Maryda sürüjileriň ulaglary jerime duralgasyndan çykarylmaýar, “para soralýar”
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Türkmenistanda geçen aý “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçen biraýlygyň, şeýle-de soňky hepdeleriň dowamynda dürli bahanalar, şol sanda ulagyň kiçi enjamlarynyň hem reňkiniň goýudygy sebäpli polisiýanyň jerime duralgasyna eltilen ulaglar eýýäm ençeme hepdeläp eýelerine gowşurylmaýar. Polisiýa munuň üçin, ortaça aýlyk derejesinden hem aşa mukdarda pul soraýar. Bu aralykda, sürüjileriň polisiýanyň “eden-etdiligi” diýip häsiýetlendirýän hereketleri boýunça ýerli edaralara, şol sanda prokuratura eden arz-şikaýatlarynyň hem jogapsyz galýandygy bellenilýär.