Bäşinji gün, Owganystanyň günortasyndaky Kandaharda namaz wagtynda guralan kast ediş hüjüminiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti-Horasan welaýaty” topary öz üstüne aldy.
Köp adamly şaýy metjidine guralan hüjüm iki sany janyndan geçen bombaçy tarapyndan amala aşyryldy. Jyhadçy topar olaryň aýry-aýylykda, beýleki adamlar namaz okaýan wagty özlerini partladandyklaryny aýtdy.
YD-H özüniň telegram kanallarynda çap eden beýanatynda ilkinji janyndan geçen hüjümçiniň metjidiň koridorynda, ikinjisiniň bolsa metjidiň merkezinde bomba partladandygyny aýtdy. 15-nji oktýabrda bolan hüjümde azyndan 36 adam ölüp, 70 adam ýaralandy diýip, Kandaharyň aňtaw gullugynyň başlygy Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna aýtdy.
Bu hüjüm Gunduzyň demirgazygyndaky metjitde janyndan geçen bombaçynyň şaýy ybadatçylaryna garşy amala aşyran hüjüminden bir hepde soň boldy. Köp sanly şaýy ybadatçysyny öldüren partlamanyň jogapkärçiligini YD-H öz üstüne aldy.
Owganystanyň sünni talyban hökümdarlaryna garşy çykýan ekstremist sünni topary YD-H şaýy musulmanlaryny dinden çykan hasaplaýar.
"Talyban" häkimiýetleri "Yslam döwleti" tarapyndan abanýan howp-hataryň ähmiýetini peseltmäge çalyşýar. Emma gaýtalanýan hüjümler bu toparyň Owganystana onlarça ýyllyk söweşden soň getiren parahatçylygy baradaky tassyklamalaryna kölege salýar.