Iki hepde töweregi mundan ozal türkmen türmesinden azatlyga çykan belli aýdymçy Pälwan Halmyradow geçen döwrüň dowamynda üç gezek Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan soraga çekildi – häkimiýetler aýdymçyny iki gezek milli howpsuzlyk gullugynyň ýerli edarasyna çagyrypdyrlar, bir gezek onuň ýaşaýan ýerinde gürrüňdeşlik geçiripdirler.
23-nji sentýabrda Azatlyk Radiosy Pälwan bagşynyň türmeden boşadylandygy barada habar berdi.
Azatlyk Radiosyna soňky gowşan maglumatlara görä, sebit ilatynyň aýdymçynyň azatlyga çykmagyna köpçülikleýin şatlanmagy we bu şatlygyň sosial media arkaly mälim edilmegi Milli howpsuzlyk edaralarynda howsala döredipdir.
Degişli maglumat Türmedäki aýallar barada aýdym aýdan Pälwan bagşy azatlyga çykdyAzatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna görä, aýdymçynyň ýaşaýan ýeri bolan Mary sebitiniň ilaty onuň “türkmen türmesinden azatlyga çykmagy baradaky hoş habary” örän şatlykly garşylady; adamlar öz ýürek joşgunyny özara gürrüňdeşliklerde, galyberse-de sosial ulgamlar arkaly beýan etdi.
Habarçymyz bu wakanyň diňe bir Mary sebitinde däl, eýsem, beýleki etraplarda-da şatlykly kabul edilendigini habar berýär.
Ýöne köp sanly maryly, şol sanda murgaply ýaşaýjylaryň sözlerine görä, ilatyň şatlyk duýgularyny aç-açan beýan etmegi häkimiýetlere ýaramady.
Murgap etrabynyň bir ýaşaýjysy aýdymçynyň türmeden boşadylmagyny tutuş welaýat üçin “toý-baýram belläbermeli ýagdaý” hökmünde suratlandyrdy.
Ýene bir ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýdymçynyň köpçülik tarapyndan garşylanyşyny görkezýän wideony sosial mediada paýlaşan adamlaryň häkimiýetler tarapyndan soraga çekilendigini gürrüň berdi. Olardan wideony Internetden aýyrmaklyk hem-de şeýle wideolary mundan beýläk paýlaşmazlyk talap edilipdir.
Azatlygyň habarçysyna görä, aýdymçynyň öýüne “göz aýdyň” aýtmak üçin adamlaryň üýşüp barmagy häkimiýetlerde ynjalyksyzlyk döredýär.
Häkimiýetler Pälwandan öýe adam üýşürmezligi talap edipdirler. Olar bu talaplaryny ýurtda giň ýaýran keselçilik bilen delillendiripdirler.
Galyberse-de, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, belli bagşyny öýüne çagyrýan adamlar hem howpsuzlyk işgärleri tarapyndan soraga çekilýär.
Şol bir wagtda, habarçymyz häkimiýetleriň türkmen türmesinden azatlyga çykan sungat işgärinden döwlet syýasatyny wasp etmegi, ondan ýurduň prezidentine, şeýle-de, atlara we itlere bagyşlap aýdym ýerine ýetirmegi talap edýändiklerini habar berýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan bir howpsuzlyk işgäriniň sözlerine görä, belli aýdymçynyň mundan soňky döredijiligi häkimiýetler tarapyndan berk göz astyna alnar.
“Indi Pälwan bir aýdym düzüp, köpçülige ýetirmezden ozal, ol aýdymy we sazyny ilkibaşda milli howpsuzlyk edarasyna tabşyrmaly bolar. Soňra Aşgabatdan bu täze aýdyma rugsat berseler, ony halka ýetirmeli bolar...” diýip, howpsuzlyk işgäri atlandyrylmazlyk şerti bilen Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Degişli maglumat Meşhur türkmen aýdymçysy Pälwan Halmyradow 7 ýyl türmä höküm edildiAýdymçynyň ýakyn tanşynyň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, belli aýdymçy ýerli milli howpsuzlyk edarasyna çagyrylandan soňra, özüni erbet duýdy.
“Pälwan milli howpsuzlyk edarasyndan çykandan soňra, onuň ýüzi gaty salyk göründi. Ol aradan birnäçe sagat geçenden soň, zordan eline gitarasyny aldy” diýip, bir şaýat aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 2016-njy ýylyň noýabrynda Pälwan Halmyradowa iş kesilendigini habar berdiler. Ýöne kazyýet diňlenişiginiň detallary açylmaýar. Azatlygyň habarçylary 2017-nji ýylyň ýanwarynda onuň uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilendigini habar berdiler. Aýdymçynyň azatlykdan mahrum edilmeginiň aňyrsyndaky anyk sebäpler, kazyýetde oňa bildirilen aýyplamalar barada anyk maglumat ýok.
Ýöne köpler Pälwan Halmyradowyň häkimiýetler tarapyndan azatlykdan mahrum edilmegini onuň döredijiligi bilen baglanyşdyrýarlar.
2000-nji ýyllarda gitarada ýerine ýetiren aýdymlary bilen tanalan Pälwan Halmyradow dürli temalarda, şol sanda durmuşy temalarda, söýgi temasynda, galyberse-de, Türkmenistanda aýallaryň türmä basylmagy barada we başga-da birnäçe mowzuk boýunça aýdymlary ýerine ýetirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.