Döwlet baýraklary döredijiligi ösdürýärmi ýa-da tesdirýär?

Kitap dükany

Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda ýene Türkmenistanyň prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etdi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň bir ýyl öňünden, döwlet baştutanynyň gol çeken karary esasynda, bir ýyl öňünden yglan edilýär we her ýyl edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşikleriň jemi jemlenip, ýeňijilere baýraklar we gymmat bahaly sylaglar paýlanýar.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat bu çäräni çeper döredijiligi ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrundaky tagalla hökmünde düşündirýär. Emma synçylar bu hili bäsleşikleriň we döwlet tarapyndan berilýän sylaglaryň hakykatda çeper döredijiligiň ösmegine, kämil eserleriň döremegine, zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna garşy ulanylýan gurala öwrülendigini öňe sürýärler.

Sowet ýyllarynyň tejribesinden belli bolşy ýaly, Türkmenistanda we beýleki sowet ýurtlarynda tas 70 ýyllap döredijilik erkinligi bolmady, döredijiler durmuş hakykatyna, şol sanda gadymdan gelýän we synagdan geçen döredijilik däplerine göz ýumup, partiýanyň islegi ýa talaby esasynda eser döretmeli boldy. Şol bir wagtda, Sowet Soýuzynyň dargamagynyň öňüsyrasynda başlanan aç-açanlyk mümkinçlikleri, neşir erkinlikleri, ozal gadagan edilen eserleriň çap edilmegi ýaly täzelikler Türkmenistanda juda gysga wagt dowam etdi.

Degişli maglumat Türkmen ýazyjylary haçan we nämä büdredi?

Şol döwürde türkmen döredijilik işgärleri we olaryň muşdaklary köp gowulyga umyt baglapdylar. Emma iş ýüzünde döwlet senzurasy has berkedi we erkinlik islän döredijilik wekilleriniň arzuwlary düýpden hasyl bolmady, senzura üstün çykdy diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýazyjylar aýdýar.

Şonuň bilen bir wagtda, soňky 30 ýylda ýurtda hakyky manysyndaky edebiýat we sungat wagzy, edebiýat we sungat eserlerine töwerekleýin baha bermek, syn çap etmek, döredijilik kämilligi barada gürrüň etmek mümkinçiliginiň hem tasdan ýok edilendigi öňe sürülýär. Azatlyk bu ýagdaýlar barada Çehiýada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ozaly Türkmenistanda yglan edilýän döredijilik bäsleşikleri hakynda gürrüň etsek, olar dogrudanam täze we düýpli eserleriň, ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna getirýärmi?

Hudaýberdi Hally: Men edebi bäsleşik diýilýänine ilki höwes etdim, soňra şol toparyň agzasynyň biri boldum. Dogrymy aýdaýyn, men şol konkursdan baýrak alan adam. Ýöne türkmen sowet edebiýatynda iki sany belli eser bar, şol konkursda aýan edilen, Kerim Gurbannepesowyň “Taýmaz baba” poemasy, beýlekisi Naryman Jumaýewiň “Ak maýanyň ýoly” powesti. Adalatyň hatyrasyna ýene-de bir bellemeli zat, Ýazmyrat Mämmediýew, bir konkursa “Ene toprak” romanyny hödürläpdir. Şol roman, ýalňyşmasam, 3-nji baýraga mynasyp boldy.

Ynha, şu meseleleri taryp etseň, ...saňa baýrak berilýär diýýärler. Bu döwlet ideologiýasynyň buýrugy. Ol saňa buýurýar, sen ony berjaý edip, pul almaly.
H.Hally

Azatlyk: Hudaýberdi aga, bu agzaýan eserleriňiz sowet döwrüne degişli. Şu günki gün barada gürrüň edeliň. Elbetde, sowet döwründe-de döredijilige ideologiýa nukdaý nazaryndan seredilýärdi we baha berilýärdi. Şu günki günde şol ýagdaýyň has agyrlaşandygy aýdylýar. Şu günki bäsleşikler barada näme aýdyp bolar?

Hudaýberdi Hally: Şol öňki döwürde näçe eser baýrak alypdyr, şolaryň ählisiniň ýitip gidişi ýaly, häzirki döwürde-de baýrak alýan adamlar, baýrak alýan eserler ýitip gidýärler. Sebäbi şu konkursyň – baýrak diýilýäniniň bir ýaramaz tarapy bar, ol edil çaga süýji berip aldan ýaly, özüni hormatlaýan adam, öz döredijiligine sarpa goýýan adam şol konkursa gatnaşmaýar.

Meselem, şol sowetler döwründe “baýrak aldy” diýilýän adamlaryň Naryman Jumaýew, Kerim Gurbannepesow ýa Ýazmyrat Mämmediýew bolsun, şolar soňky konkurslara gatnaşmadylar, soňra olar bäsleşigiň nämedigine düşündiler. Sebäbi bäsleşigiň şerti bolýar, öňünden şert goýýarlar: “Ynha, şu meseleleri taryp etseň, şu meseleleri gozgap bilseň, onda saňa baýrak berilýär” diýýärler. Bu ideologiýanyň – döwlet ideologiýasynyň zakazy, ýagny döwlet ideologiýasynyň buýrugy. Ol saňa buýurýar, sen ony berjaý edip pul almaly. Şoňa görä-de, şol konkurslardan geçip ýeňiji bolan adamy ýa-da eseri-de bilemok.

Azatlyk: Eger resmi habarlara seredilse, Türkmenistanda her ýyl baýrak, sylag alýan dörediji adamlar az däl, olara hormatly atlar hem dakylýar. Emma metbugatda bu adamlaryň döreden eserleri hakynda kän gürrüň edilmeýär. Siz onlaýn arkaly elýeterli bolan habar serişdelerinde ýa türkmen telekanallarynda haýsydyr bir täze eser hakynda çynlakaý gürrüň ýa çekişme gördüňizmi?

Hudaýberdi Hally: Men, gynansagam, şeýle bir eseri bilemok. Türkmenistan meniň ýurdum – Watanym, ikinji tarapdan möhüm zat – ene dili, meniň ene dilim türkmen dili, şony ýitirmejek bolup, şonuň hormatyny saklap, aram-aram türkmen metbugatyna seredýän, dürli çeşmelerden gowşan maglumatlara göz aýlaýan. Soňky döwürde türkmen metbugatynda, köpçülikleýin habar serişdelerinde diňe bir mesele gozgalýar, ol-da G. Berdimuhamedowyň “ýazdy” diýilýän kitaplary. Şol kitaplardan başga hiç bir eseriň ady agzalanok, hatda nähilidir bir uly eser, aýdaly, “Aýgytly ädim, “Doganlar” ýa “Ykbal” romany ýaly bir eser döredi diýlen maglumatam ýok. Häzir bar gürrüň prezidentiň daşynda, prezidentiň ‘ýazan eserleri’ hem prezidentiň aýdan sözleri, onuň geljekde ‘şu işleri amala aşyrmaly’ diýip, öňe sürýän planlary barada. Türkmen metbugatynda şondan başga zat ýok.

Degişli maglumat Prezidentiň täze aýdymy 'edebi ogurlyk' bolup bilermi?

Azatlyk: Onda bu çägiň, çygryň gaty daralandygyny görkezýär-dä, şeýle diýmekçi bolýarsyňyzmy?

Hudaýberdi Hally: Elbetde, bu çygryň gaty daralandygyny görkezýär. Ikinji tarapdan, muny sowet döwri bilenem deňäp bolar, sowet döwründe nähilem bolsa beýleki doganlyk respublikalary; Pribaltika, Kawkaz döwletleri bardy, häzirki döwürde o zatlaram ýok, örän çäkli, kiçijik, diňe Türkmenistanyň öz içindäki maglumatlar, hatda beýleki gelýän kanallar, metbugat ýa-da telewideniýe – şolaryňam öňüne gadaganlyk böwedi basyldy. Meselem, Russiýada çykýan gazetleri haýsy birinden näçe sanysyny satyn alyp bolmalydygyny diňe Türkmenistanyň hökümeti kesgitleýär. Meselem, “Literaturnaýa gazata” (“Edebiýat gazeti”) şondan näçe sanysyny Türkmenistan almaly, ondam artyk alnanok. Şonuň bilen birlikde telekanallaryňam köpüsi ýapyldy, hatda Azatlyk Radiosy gije-gündiz türkmen dilinde gürläp duran, şu radiony diňlemäge-de mümkinçilik örän-örän çäklendirildi.

Azatlyk: Soňky ýyllarda esasan sowet döwründe döreden adamlaryň döredijiligi hakynda az hem bolsa makalalar, telegepleşikler taýýarlanýar. Emma olarda köplenç kompliment, öwgi ýa-da ýatlama görnüşinde, juda ýüzleý gürrüň edilýär, eseriň döredilen wagty, syýasy-ykdysady şertler, awtordan talap edilen zatlar hakynda, täze nesillere düşnükli bolar ýaly, töwerekleýin gürrüň edilmeýär. Hatda uzak möhletli türmä basylan dörediji adam hakynda hem anyk maglumatlar berilmeýär. Bu näme üçin beýle? Ýa kommunistik partiýadan şindi hem gorkulýarmy?

Hudaýberdi Hally: Häzirki döwürde Kommunistik partiýadan gorkulanok, ýöne Kommunistik partiýanyň ideýasy dowam edýär. Häzirki döwürde göze görünmän duran bir tendensiýa bar, ol hiç bir meselä çuňňur aralaşmaly däl, diňe ýüzleý gürrüň etmeli, diňe ýüzleý aýdyp geçmeli. Bir ýazyjy barada aýdylanda, meselem, Sapargeldi Annasähedow, onuň “Şireje” diýip, gowy hekaýasy bardy, şol döwrüň korrupsiýasyny açyp görkezýän ilkinji eserdi ýa-da ýene şol awtoryň “Göroglynyň yzlary” diýip, Magtymguly barada ilkinji gowy powesti çykdy, şol eserleriň gymmady barada aýdyldy. Häzir şonuň gymmadynyň näme üçin zerur bolandygy barada aýdylmaýar. Eger-de Sapargeldi Annasähedow barada gepleşik etmeli bolsa, onda: “Sapargeldi aga örän gowy adamdy, ýagşy adamdy, gije-gündiz işleýärdi, edebiýata hormat goýýardy...” şolar ýaly umumy sözler bilen dowam etdirmeli. Şol tendensiýa bar, ýagny meselä çuňňur aralaşmaly däl, şol meseläniň näme üçin gozgalandygyny, näme üçin şony öňe sürendigini aýtmaly däl.

Degişli maglumat Köne sözli, täze ruhly şahyr

Ynha, Bapba Gökleň, biziň döwürdeşimiz hem şahyr, gaty ir dünýäden gaýtdy. Şonuň korrupsiýa barada, wezipede oturan adamlaryň ogurlyklary baradaky goşgulary bar. Bapba Gökleň şol adamlaryň arasynda işledi. Ol Türkmenistanyň Oba-hojalyk institutyny gutardy, weterinar. Weterinar hökmünde-de önümçilige girdi, önümçiligiň içinde işläp gördi, şondan soň döredijilige geldi. Ol: “Ogurlamaýan adam wezipä geçmez, wezipä geçenden soň, onuň işi ogurlyk bolmaz” diýip ýazdy. Şeýle bir açyk hakykaty ýazdy, ine, şony näme üçin ýazandygy, näme üçin şol pikire gelendigi barada gürrüň etmeli däl, eger Bapbany ýatlasaň, diňe “ol gowy adamdy, gaty ýagşy adamdy, hemmeleri sylaýardy, ýaşululara has beter sarpa goýýardy” diýen ýaly umumy sözler bilen aýtmaly. Şol kommunistik tendensiýa dowam edýär, kommunistden gorkmak däl, ýöne şol tendensiýany dowam etdirmek meýli häzirem hereketde.

Azatlyk: Onda kommunsitlerden gorkmak hakykaty aýtmakdan gorkmaga öwrülipdir-dä, şeýlemi?

Hudaýberdi Hally: Takyk aýdanyňda şeýle, hakykaty aýtmakdan gorkmaly hem asla şol hakykatyň golaýyna gelmeli däl.

Azatlyk: Siziň belleýşiňiz ýaly, Türkmenistanda häzir ikinji prezidentiň kitaplary köp çap edilýär, olar hakynda köp gürrüň edilýär. Şeýle-de diňe häzirki syýasata ygrarly diýip bilinýän adamlaryň döredijiligine ýol açylýar diýip, synçylar aýdýar. Eýsem, şeýle artykmaçlykdan peýdalanýan döredijileriň eserleri häzirki okyjylara, jemgyýete näme berip biler?

Hudaýberdi Hally: Meniň pikirimçe, jemgyýete berýän zady ýok, diňe jemgyýetiň ösmegine päsgelçilik döredýär. Eger 1-nji prezidenti ýatlasak, onuň “ýazdy” diýilýän “Ruhnama” eseri mukaddes hasap edildi, ýagny Kurhany Kerimden soňky 2-nji kitap hasap edildi, hatda duz-çörekdenem öňe geçirip, oňa şeýle mukaddes diýdiler. Häzir “Ruhnamany” kim okaýar, kim öwrenýär ýa-da häzirki prezidentiň iň taryplanýan eserleriniň bir “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”. Şol kitapdan iki sany dermanlyk ösümlik baradaky pikir gije-gündiz öňe sürülýär, onuň biri buýan kökünden alynýan şire, beýlekisi üzärlik. Ine, ýüzärligi alyp göreliň, kowid epidemiýasy bütin dünýä ýaýranda, üzärligi tütetmek bilen onuň öňüni aljak boldular, ol başartmady.

Degişli maglumat Berdimuhamedow ýüzärlige eýgertmedik derde garşy buýan köküni teklip edýär

Şondan soňra resmi Türkmenistan Russiýada öndürilýän “Sputnik V” sanjymyny resmileşdirdi hem şony Türkmenistanda ulanmagy öňe sürdi. G. Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” diýilýän kitabynyň şu günki Türkmenistanyň [düşen] ýagdaýyna hiç hili peýdasy degmedi. Şonuň üçinem ol eser, elbetde, halka peýda berip bilmez. Halk ol eseri däl, dermanhanalara baryp, öz isleýän dermanyny aljak bolýar. Ol dermanlaram olar tapanoklar ýa-da olar gaty gymmat. Şonuň üçin [koronawirusdan] şeýle heläkçiligi çekýän adam näme üçin oturyp, G. Berdimuhamedowyň kitabyny okasyn? Şol eserleriň jemgyýete göz-görtele berip duran peýdasy ýok.

Azatlyk: Türkmenistanda uly-uly kitaphanalaryň gurlandygy, onlaýn neşirleriniň döredilendigi habar berildi. Emma synçylar ýaşlaryň köpüsiniň ýeňles aýdym-sazlara, şowhuna köp gyzyklanyp, wagtlaryny köplenç boş geçirmäge ýykgyn edýändiklerini aýdýarlar. Anonimlik şertinde gürleşen edebiýat mugallymynyň pikiriçe, bu ýaşlaryň köpüsiniň daşary ýurt dillerini bilmezligi, hatda türk dilinde hem düýpli eserleri ýa makalalary okamaga taýýar bolmazlygy bilen bagly. Bu ýagdaý ýa dereje ozaly ýaşlaryň öz durmuşyna, soňra ýurduň gelejegine nähili täsir eder?

Hudaýberdi Hally: Bu ýaşlaryň geljegine agyr täsir ýetirer. Owaly bilen kitaphanalar barada aýdylanda, elbetde, kitaphanalaryň döredilmegi gowy, ol ýer şol kitaplaryň saklanmagy üçin iňňän peýdaly, ýöne o taýda hiç hili çäre geçirilenok. Günbatardaky tejribelere seredilse, şol kitaphanalar wagtal-wagtal ýazyjylar, alymlar bilen duşuşyklary guraýarlar, täze çykan eserleri sergi edýärler, “şeýle eserleriň sergisi bar” diýip, ýörite çakylyk iberýärler. Şol ugurdan ýaşlary kitap okamaga höweslendirmäge çalyşýarlar. Türkmenistanda şeýle çäreler ýok.

Beýleki bir tarapdan, daşary ýurt dilini bilmezlik örän agyr bökdençlik. Sowetler döwründe iň bolmanda rus dili okalýardy, rus dilinde gürlemek mümkindi. Rus dilindäki neşirleri almagam mümkindi. Häzir biz diňe türkmen diline baglanyp galdyk, türkmen dilindäki çeşmelerem gaty az. Şonuň üçinem ýaşlar daşary ýurtdaky medeniýetiň, edebiýatyň nä derejelere baryp ýetendiginden habarsyz galýarlar. Olar şundan habarly bolsadylar, onda belli bir derejede biziň ýaşlarymyza-da täsir ederdi. Sebäbi türkmende “Gawun gawundan reňk alar” diýen örän gowy nakyl bar.

Häzirki dünýäde öňde baryjy adamlar bar. Biziň döwrümizde artist diýilýän adama, kino aktýora ähmiýet berilmezdi, häzir dünýä derejesinde, dünýäniň saklanyp galmagy, dünýäniň ekologiki bitewiligi ýa-da häzirki barýan ekologiki heläkçilik barada gaty güýçli çykyş edýän adamlar – aktýorlar, artistler bar. Olar öz gazanan puluny, öz hakyny şol göreşe sarp edýärler, şol göreş üçin berýärler. Dürli kesellere garşy göreşýän ýazyjylar bar, olar öz pullaryny, galam haklaryny şol kesele – bejerip bolmaýan ýa-da yzygiderli garaşyk talap edýän näsaglaryň saglygy, bir gün artyk ýaşamagy üçin harç edýärler. Ine, şolar ýaly ideýalardan, şolar ýaly gowy ynsanperwer ýörelgelerden türkmen ýaşlary habarsyz galýar. Bu, elbetde, jemgyýetiň peýdasyna däl.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.