Türkmenistanda şu ýyl ýene 15 mln düýp bag nahaly ekiler

Türkmen resmileri. Türkmen TW-sinden alnan arhiw suraty

Türkmenistan şu ýyl ekilmegi meýilleşdirilen 30 million nahalyň galan 15 million düýbüni ekmäge taýýarlanýar.

Wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewiň hökümet mejlisinde berenhasabatynda aýdylmagyna görä, şu ýyl planlaşdyrylan saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 15 milliondan gowragy ýazky bag ekmek möwsüminde ekildi.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň prezidenti 12-nji fewralda şu ýyl ýurt garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp bag nahalyny ekmek baradaky karara gol çekdi.

Ekiljek nahallar, öňki ýyllardaky ýaly, bu ýylam ýurt boýunça deň bölünmän, Aşgabat töweregine uly artykmaçlyk berildi. Has anygy, 2021-nji ýylda Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahal, galan sebitleriň häkimliklerine bolsa 20 million düýp nahal ekmek tabşyryldy.

Resmiler köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň "asylly däbe öwrülendigini", milli tokaý maksatnamasynyň "üstünlikli amala aşyrylýandygyny" öňe sürýärler, emma bu işe harçlanýan serişdeler, düýp tutmadyk baglar... barada maglumat bermeýärler.

Ekilen nahallaryň idegi, damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmek barada berilýän tabşyryklara garamazdan, gurak gelen ýylda täze ekilen 15 million gowrak nahala nähili ideg edilendigi belli däl.

Türkmenistan gurak klimatly ýurt bolansoň, tomsuň uzaga çekýän yssysynda, üstesine şorladylan ýerlerde gowy ideg edilmeýän bag nahallarynyň düýp tutmasy kyn bolýar we ýerli synçylar soňky onýyllyklarda ekilen baglaryň uly böleginiň gurandygyny, bag ekmekde sana däl-de, hile üns bermelidigini aýdýarlar.

Galyberse, her ýyl tut ýapraklarynyň ýetmezçiliginden uly kösençlik çekýän ýaşaýjylaryň käbiri hökümetiň arça nahallaryny azrak ekdirip, tut nahallaryny köp ekdirmegini isleýär.

Ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, çölleşmä garşy göreş tagallalary bilen düşündirilen çäre, tankytçylaryň pikirine görä, korrupsiýa guralyna öwrülip, býujet edaralarynyň işgärleriniň maşgala býujetine, studentlere hem agram salýar.