Habarçy: Döwlet dükanynda 'gutaran' çörekler aşakdan, haltalap satylýar

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Maryda daňdan çörek nobatyna durup, çörek alyp bilmeýän adamlar, öz sözleri bilen aýtsak, satyjylar bilen polisiýa işgärleriniň arasynda ýola goýlan 'özara peýdaly' hyzmatdaşlygyň üstüni açyp, dükandan alyp bilmedik çöreklerini mallar üçin iým satylýan ammardan satyn almagy öwrendiler. Ýylda bugdaý planyny 'dolduryp', azyk howpsuzlygyny 'üpjün edendigini' aýdýan prezident Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň gurluşyklara gönükdirilmegine rugsat berdi. Synçylar ýurtda giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýany hakyky azat bazar ykdysadyýetine geçilmezligi bilen baglanyşdyrýarlar.