24-nji oktýabrda Özbegistanda prezident saýlawlary geçirildi. Respublikanyň häzirki ýolbaşçysy Şawkat Mirziýoýew saýlawçylaryň iň halaýan kandidaty boldy. Onuň gaýtadan saýlanmagy ugrunda saýlawdan has öň çäreler gurnaldy, şol wagtyň özünde prezidentiň öňki beren wadalarynyň köpüsi ýerine ýetirilmän galdy.
Şawkat Mirziýoýew awtoritar hökümdar Yslam Kerimow ölenden soň, 2016-njy ýylda Özbegistanyň prezidenti boldy. Täze prezidente köp umyt baglandy. Onuň özi-de düýpli syýasy we ykdysady özgertmeler geçirmek barada köp wada berdi, ýöne olaryň köpüsi ýerine ýetirilmedi. 24-nji oktýabrda geçirilen saýlawlara bolsa hakyky oppozisiýa kandidatlary gatnaşdyrylmady. Olar ýa-ha hasaba alynmady, ýa-da saýlawlara gatnaşmakdan ýüz öwürmäge mejbur edildi.
Ýüzler täze, saýlaw geçişi welin köne
Kerimow çärýek asyryň dowamynda Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdunyň baştutany boldy hem-de halkara synçylaryň demokratiýa diýip ykrar etmedik saýlawlarynda, özüni dört gezek gaýtadan saýlatdy.
Mirziýoýewiň döwründe hem saýlaw prosesi üýtgemedi. Synçylar häzirki geçirilen saýlawyň Kerimow döwründäki saýlawlara köp derejede
meňzeýändigini bellediler. Muňa saýlaw kampaniýasynyň iş ýüzünde ýerli metbugat tarapyndan aýdyň beýan edilmedigini aýtmak ýeterlikdir.
Bu saýlawa dalaşgärler bäş partiýa tarapyndan hödürlendi, 2009-njy ýylda Özbegistanda geçirilen prezident saýlawynda-da şeýle bolupdy.
Aslynda Mirziýoýew oppozisiýa partiýalarynyň döredilmegine we olaryň saýlawlara gatnaşmagyna garşy däldigini birnäçe gezek aýtsa-da, prezident saýlawlaryna dalaşgär görkezmek isleýän üç partiýanyň hiç biriniň hasaba alynmagyna rugsat berilmedi.
Iş ýüzünde oppozisiýa partiýalarynyň üçüsi – Erk demokratik partiýasy, Hakykat we ösüş hem-de Halk bähbidi partiýalary resmi kampaniýa başlamazdan ozal saýlawlar baradaky işlerini bes etmäge mejbur boldular.
Şeýlelikde, Özbegistanyň saýlawçylary diňe bäş kandidata ses berdiler:
1. Adolat partiýasyndan Bahrom Abduhalimow;
2. Halk demokratik partiýasyndan Maksuda Borisowa;
3. Ekologiýa partiýasyndan Narzullo Oblomuradow;
4. Milli galkynyş partiýasyndan Alişer Kadirow;
5. Özbegistanyň Liberal demokratik partiýasyndan (ÖLDP) Mirziýoýew.
ÖLDP 2003-nji ýylyň noýabr aýynda döredildi, şondan bäri diňe bir parlament saýlawlarynda köp orun gazanmak däl, eýsem ähli prezident saýlawlarynda ýeňiji kandidaty hem hödürledi.
Kim öň utulmaşak oýny ýa-da gowy Mirziýoýew
Özbegistanda geçirilmeli saýlaw kampaniýasyna bolan gyzyklanma ýaňy-ýakyndan başlandy. Iýun aýynda Milli galkynyş partiýasynyň lideri Alişer Kadirow geý, lezbian, biseksual we transgender adamlaryň ählisiniň ýurtdan çykarylmagyna çagyryş edeninde hem-de 14-nji oktýabrda daşary ýurtlardan iberilen pul serişdelerine girdeji hökmünde garap, oňa salgyt tölemelidigini yglan eden wagtyndan güýçlendi.
Özbegistanda işsizlik şeýle bir ýokary welin, daşarda işleýän millionlarça migrant-işçi maşgalalary olardan pul gelmese, eklenç çeşmesiz galýarlar. Kadirowyň aýdan beýanaty kim öň utulmaşak oýnuna meňzedi, sebäbi beýle söz saýlawçylaryň köpüsini gorkuzar.
Ertesi gün Mirziýoýew: "maşgala edilýän kömege girdeji diýmek, oňa salgyt hem girizmek bolmaz" diýip çykyş etdi.
Bu ýagdaý saýlaw kampaniýasynyň tutuş dowamynda iň täsirli pursat boldy. Ýöne ol saýlawçylaryň arasynda uly seslenme döretmek we saýlaw güni Mirziýoýewe beriljek sesleriň sanyny artdyrmak üçin, ýörite gurnalana meňzeýär.
Oňyn özgerişler
Mirziýoýew 2003-nji ýyldan 2016-njy ýyla çenli Özbegistanyň premýer-ministr boldy, şonda ozalky düýbi tutulan berk syýasaty gyşarnyksyz goldaýjydy hem islendik oppozisiýa hereketine çydamsyzdy. Şol syýasat netijesinde Kerimow hukuk-kadalary yzygiderli bozujy we erkin metbugatyň duşmany hökmünde tanaldy.
Premýer-ministr bolup işlän 13 ýylynyň dowamynda, Mirziýoýew ýüreginde reformaçylyk alamaty barada bir gezek hem hiç hili alamat bildirmedi, diňe buýruklary ýerine ýetirdi. Ýöne prezidentlik wezipesiniň başynda, öz halkynyň hem halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken käbir hereketleri etdi. Olaryň arasynda onlarça syýasy tussagyň türmelerden boşadylmagy boldy, olardan käbiri iki onýyllykda Özbegistanyň türmelerinde saklan adamlardy.
Mirziýoýew Özbegistanyň goňşulary bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmagy ileri tutdy, Kerimowyň hökümeti döwründe goňşular bilen gatnaşyklar dartgynlydy.
Şeýle hem Kerimowyň döwründe uzak wagtlap izolirlenen Özbegistanyň ýene-de işewürlik we biznes üçin açykdygyny, maýadarlary ýurda çekmäge Ýewropa, Aziýa, Demirgazyk Amerika we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna resmi wekilleriň iberilendigini aýtdy.
Günbatar ýurtlary, hususan-da, Mirziýoýewiň mylaýym hem ýumşak sözleri bilen ruhlandylar. Sebitdäki ýerleşiş ähmiýeti ýokary Merkezi Aziýanyň möhüm ýurdy we söwda merkezi hökmünde, Özbegistana bolan gyzyklanmany artdyrdylar.
Mirziýoýew içerki bazarda hem belli derejede üstünlik gazandy. Ol pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy çykyş etdi, “meýletinçi” hökmünde işlemäge mejbur edilenleriň sany ep-esli azaldy. Şonuň bilen birlikde, Özbegistanyň “ak altynyny” ýygnaýanlaryň aýlygy ýokarlandy.
Mirziýoýew ýurduň migrant işçilerine-de goldaw berdi, Kerimowyň "ýalta dilegçiler" diýip tankyt eden işgärlerine ýeterlik iş orunlaryny bermeýändigi üçin, öz çinowniklerine çäre görjekdigini aýtdy.
Ödelmedik wadalar
Ýöne Mirziýoýewiň wada beren zatlarynyň köpüsi henizem amala aşmady ýa-da entek başlanmady. Muňa onuň geçiren saýlaw kampaniýasy mysal bolup biler.
Sentýabr aýynyň ahyrynda Samarkantda geçirilen saýlaw kampaniýasynda, mekdep okuwçylaryna mugt nahar bermegi wada edipdi.
Mirziýoýew 19-njy oktýabrda Daşkentde bolanda, her bir mähelläniň ösüşi üçin ep-esli mukdarda pul bölünip beriljekdigini aýtdy.
Mirziýoýew nirede bolsa-da, pul wada edýär, ýerli häkimiýetleriň hyýanatçylykly hereketleriniň bes edilmegi, ýaşaýyş şertleriniň gowulaşmagy we beýleki ýeňillikler barada söz berýär. Özbegistanda köpler Mirziýoýewiň wada beren üýtgeşmelerine garaşýarlar.
Prezidentlik wezipesine başlan ilkinji ýyllarynda Mirziýoýew goňşy döwletlere sapar edip, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gidroelektrik pudaklaryna ýa-da Türkmenistanyň deňizdäki nebit-gaz ýataklaryna maýa goýumlary ýaly, uly wadalary berdi. Aslynda Özbegistanyň şeýle taslamalar babatda tejribesi azdy, daşary ýurtlarda maýa goýmak üçin puly hem azdy. Entek olaryň hiç biri durmuşa geçirilmedi.
Mirziýoýew döwlet baştutany bolan mahalynda Özbegistanyň daşarky bergisi ujypsyzdy – indi ol takmynan 36 milliard dollara ýetdi.
Ol pullaryň köp bölegi gurluşyk taslamalaryna harçlandy, ýöne onuň ep-esli böleginiň Mirziýoýew tarapyndan bellenen çinownikleriň eline geçendigi barada şübheler bar. Şeýle hem täze gurluşyk üçin bölünip berlen ýerlerden adamlaryň göçürilmek meselesi sorag astynda galýar. Ýaşaýjylar öňki
ýeriniň öwezine ýeterlik we käbir halatlarda ýykylan jaýy üçin kompensasiýa almandyrlar.
Şol puluň diňe az böleginiň Özbegistanyň köne infrastrukturasyny abatlaşdyrmaga we bejeriş işlerine gidendigi belli, sebäbi geçen gyşda elektrik togunyň kesilmegi ýygy-ýygydan gaýtalanyp durdy, şu ýyl hem edil şonuň ýaly bolup biler.
Mirziýoýewiň halkyň arasynda meşhurlygy, köplenç, geljekde has gowy durmuş wadalaryna esaslanýana meňzeýär.
Täze bir zat eşidilmedi
Mirziýoýewiň berýän wadalary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki liderleriniň köpçüligiň goldawyny almak üçin beren wadalaryny ýatladýar.
Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda nebitden gelen ilkinji puly alan Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew öz ýurdunyň dünýäniň ýokary senagatly we gülläp ösýän ýurtlarynyň birine öwrüljekdigini köp gezek yglan etdi. Hatda wada berlen üstünlikleriň amala aşyryljak möhleti hökmünde 2020 – 2030-njy ýyllar hasaplandy, ýöne Nazarbaýewiň mundan 20 ýyl gowrak öň öňe süren maksatlarynyň köpüsi 2021-nji ýyla çenli-de amala aşyrylmady. Muňa garamazdan, onuň maşgalasy we dostlary dünýäniň iň baý adamlarynyň hataryna girdiler.
Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow hem öz ýurduny ikinji Kuweýte öwürjekdigini birnäçe gezek aýtdy, ol ölenden soň G. Berdimuhamedow prezident bolanda, Türkmenistany baý ýurda öwürmegi wada berdi. Ýöne häzirki wagtda Türkmenistandaky ykdysady ýagdaý öňküsinden has erbet, emma Berdimuhamedowyň garyndaşlarynyň hem ajaýyp baý durmuşy barada myş-myşlar bar.
Merkezi Aziýada bolýan ýagdaýlar ýolbaşçylar häkimiýete berk geçenlerinden soň, reforma wadalary we raýatlar üçin şertleri gowulaşdyrmak baradaky ünsüň azalýandygyny görkezýär, onuň töweregindäkiler bolsa baýamaga ýykgyn edýärler.
Mirziýoýew 24-nji oktýabrdaky prezident saýlawynda ýeňiş gazanan ýagdaýynda, bu onuň ikinji we konstitusiýa ygtyýarlykly soňky möhleti bolar.
Başda reformaçy hökmünde tanalan Mirziýoýew Merkezi Aziýanyň beýleki liderleriniň ýolundan ýörese we iki möhletli prezidentlik çägini äsgermezlik etse, özüni reformaçy atlandyrmak mümkinçiligini ýitirer.
Mundan-da has möhümi, ähli häkimiýeti öz eline almakçy bolsa, onda reforma zerurlygyna derek režimi saklamak pikirlerine baglanmaly bolar, onuň iň ýakyn töweregindäkiler bar mümkinçiligini baýlyk toplamaga gönükdirer.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.