Türkmenabatda 30-a golaý erkek bikanun jynsy gatnaşykda güman edilip, tussagda saklanýar

Garaşsyz neşir häzir Lebap sebitiniň merkezindäki polisiýa tussaghanasynda gomoseksual gatnaşyklarynda aýyplanýan 30 çemesi erkegiň saklanýandygyny habar berýär.

“Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, ol adamlaryň 20-si bir iş boýunça tussag edilipdir.

Hukuk goraýjy edaralara ýakyn çeşmäniň aýtmagyna görä, Türkmenabatda awgust aýynda saklanan tanymal dellek şindi hem goýberilmändir.

Neşir bu erkegiň şahsy maglumatlaryndan habarlygyny, ýöne olary etika düzgünleri sebäpli çap etmeýändigini belleýär.

Asly lebaply, ýöne soňky wagtlarda Aşgabatda işlän we türkmen şow-biznesiniň wekillerine saç bejermek hyzmatlaryny eden dellek häzir örän horlanypdyr, onuň kamerasynda şol iş boýunça aýyplanýan başga bir erkek hem otyr, ol özüniň masgaraçylyga çydamajakdygyny aýdyp gygyrýar we özüniň öldürilmegini talap edýär diýip, habarda bellenýär.

Çeşmäniň tassyklamagyna görä, “hemme zady özleriniň boýun almaklary we bir-birini satmaklary üçin, olary tussaghanada rehimsiz ýençýärler”.

Mundan başga, toparlaýyn jynsy gatnaşyk etmekde aýyplap, ýene 20-ä golaý adamy tussaglykda saklaýarlar. Olaryň köpüsi ýangyn söndüriji edaranyň işgärleri.

Bulardan başga, tussagda ýene birnäçe adam otyr, olary geý bolmakda güman edýärler we aýry kamerada saklaýarlar diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanda erkekleriň arasyndaky jynsy gatnaşyk kanun esasynda ýazgarylýar we Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy arkaly jezalandyrylýar.

Halkara hukuk toparlary resmi Aşgabadyň bu praktikany bes etmegine çagyrýarlar.

"Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasy jynsy gatnaşyklar üçin iki ýyla çenli we bu gaýtalansa, 5 ýyldan 10 ýyla çenli türme tussaglygyny göz öňünde tutýar. Türkmenistanyň adam hukuklary baradaky halkara borçnamalaryny bozýan we aç-açan kemsidiji kanun polisiýa geý we biseksual erkeklere azar bermäge, şol sanda olary talamaga, kemsitmäge, olaryň ýagdaýyndan hyýanatçylykly peýdalanmaga mümkinçilik berýär" diýip, adam hukuklaryny goraýan HRW guramasynyň geçen ýylyň maýynda çap edilen beýanatynda aýdylýar.