Türkmenistanda koronawirus barada goşgy düzen raýat türmä basyldy, Russiýada türkmen aktiwisti ýitirim boldy

Myrat Öwezow (çepde) we Azat Isakow

Türkmenistandaky koronawirus we karantin barada goşgy ýazan YouTube bloggeri, 48 ýaşly Myrat Öwezow geçen ýylyň tomsunda bäş ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi diýip, turkmen.news neşiri aýdýar.

Degişli maglumat Myrat Öwezow: Bize wirus gelen bolsa, halkyň köp bölegi gyrylýar

Neşir 1-nji noýabrdaky habarynda öz çeşmelerine salgylanyp, Öwezowa “kezzapçylyk” aýyplamasynyň ýöňkelendigini, emma aslyýetinde ondan sosial ulgamyndaky çykyşlary üçin ar alnandygyny belleýär.

Azatlyk Radiosy häzirlikçe bu maglumatlary öz çeşmelerine tassykladyp ýa inkär etdirip bilmedi.

Myrat Öwezow 2020-nji ýylda YouTube ulgamynda çykyş edip başlady. Ol Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda ýaşaýandygyny aýtmak bilen, dünýäniň köp ýurdunda, gorag şertleriniň berjaý edilýän ýerlerinde hem koronawirusyň müňlerçe adama ýokuşandygyny belläp, Türkmenistanda düzgünleriň berjaý edilmeýändigine ünsi çekmäge çalyşypdy.

Bu aralykda, 20-nji oktýabrda Russiýada Moskwanyň eteginde ýaşaýan türkmen oppozisiýa aktiwisti Azat Isakow ýitirim boldy. Bu barada 2-nji noýabrda “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 37 ýaşly Isakowyň habarlaşan “Türkmeniýa, obýedenýaýemsa” (“Türkmenistan, birleşiň”) atly oppozisiýa toparynyň ýolbaşçysy Çemen Öräniň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Maglumata görä, telefon jaňlaryna jogap bermegini bes etmeginiň öňýany, Isakow Çemen Örä “Polisiýa geldi. Eger-de tapsalar, meni äkitmekleri mümkin. Men gizlendim” diýip ýazgy ugradypdyr.

Neşir Isakowyň türkmen hökümetini açyk tankytlandygyny, şeýle-de onuň Türkmenistana deportasiýa edilse, onda onuň ýitirim bolmak howpunyň bardygyny we gynamalara duçar edilip bilinjekdigini belleýär.

Öräniň “Türkmenistanyň Hronikasy” neşirine aýtmagyna görä, mundan öň türkmen howpsuzlyk gulluklary Russiýadaky Isakowa we onuň Türkmenistandaky ýakynlaryna haýbat atypdyrlar.

Isakowyň häzir nirededigini anyklamak başartmady.

Degişli maglumat Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine basyş artýar

Galyberse-de, soňky aýlarda Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine edilýän hüjümler ýygjamlaşdy, şeýle-de olaryň Türkmenistandaky ýakynlaryna hem basyşlar güýçlendi.

Geçen ýyldan bäri türkmen raýatlary Türkiýede, Birleşen Ştatlarda we Demirgazyk Kiprde awtoritar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy protestleri geçirýärler.

Türkmen hökümetiniň tankytçylary we hukuk toparlary Berdimuhamedowyň 2006-njy ýylda ozalky awtoritar lider Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň häkimiýete geçmegi bilen, dissidentleriň sesini basyp ýatyrandygyny, şeýle-de berk çäklendirmeli ýurtdaky ýagdaýlary üýtgetmek boýunça oňaýly çäreleri görmändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.