Türmede saglygy ýaramazlaşan dissident şahyr azat edildi

Aron Atabek azatlykda.

Gazagystanyň kazyýeti 14 ýyl türmede oturan we golaýda keselhana ýerleşdirilen dissident şahyry boşatmagy buýurdy. 68 ýaşly Aron Atabegiň boşadylmagy baradaky buýruk Pawlodar şäher kazyýeti tarapyndan 1-nji oktýabrda berildi.

Azatlyga çykandan soň, Atabek Almaty şäherine uçdy, howa menzilinde ony garşy almak üçin onlarça tarapdary ýygnandy. Şahyryň gyzy Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna kakasynyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazdygyny aýtdy.

2007-nji ýylda polisiýa işgäriniň ölümine sebäp bolan protestleri gurnamaga kömek etmekde aýyplanan we 18 ýyl azatlykdan mahrum edilen Atabegiň ýürek keselinden, süýji keselinden we artritden ejir çekýändigi aýdylýar.

Demirgazyk Pawlodar şäherinde adam hukuklaryny goraýan Ýelena Semýonowanyň 28-nji sentýabrda Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, ol bir gün öň AP-162/1 düzediş koloniýasyndaky türme ýolbaşçylaryndan Atabegiň birnäçe gün ozal 1-nji şäher hassahanasyna getirilendigini eşidipdir.

"Ol doly gözden geçirilýär we berilýän witaminleri alýar. Synaglaryň we barlaglaryň doly toplumyndan soň diagnoz goýlar we bejergi kesgitlener" diýip, Semýonowa Atabegiň saglyk ýagdaýy barada jikme-jik maglumatynyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

Azatlygyň Gazak gullugy Atabegiň ýagdaýy barada ne 1-nji hassahananyň lukmanlaryndan, ne-de Döwlet jeza gullugynyň işgärlerinden düşündiriş alyp bildi.

Atabegiň hassahana ýerleşdirilmegi 2500-den gowrak adamyň prezident Kasym-Žomart Tokaýewe petisiýa bilen ýüz tutmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Prezidente iberilen hatda şahyryň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy aýdylýar we onuň türmeden boşadylmagy soralýar.

Gazak häkimiýetleri garaşsyz metbugat, aktiwistler ýa-da syýasy garşydaşlar etsin, tapawudy ýok, tankyda örän çydamsyzlyk görkezýär.

Gazagystandaky adam hukuklary toparlary Atabegiň türmede yzygiderli gynalýandygyny, saglygyna zyýan bermek üçin, garawullaryň onuň kamerasynyň poluna bilkastdan köp hlor garylan suw sepýändigini aýtdylar.

Ýerli we halkara hukuk guramalary indi birnäçe ýyl bäri Gazagystanyň hökümetinden Atabegiň boşadylmagyny talap edýär.

Adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň geçen aý türmä baryp, dissident şahyr bilen düşen suratlary jemgyýetçilikde uly gahar-gazap döretdi. Ol suratda şahyryň halys bolandygy, gaty horlanandygy we haldan gaçandygy görünýär.

Şahyr polisiýa işgäriniň ölümine sebäp bolan protestleri gurnamaga kömek etmekde aýyplanyp, 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Emma Atabek özüniň bigünädigini aýdýar. Ol 2012-nji ýylda günäsini boýun almak şerti bilen teklip edilen hökümet amnistiýasyny ret etdi.

Şol wagtky prezident Nursoltan Nazarbaýewi we onuň hökümetini tankytlaýan makalasy türmeden ýaşyrynlykda çykarylyp, onlaýnda çap edileninden soň, Atabek 2012-nji ýylyň dekabrynda ýeke adamlyk kamera geçirildi we iki ýyl şol ýerde saklandy.

Atabegiň we garyndaşlarynyň sözlerinde görä, türme sakçylary 2014-nji ýylda onuň aýagyny döwdüler, ýöne häkimiýetler muny ret etdi.