“Talyban” Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Talyp söweşijisi. Kabul, 23-nji sentýabr, 2021

"Talyban" hereketi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň ähli halkyny garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlady diýip, “Türkmenportal” neşiri “Neýtralny Turkmenistan” gazetine salgylanyp habar berýär.

Bu gutlaga “Talybanyň” yglan eden Owganystan Yslam Emirliginde premýer-ministr wezipesine bellenen Molla Mohammad Hasan Ahund gol çekipdir.

Talyp hökümetiniň wekili gutlagyň dowamynda Berdimuhamedowy "eziz doganym" diýip atlandyrýar we oňa "Owgan halkyna dürli ugurlarda beren ýürekdeş goldawy we aýratyn ünsi üçin" minnetdarlyk bildirýär.

Şeýle-de hatda Owganystanyň Yslam Emirliginiň sebitiň ähli ýurtlary we tutuş dünýä bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we parahatçylykly ýaşamak ýörelgelerine esaslanýan konstruktiw, işjeň daşary syýasaty işläp düzmegi niýet edinýändigi bellenýär.

"Şol bir wagtda, Owganystanyň Yslam Emirligi doganlyk Türkmenistan bilen gurulýan dostlukly gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegini isleýär" diýip, gutlagda aýdylýar.

Şeýle-de, Owganystan Yslam Emirliginiň premýer-ministri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, möhüm ikitaraplaýyn ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.