Iki türkmen aktiwisti Türkiýede tussag astyna alyndy

Illýustrasiýa suraty. Türkmen aktiwistleri Türkmenistanyň hökümetine garşy protest aksiýasyny geçirýär. Nýu-Ýork, ABŞ. 30-njy sentýabr, 2021 ý.

Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň arasynda Türkmenistanyň hökümetine garşy emele gelen garşylyk hereketiniň iki aktiwisti duşenbe güni Türkiýede tussag astyna alyndy. Bu barada ynsan hukuklaryny goraýjy “Türkmen Helsinki fondy” beýanat ýaýratdy.

Maglumata görä, 47 ýaşly Ahmet Rahmanow we 35 ýaşly Kamil Abulow türk häkimiýetleri tarapyndan saklanyp, Türkiýäniň deportasiýa merkezlerine iberildi.

Rahmanow “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” (DWT) oppozisiýa toparynyň sosial media hasaplarynda administrator ekeni. Ol mundan ozal sosial ulgamlarda türkmen hökümetini aç-açan tankyt etdi. Ahmet Rahmanow fewral aýynda daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň, şol sanda Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň pasport problemalary boýunça Azatlyk Radiosyna wideo interwýu beripdi.

Degişli maglumat Çeşme: Aşgabat Türki geňeşe agza bolmak üçin, protest hereketleriniň basylyp ýatyrylmagyny talap edýär 

Abulow 1-nji awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde türkmen aktiwistleri tarapyndan synanyşyk edilen protest aksiýasynda türk polisiýasy tarapyndan wagtlaýyn tussag edildi we biraz salym soň boşadyldy.

Maglumata görä, Rahmanow 18-nji oktýabrda günortana golaý, sagat 11 töwereklerinde Türkiýedäki ýaşaýyş rugsadynyň möhletini uzaltmak üçin Türkiýäniň Migrasiýa gullugynyň Antalýadaky şahamçasyna barypdyr. Şondan soň Rahmanow bilen aragatnaşyk kesilipdir.

“Bu gün onuň deportasiýa merkezine ugradylandygy mälim boldy” diýip, sişenbe güni ýaýradylan beýanatda aýdylýar.

“DWT” toparynyň lideri Myrat Gurbanow 20-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Ahmet Rahmanowyň “Türkmenistanyň demokratiki saýlawy” oppozisiýa toparynyň agzasydygyny tassyklady. (Topar ýolbaşçylary media çykyşlarynda öz toparlarynyň adyny “Demokratiýa. Watan. Türkmenistan” halk hereketi diýip hem atlandyrýarlar – red. ) Oppozisiýa toparynyň lideri türkmen aktiwistleriniň türk häkimiýetleri tarapyndan “esassyz” saklanýandyklaryny, bu basyşlaryň türkmen hökümetiniň başlangyçlary bilen amala aşyrylýandygyny gürrüň berdi:

“Ahmet Rahmanow “DWT” aktiwisti. Ol biziň administratorlar [toparymyzyň] agzasy – “aktiwist çatyň” administratory. Ony tutdular. Ol “Göç edarasyna”, ýagny Migrasiýa edarasyna baryp, dokumentlerini düzetjek bolanda, polisiýa çagyryp, ony tutdurýarlar. Diýmek şol [deport edilmeli adamlaryň] sanawlary “Göç edarada-da” bar, polisiýada-da bar. Biziň aktiwistlerimiz, hökman “DWT” aktiwistleri däl, beýleki aktiwistler hem şol edaralara baran ýagdaýynda, şolary Türkmenistanyň hökümetiniň haýyşy boýunça tussag edýärler” diýip, Gurbanow aýtdy.

18-nji oktýabrda gijöýlän sagat 5 töwereklerinde polisiýa Kamil Abulowy Stambulyň Çekmeköý etrabynda ýerleşýän kwartirasyndan alyp gidipdir. Polisiýa işgärleriniň tussagyň aýalyna aýtmaklaryna görä, Türkmenistanyň konsulhanasy türk häkimiýetlerinden 28 adamyň tussag edilmegini sorapdyr.

“Şu gün irden Abulow hem deportasiýa merkezine iberildi” diýip, 19-njy oktýabrda ynsan hukularyny goraýjy "Türkmen Helsinki fondy" aýtdy.

“DWT” oppozisiýa toparynyň lideri Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aktiwistleriň Türkiýede häkimiýetler tarapyndan tutulyp saklanmagyny “logika gabat gelmeýär” diýip häsiýetlendirdi.

“Kamil Abdulowyň dokumenti, hemme zady düzüw Türkiýede. Gelip öýünden alyp gidýärler. Hiç zat hem aýdanoklar, “näme üçin?”, “haýsy sebäpden?”, “ýa kanun bozuldymy?”. Hiç zat aýdanoklar, deportasiýa lagerine goýýarlar. Elbetde, Türkiýe hökümetiniň oňa haky bar, islendik adamy deportasiýa etmäge haky bar. Ýöne haçan-da bir adam kanun bozmadyk bolsa, hiç zat etmedik bolsa, onda bu zatlar logiki taýdan kellä sygjak zatlar däl” diýip, oppozisiýa hereketiniň lideri aýtdy.

Bu aralykda, ynsan hukuklaryny goraýjy toparyň beýanatyna görä, Türkmenistanyň öz içinde hem daşary ýurtlarda nägilelik hereketine goşulan türkmenistanlylaryň ýurt içindäki hossarlaryna garşy basyş güýçlenýär.

16-njy oktýabrda Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) işgärleri türkmen aktiwistleriniň Türkiýede geçiren protest aksiýalarynyň gatnaşyjysy, blogçy Azat Haýytbaýewiň 51 ýaşly ejesi Täzegül Öwezowany sorag edipdirler.

Has ozal, 22-nji sentýabrda MHM işgärleri aktiwistiň ejesine basyş edip, ondan öz oglunyň oppozisiýa işini bes etmegini talap edipdirler.

Degişli maglumat "Bäş adam bolup topuldylar". Türkmen aktiwistleri Stambuldaky hüjüm barada gürrüň berdiler

Türkmen Helsinki fondynyň maglumatlaryna görä, 28 adamdan ybarat sanawda Haýytbaýewiň hem ady bar.

Beýanata görä, Türkiýede ýaşaýan ýene bir aktiwist, Merdan Joraýew hem birnäçe gün mundan ozal özüniň Lebapda ýazgyda duran salgysyna polisiýa işgärleriniň barandygyny we onuň häzirki wagtda nirede ýaşaýandygy bilen gyzyklanandyklaryny habar beripdir.

Soňky wagtlarda Türkiýedäki türkmen aktiwistlerine edilýän hüjümler ýygjamlaşdy.

Mundan ozal, belli aktiwist Dürsoltan Taganowa hem 27-nji sentýabrda türk häkimiýetleri tarapyndan Stambuldaky deportasiýa merkezine iberildi we soňra 29-njy sentýabrda gaýtadan boşadyldy.

Munuň yz ýany, Taganowa Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda türk häkimiýetleri tarapyndan, näbelli sebäplere görä, Türkmenistana deport edilmeli 25 adamlyk sanaw barada gürrüň beripdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ýurtda ynsan hukuklaryny çynlakaý bozmakda, özge pikirli adamlara basyş etmekde yzygiderli tankyt edýär.

11-nji oktýabrda türkmen aktiwistleri Nurmuhammet Annaýew, Aziz Mammedow hem-de ýene bir adam "Oguzlaryň bilim we medeniýet boýunça hyzmatdaşlyk jemgyýeti” guramasynyň Stambuldaky edarasynyň öňünde näbelli adamlar tarapyndan ýenjildi.

Annaýew 12-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda näbelli bäş adamyň özlerine topulandygyny gürrüň berdi.

Synçylar bu hüjümleriň Aşgabatdan sargyt edilýändigini aýdýarlar. "DWT" lideri Myrat Gurbanow hem şol pikirde:

“Basyşlar türkmen hökümeti tarapyndan edilýär. Sebäbi soňky wagtlarda “DWT” topary, ýagny “Demokratiýa. Watan. Türkmenistan” halk hereketi we beýleki oppozisionerler gaty hüjüme geçdi. Biz ÝHHG-da çykyş etdik. Biz Türkiýede protestleri gurnap başladyk we bu zatlar türkmen hökümetini gorkuzyp başlady. Şonuň üçin, biziň Türkiýedäki aktiwistlerimiziň ýagdaýlary kyn bolansoň we Türkiýe hökümeti hiç zat etmänsoň, türkmen hökümeti Türkiýe hökümeti bilen işläp, olary tussag edýär. Ol bir türkmen hökümeti tarapyndan ýöriteleşdirilen aksiýa. 25 adamyň spisogy bar. Olar şol spisok boýunça bir-birden hemmeleri tutjak bolýarlar, tutjak diýýärler, saklajak bolýarlar” diýip, "DWT" lideri Myrat Gurbanow 20-nji oktýabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosyna Aşgabat wagty bilen öýlän sagat 4-lerde gowşan soňky maglumatlara görä, 20-nji oktýabrda türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowanyň Stambuldaky Migrasiýa edarasyna täzeden çagyrylandygy mälim boldy.

Degişli maglumat Stambul: türkmen aktiwistleri ýene ýenjildi, synçy hüjümiň Aşgabatdan sargyt edilendigini çaklaýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.