durýar.

— Şuňa meňzeş wakalara garaşylýardy, ýöne Owganystandaky durnuksyzlyk olary çaltlaşdyrdy. Geljekde Hytaýyň harby we aňtaw hyzmatlygynyň sebitde ösmegini görüp bileris – diýip, Umarow aýdýar.

Makala taýýarlananda, Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň materiallaryndan peýdalanyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini