Ynsan hukuklaryny goraýjy guramalar "Türkmen Helsinki fondunyň" we "Memorialyň" habaryna görä, 11-nji oktýabr agşam sagat 8 töweregi, näbelli adamlar Stambulyň Sogutluçeşme köçesinde "Oguz medeniýeti, hyzmatdaşlygy we bilim" jemgyýetiniň ofisinden çykyp barýan türkmenlere hüjüm edipdir
Adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki fondunyň" habaryna görä, raýat aktiwisti Aziz Mämmedowyň ýüzüne agyr zarba urlupdyr we burny döwülipdir. "Oguz medeniýet jemgyýetiniň" başlygy Nurmuhammet Annaýewiň çep eli ýaralandy, telefony we dokumentli sumkasy elinden alyndy. Üçünji pida agyr bir zat bilen hüjüm edilip, kellesine şikes ýetdi. Onuň ady tassyklanýar.
Bu jenaýat polisiýa tarapyndan hasaba alyndy. Lukmanlar pidalara zerur kömek berdiler.
Aktiwistler hüjümçileriň biriniň 1-nji awgustda Stambulda türkmen demonstrantlaryna hüjüm eden adama meňzeýändigini aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, bu gezek hüjümçileriň "elinde kastete meňzeş demir zat bardy".
Aktiwistler bu hüjümi Nurmuhamed Annaýewiň 14-15-nji oktýabr aralygynda Warşawada ÝHHG-niň Adam hukuklary boýunça uly çäresine gatnaşyp, türkmen režimini tankytlamak üçin planlaşdyran sapary bilen baglanyşdyrýarlar.
Ynsan hukuklaryny goraýjylar, ozal türkmen häkimiýetleriniň Türkiýede we Merkezi Ýewropada protest hereketlerini we aktiwistlerini basyp ýatyrmak üçin jenaýat gurluşlaryny ulanmak synanyşyklary barada maglumat alandygyny bellediler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.