Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemi içerki önümi 290 milliard dollara ýetýär

Akylbek Žaparow

Merkezi Aziýa sebiti soňky 10 ýylda ykdysady ösüş depginini görkezýär. MA ýurtlarynyň 2020-nji ýyldaky jemi içerki önümi 290 milliard dollar boldy diýip, Gyrgyzystanyň ministrler kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparowyň Bişkekde, "Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa" ykdysady forumyna ýüzlenip aýtdy.

Onuň sözlerine görä, sebitdäki ýurtlarda senagat, oba hojalygy, suwaryş, ulag we logistika ulgamlary boýunça iri infrastruktura taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Merkezi Aziýa döwletleriniň düýpli tebigy baýlyklary, uly energiýa çeşmeleri, ýerasty baýlyklary we ýokary hünärli işçi güýji bar diýip, Žaparow sözüni dowam etdirdi.

Sebitdäki ýurtlaryň ykdysadyýeti soňky ýyllarda 5% -den 7% -e çenli ýokary ösüş depginini görkezdi, ýöne ösüş koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara iş aktiwliginiň kesgin peselen döwrüni, 2020-nji ýyly öz içine almaýar diýip, Žaparow belledi.

Bütindünýä bankynyň maglumatyna görä, Gyrgyzystan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ykdysady taýdan iň pes derejeli ýurt bolup, degişlilikde, sebitiň jemi içerki önümine has az goşant goşýar.

2020-nji ýylyň aýagyndaky netijelere görä, Gazagystanda jemi içerki önümiň möçberi 170 milliard dollar, Özbegistanda - 57,7 milliard dollar, Türkmenistanda - 45,2 milliard dollar, Täjigistanda - 8,2 milliard dollar, Gyrgyzystanda - 7,7 milliard dollar boldy. Şeýlelikde, Gyrgyzystanyň sebitiň jemi içerki önümindäki paýy bary-ýogy 2,7% boldy.

Gyrgyzystan ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümiň möçberi boýunça hem yza galýar. Bu görkeziji esasynda Gyrgyzystan postsowet ýurtlarynyň arasynda diňe Täjigistandan ýokarda durýar.

5-nji noýabrda Bişkekde geçirilen ykdysady foruma Türkmenistandan wise-premýer Çary Gylyjow gatnaşdy.