Polşa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky düşünişmezlik hasam çuňlaşdy, Ýewropaly resmiler Polşanyň ýokary sudunyň milli kanunçylygy ÝB-niň kanunlaryndan ileri tutýan käbir sud işlerine garşy çykdylar.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrell Polşanyň Ýokary kazyýetiň kararynyň ÝB şertnamalarynyň käbirlerine "laýyk gelmeýändigini" 8-nji oktýabrda aýtdy.
Polşa we ÝB ýurduň dolandyryjy sagçy hukuk we adalat partiýasy tarapyndan girizilen kazyýet reformalarynyň üstünde eýýäm jedelleşipdi.
Brussel reformalaryň Polşanyň demokratiýasyna howp salýandygyny duýdurdy.
Fransiýanyň Ýewropa boýunça ministri Klement Beaune Polşanyň Ýokary kazyýetiniň kararyny "ÝB-e garşy hüjüm" diýip atlandyrdy we 27 agzaly blogdan Polşanyň "de-fakto çykmak howpunyň bardygyny" duýdurdy.
Luksemburgyň daşary işler ministri Assan Asselborn Fransiýanyň pikirini gaýtalady we duýduryş berip, Polşanyň “ot bilen oýnaýandygyny” aýtdy.
Polşanyň premýer-ministri Mateusz Morawieski "Facebook" -da ýazan hatynda "Polşanyň ýeri Ýewropa ýurtlarynyň maşgalasynda we geljekde-de bolar" -diýdi.
Ýewropa komissiýasy ÝB-niň kanunlarynyň milli kanunlardan, şol sanda konstitusiýa düzgünlerinden ileri tutulýandygyny tassyklady.