Eýran Owganystanyň goňşulary bilen maslahat geçirdi

Tähran, 27-nji oktýabr, 2021.

Owganystan bilen serhetdeş ýurtlaryň wekilleri Tähranda duşuşyp, uruş sebäpli tozan ýurtda hökümetiň üýtgemegi bilen bagly çäreleri utgaşdyrmak babatdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

27-nji oktýabrda geçirilen maslahata Owganystan we Russiýa bilen serhetleşýän alty ýurduň daşary işler ministrleri gatnaşdy.

Hytaýyň daşary işler ministri Waň Ýi wideo aragatnaşyk arkaly çykyp gürläp, BMG we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy ýaly köptaraply guramalaryň Kabuldaky “Talyban” hökümeti bilen terrorçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlyk gurmagyny teklip etdi.

Waň talyban hökümetiniň terrorçylyk guramalaryndan ara açyp, bu hili toparlara garşy söweşe gatnaşmalydygyny aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian bolsa öz çykyşynda talyban hökümetiniň goňşy döwletler bilen aradaky serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmekde jogapkärçilik çekmelidigini aýtdy.

Şeýle-de, Amir-Abdollahian Owganystanda öz içine alyjy hökümetiň gurulmagyna çagyrdy, bu çagyryşy ozal Täjigistan hem edipdi.

Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin öz ýurdunyň Owganystanda öz içine alyjy hökümet gurmak baradaky çagyryşyny ýene bir gezek gaýtalady.

Ol Täjigistanyň Owganystanda “ýurduň ähli halkynyň pikirini hasaba alman, güýç ulanyp gelen” hökümeti ykrar etmek islemeýändigini aýtdy.

Şeýle-de Muhriddin demirgazyk Owganystanda, Täjigistan bilen serhet ýakasynda toplanýan “terroristlerden” alada bildirdi.

Pakistanyň daşary işler ministri Şah Masud Kureşi, ýurduň sebit söwdasyna has gowy goşulyşmagy üçin, Owganystanyň ykdysady mümkinçiliklerini döretjek halkara tagallalaryna çagyrdy.

Kureşiniň pikirini Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow hem goldady, ol öz ýurdunyň Owganystanyň sebitleýin ykdysady taslamalara goşulmagyny makul bilýändigini aýtdy.

Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow, ýurduň izolirlenmeginiň öňüni almak üçin, Owganystan bilen gatnaşyklar babatynda konfliktden soňky strategiýany işläp düzmek zerurlygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de, Eýranyň daşary işler ministri Amir-Abdollahian Owganystanyň goňşularynyň Owganystan babatynda umumy bir pikire gelmelidigini, bir pozisiýada ylalaşmalydygyny nygtady.

Türkmen DIM-niň resmi saýtynyň habaryna görä, taraplaryň ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky taslamalara işjeň gatnaşmak mümkinçilikleri hem gün tertibindäki esasy meseleleriň biri boldy.

Türkmen tarapy Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň hem-de bitewüligiň tizden-tiz berkarar bolmagy üçin degişli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, zerur şertleriň döredilmegine goňşy we bitarap döwlet hökmünde goldaw bermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady diýip, habarda aýdylýar.

Bu Owganystanyň goňşularynyň geçiren ikinji duşuşygy boldy. Birinjisi duşuşyk 8-nji sentýabrda, wideo konferensiýa arkaly geçirildi.