Şu hepdäniň başynda Aşgabatdan Mary welaýatyna duýdansyz barlagçylar geldi. Olaryň näme sebäpden Mara gelendigi we nirelerde barlag geçirýändikleri anyk belli däl. Ýöne Marydaky habarçymyz barlagçylaryň gelmegi bilen, welaýatda koronawirus çäklendirmeleriniň berk berjaý edilip başlanandygyny we arassaçylygyň güýçlendirilendigini habar berýär.
Ýagdaýdan habarly maryly býujet işgärleriniň ençemesiniň habarçymyza beren maglumatyna görä, Aşgabatdan barlagyň geljekdigi baradaky habar ýekşenbe güni, ýagny 24-nji oktýabrda gije sagat 9-da belli boldy.
Şondan soňra duşenbe güni irden sagat 6:30-da Marynyň aeroportundan başlap, şäheriň ähli ýerinde güýçli depginde arassaçylyk işleri geçirildi.
Degişli maglumat Gulp astyndaky durmuş: ilat toýy, söwdany we awtoulag bejermek işlerini gizlinlikde edýär"Şäher we şäheriň golaýyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerine öz işlemeli iş wagtyndan öň işe gelmek we özlerine degişli bolan köçe uçastoklaryny arassalamak buýruldy" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran býujet işgäri habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Şeýle-de, duşenbe güni polisiýa işgärleri şäheriň köçeleriniň gyralarynda duran awtoulaglaryň ählisini aýyrmagy buýurdylar we şol günden başlap ulaglary goýmagy gadagan etdiler.
"25-nji oktýabrda ir sagat 7-de polisiýa ulaglarynyň sesi şäheriň ähli ýerinde eşidildi" diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.
Mundan başga-da, polisiýa işgärleri köçelerde, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň aralaryndaky howlularda gök-bakja önümlerini satýan satyjylara gözegçiligi güýçlendirdiler.
"Häzirki wagtda köçelerde söwda edýän satyjy ýok" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.
Galyberse-de, Marynyň häkimiýetleri barlagçylaryň sebite gelmegi bilen, welaýatda koronawirus çäklendirmelerini berk berjaý edip başladylar.
Degişli maglumat Aşgabadyň bazarynda söwda gadagançylygyny bozýanlara garşy reýd geçirilýär"Awtobuslaryň içinde sanaýmalyja adam gatnadylýar. Barlagçylaryň ýok wagtynda awtobuslaryň içi adamdan doly we hiç hili araçäk saklanmaýar" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Býujet işgärleriniň sözlerine görä, Aşgabatdan Mara barlagçylaryň iberilmegine nähili zerurlygyň bolandygy belli däl. Ýöne olaryň şu hepdäniň ahyryna çenli sebitde bolup, welaýat häkimliginde ýygnak geçirmegine garaşylýar.
Azatlyk bu barlaglar we olaryň sebäpleri barada Mary welaýat we şäher häkimliklerinden goşmaça maglumat we kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň telefon arkaly eden yzygiderli synanyşyklary netije bermedi. Şeýle-de, şuňa meňzeş barlagçylaryň ýurduň beýleki sebitlerine barandygyny ýa barmandygyny hem anyklap bolmady.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, telekeçiler, söwdagärler, satyjylar we restoranlaryň, kafeleriň eýeleri barlagçylar gidenden soňra söwda we ilata hyzmat ediş nokatlarynyň, şol sanda dükanlaryň we bazarlaryň açylmagyna umyt bilen garaşýarlar.
"Bazar müdirlikleri 1-nji noýabrdan bazaryň açylmagy ähtimal diýip aýdýarlar" diýip, habarçymyz anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýerli telekeçiniň sözlerini sitirledi.
Degişli maglumat COVID-19: Türkiýede galan türkmenler üçin iki çarter uçarynyň gurnalmagyna garaşylýar, lukmanlar aladalanýarBellesek, Aşgabatdan Mara barlagçylaryň gelmegi bilen bagly waka ýurtda tomus paslynda girizilen koronawirus çäklendirmeleriniň 1-nji noýabrdan tapgyrlaýyn esasda gowşadylyp başlanjakdygy baradaky maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi. Bu barada ýurduň dürli welaýatyndaky habarçylarymyz we çeşmelerimiz geçen hepdäniň dowamynda birnäçe gezek habar berdiler.
Türkmenistanda COVID-19-yň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny tekrarlaýan türkmen häkimiýetleri we döwlete degişli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýurtdaky wirus çäklendirmeleri we olaryň möhleti barada ilata aç-açan maglumat bermeýärler.
Bu habarlaryň arasynda, Aşgabat şäherindäki lukmanlar we Lebap welaýatyndaky çeşmelerimiz ýurtda koronawirusyň nobatdaky, gyş tolkunyna aladaly garaşylýandygyny duýdurýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.