8-nji oktýabrda Awstriýanyň paýtagty Wenada Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy geçdi. Bu barada çärä gatnaşyjylaryň biri “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri 10-njy oktýabrda habar berdi.
Maglumata görä, gatnaşyjylar Türkmenistandaky ýagdaýlary, hususanda: ýurtdaky adam hukuklarynyň bozulmagyny, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň ýagdaýlaryny, epidemiologiýa ýagdaýyny (türkmen häkimiýetleriniň COVID-19-y inkär etmegini), korrupsiýany, halkara guramalary, maliýe institutlary we hökümetler bilen özara işleşmegi we beýleki meseleleri ara alyp maslahat edipdirler.
Duşuşyga gatnaşyjylar:
- Täjigül Begmedowa, Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy
- Wýaçeslaw Mämedow, Türkmenistanyň graždan demokratik bileleşigi
- Timur Misrihanow, Türkmenistanyň garaşsyz ýuristler assosasiýasy
- Ruslan Mätiýew, “Turkmen.News” neşiri
- Çemen Öre, “Turkmenia Unite” topary
- Farid Tuhbatullin, Adam hukuklary boýunça Türkmen inisatiwasy
- Ruslan Tuhbatullin, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri
- Annadurdy Hajyýew, Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondy
- Nurmuhammet Hanamow, Türkmenistanyň Respublika partiýasy
Çärä ýene başga-da aktiwistleriň gatnaşandygy bellenilýär.