Türkmenistan barha agyrlaşýan ykdysady kynçylyklar, saglyk meseleleri arasynda, pandemiýa döwründe azaldylmaly edilen uly gurluşyklaryň sanawyna girizilmedik täze desgada, bahasy $100 milliondan geçen Döwlet tribunasynda bir aý öňe süýşürilen Garaşsyzlyk gününi baýram edýär. Bu baýram ýüzlerçe müň türkmen raýatynyň gazanç üçin giden ýurtlarynda galyp, kesilen uçar gatnawlary zerarly, ýyllap maşgalasyndan aýra galan wagtynda bellenýär. Emma şeýle pursatda il-gün meselelerini gozgap, açyk çykyş edip başlan aktiwistlerden, şol sanda zähmet migrantlaryndan tapawutlylykda, Türkmenistanyň tanymal döredijilik wekilleri, şol sanda ýazyjylar we alymlar köplügi indi otuz ýaly bäri ýurtdaky problemalar, döwletiň gelejegi baradaky meselelerde dymýarlar. Azatlyk radiosy bu dymyşlygyň sebäbine ýa sebäpleriniň birine göz aýlamak maksady bilen, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally bilen ýazyjylar we söz, pikir azatlygy barada söhbetdeşlik gurady.
Azatlyk radiosy: Hudaýberdi aga, köne gazetleri dörüp otyrkam, "Edebiýat we sungat" gazetiniň 1991-nji ýylyň 1-nji martynda çykan sany öňümden çykdy. Ol gazetiň baş sahypasynda, çep çüňkünde ýerleşdirilen habar "Türkmenistan Ýazyjylarynyň X gurultaýy" diýlip atlandyrylypdyr. Ol habarda Ýazyjylar soýuzynyň başlyklygyna Berdinazar Hudaýnazarowyň saýlanandygy aýdylýar. Bilşimiz ýaly, şol gurultaýdan soň Türkmenistanda ýazyjylaryň söz, pikir azatlygy kem-kemden çäklendirildi, edebi jedeller ýatyp galdy. Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň bellenýän wagtynda türkmen ýazyjylary we söz azatlygy hakynda pikirleriňizi paýlaşsaňyz, şol gurultaýda prezident Saparmyrat Nyýazowy, onuň gaýtadan güýçlendiren senzurasyny goldanlar utdymy ýa utuldy?
Hudaýberdi Hally: Şol gurultaýdan soň, wezipe alan adamlaryň käbiri utdy, ol utanlar wezipe aldylar hem kwartira aldylar goşmaça. Umumylykda, ähli ýazyjylar utuldylar. Şol gurultaýda iki bölek şert boldy, gurultaýyň açylyş bölegi hem gurultaýdan belli bir toparyň ýüz öwrüp çykyp gitmegi. Şol çykyp gidenlerden, meselem, bir adam yzyna dolanyp, yzyna gaýdyp geldi, ol soňra Nyýazowdan gowy wezipe aldy, ýöne umumylykda soňky edilen gürrüňler, gurultaýda edilen gürrüňler edebiýatyň bähbidine bolmady.
Meselem, şol baş dokladyň yz ýanyndan çykyş eden ýazyjylaryň biri ýazyjylara edil uruş maýyplaryna berlişi ýaly, aýratyn paýok bermekligi Nyýazowdan sorady, ýagny aýdaly bir hepdede 1-2 kilo et, şeker, mesge ýag – şular ýaly zatlary goşmaça bermegi sorady, şular ýaly dilegçilik bilen gitdi. Ýöne Nyýazow ahyrynda ýazyjylara diňe daça ýerini berjekdigini wada berdi hem-de Nowruz gününi baýram etjekdigini wada etdi. Şol iki wadadan başga zat bermedi. Başga bir alnan zat ýok, ýöne umumylykda ýazyjylar utuldylar.
Degişli maglumat Syýasy repressiýanyň edebiýatdaky yzlary we uzak ýaşan ýalan 'medeniýeti' nädip saklanýar?Ýazyjylar şol gurultaýda söz azatlygy, pikir azatlygy barada hiç bir agyz söz aýtmadylar. Şeýle hem metbugatyň erkinligini talap etmediler. Hiç bir ýazyjy erkin metbugat bolmaly diýip çykyş etmedi. Bu ýöne öňden gelýän ýagdaýdy, bu öňden şeýledi. Meselem, türkmen diline döwlet dili statusy berilmeli diýlip çykyş edilende, Ýazyjylar birleşigi şol çykyşdan çetde durdy, Ýazyjylar birleşiginde şol meselä hiç hili goşulyşmadylar, Ýazyjylar birleşigi şol meseläni öňe çykarmady. Bu öňden gelýän düzgündi. Şondan soň kem-kemden wagtyň geçmegi bilen ýazyjylaryň mümkinçiligi azalyp başlady, soňlugy bilen Ýazyjylar birleşigi umuman ýatyryldy. Onuň jaýy elinden alyndy, onuň gazananlary elinden alyndy. Şeýdip, köp zatlary ýitdi.
Indi şu ýerde bir bellemeli zat bar, öz döwründe ýazyjylar üçin ägirt uly iş eden adamlaryň biri Berdi Kerbabaýew bolup durýar. Faktlary aýdanymyzda, meselem, ýazyjylaryň Pöwrizedäki dynç alyş jaýy öň NKWD-niň dynç alyş jaýy eken. Şol jaýy NKWD-niň elinden ýazyjylara alyp bermegi Berdi Kerbabaýew başardy. Berdi Kerbabaýew ýazyjylar üçin iki gezek ýaşaýyş jaý toplumyny gurdurdy, biri Gogol köçesindedi, beýlekisi hem Kemine köçesinde. Şeýle hem Ýazyjylar birleşiginiň edarasy Berdi Kerbabaýew tarapyndan gazanylan jaýdy. Şol jaýda öňden ýaşap oturan adamlar baryp 60-njy ýyla çenli şol jaýdan çykarylmandyr, ýagny şol diňe Berdi kerbabaýewiň talapy bilen çykaryldy, ýagny öňki Azady köçesindäki 5-nji jaý ýazyjylaryň iň ilkinji hem iň soňky edarasy bolup durýar. Ondan öň Ýazyjylar soýuzynyň şeýle bir aýratyn jaýy ýok eken.(yzyny kesmeli) Şolaryň ählisi ýazyjylaryň elinden gitdi.
AR: Uzagyndan seredilende, şol ýagdaý bilen baglylykda türkmen döwletliligi, türkmen halky utdymy ýa utuldy?
H. Hally: Türkmen halky utuldy. Türkmen halky erkin sözden, erkin pikirden mahrum boldy.
AR: Azatlygyň arhiwinde ýazyjylar bilen dürli ýyllarda geçirilen söhbetlerden bölekler, şahyrlaryň öz okan goşgulary bar. Gürrüňi dowam etdirmezden öň şolardan birini, ýazyjy Atageldi Garaýewiň "Jygyllykdan 40 goşgy" diýen goşgular toplumyndan käbir setirlerini diňläliň:
Agzyma keçe dykmaň, dykmaň gara keçäni,
Buýuryň, isleseňiz, süpüreýin köçäni,
Agzyma keçe dykmaň, ýöne dykmaň keçäni!
Men bir saýrak guş bolup, saýraýyn az baharda,
Bolup naşy garlawaç, jürküldäýin şäherde,
Hüwdülesin owazym sizi şamu-säherde,
Agzyma keçe dykmaň, dykmaň gara keçäni,
Buýuryň, isleseňiz, süpüreýin köçäni,
Agzyma keçe dykmaň, ýöne dykmaň keçäni!
Diýjegimi diýeýin, kalbymda ýok erbetlik,
Söýjegimi söýeýin, gowy pikir-niýetlik,
Jigerden syzan sözüm damarlara şerbetlik,
Agzyma keçe dykmaň, dykmaň gara keçäni,
Buýuryň, isleseňiz, süpüreýin köçäni,
Agzyma keçe dykmaň, ýöne dykmaň keçäni!..
AR: Görşümiz ýaly, şahyr döwlet senzurasyndan gaty nägile, ol köçe süpür diýiň, süpüreýin, emma agzyma keçe dykmaň diýýär. Bu goşgy setirleri maňa garaşsyzlyga sowet döwründe senzuradan ýanyp gelen ýazyjy-şahyrlar bilen soňky 40 ýylda edebiýata gelen adamlaryň arasyndaky tapawudy ýatladýar. Näme üçin uly nesilde, kommunistleriň repressiýa sapaklaryny gowy özleşdiren adamlarda şunuň ýaly protest goşgularyny ýazan adamlar tapyldy-da, soň, milli azatlyk döwründe beýle talantlar tapylmady? Ýa-da biz olary bilmeýärismi? Belki, olar bardyr-da, amatly wagta garaşýandyrlar?
H. Hally: Indi bu ýerde iki ýagdaý bar, ýurtdan çykyp bilen adamlar ýa-da bolmasa türme tussaglygyndan gorkmadyk adamlar öz sözüni aýtdylar, meselem, Şiraly Nurmyrady aýdyp bolar. Şolar ýaly eserler döredi, ýöne umumy alanyňda, türkmen intelligensiýasy özbaşdaklyk barada, ýurduň garaşsyzlygy barada pikir ýörederden taýýarlyksyz eken. Ol birden geldi, garaşsyzlygyň özi birden geldi. Şonuň üçinem intelligensiýa oňa taýýar däldi, ýazyjylar taýýar däldi, öňden bir Garaşsyzlygy arzuw edip gelen ýazyjylar bize az ekeni, gaty az eken. Ol, umuman, ýazyjylaryň gowşaklygy. Eger-de biz ýene Ýazyjylar birleşigine gelsek, Ýazyjylar birleşigine kim başlyk bolsa-da, ahyr soňunda ol dargamak bilen boljak eken. Ol dargajak eken. Sebäbi şol öňki bileleşik, şol öňki pikirdäki adamlar isleseň-islemeseň dargamalydy. Olar ýok bolmalydy, täze pikirliler öňe çykmalydy. Şol täze pikirlilerem öňe çykyp bilmedi, bu, elbetde, biziň ählimiziň betbagtlygymyz bolup durýar.
Degişli maglumat Prezident Berdimuhamedow ‘gazanylan sepgitleri wasp edýän' şahyra aýratyn minnetdarlyk bildirdiAR: Türkmende ýogalan adamlaryň yzyndan diňe gowy gürrüň etmeli diýen ynanç bar. Emma ýurt, il-günüň, milletiň gelejegi bilen bagly meselelerde öz jogapkärçiligine ikilik eden tanymal şahslar baradaky faktlar aýdylmaga, olaryň taryhyň ykbal çözüji pursatlaryndaky hereketlerine baha berilmese, yzdan gelýän nesiller köp zada wagtynda düşünip bilmeýär. Şunuň bilen baglykda, Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň soňky ýolbaşçylary, hususan-da Berdinazar Hudaýnazarowyň eýelän pozisiýasy barada pikirňizi aýtsaňyz. B.Hudaýnazarowy şol wagt yzdan gelýän ýazyjy-şahyrlaryň köpüsi halypa hökmünde sylaýardy. Emma ol, ýazyjylaryň köpüsiniň pikiriçe, Ýazyjylar birleşigini hem, özüni hem gorap bilmedi. Bu ýagdaýa ýazyjylar açyk baha bermelimi ýa, şu wagta çenli edişleri ýaly, diňe özara gürrüň bilen çäklenmelimi?
H. Hally: Bu ýagdaýa örän açyk baha bermeli. Ölen adam barada aýdylanda, onuň özi fiziki taýdan ölse-de, pikiri, hereketi, öňe süren ideýalary ýaşap gelýär, ol pikirler entek ölenok. Eger-de sada mysal bilen aýtsak, meselem, bir adam bag ýetişdirse öz melleginde, şol bagdan ýetişen miwäni özi iýse, ol adamyň gürrüňi edilmeýär, haçan-da şol adam öz bagyndaky miwäni bazara çykarsa, onda bazarda duran haryt barada gürrüň ediler. Onuň harydyna ýa gowy diýler, ýa erbet diýler, ýa-da bolmasa bellikleri bolsa aýdylar. Şoňa görä-de, ýazyjylar öz pikirini jemgyýete berýäler, jemgyýete satýalar, ondan peýdalanýalar. Ol jemgyýetiň emlägine öwrülýä, ýagny jemgyýetiň eýeçiligindäki garaýşa öwrülýär. Şonuň üçin ol barada pikir etmeli, hökman pikir etmeli.
Näme üçin Berdinazar Hudaýnazarow 50 müň tiraž bilen çykýan “Edebiýat we sungat” gazetinde öz pikirini aýdýa-da, öz pikirini halkyň üstüne atýa-da, halk o baradaky öz pikirini oňa aýtmaly dälmişin? Hökman aýtmaly, sebäbi ol adamlaryň pikiri häzirki güne çenli-de erbet täsir edýär, jemgyýetiň ösüşini bekleýär.
Berdinazar Hudaýnazarow barada aýdylanda, ol adam hakykatdanam öň ussat ýazyjylaryň biri hasap edilýärdi, şahyr hökmünde-de, prozaçy hökmünde-de hakykaty aýdýanlardan biridi. Ýöne ol wezipe eýelemek bilen hem-ä öňki öz gazananlaryny ýok etdi, hem täze pikir aýtjaklaryň öňüne böwet boldy. Ine, şeýdibem hem özüni, hem öz galamdaş ýoldaşlaryny agyr heläkçilige iterdi.
AR: Türkmen edebiýatyna soňky otuz ýylda urlan ýene bir zarba, ýerli edebiýatçylaryň hem tassyklamagyna görä, edebi tankydyň žanr hökmünde tasdan ýok edilmegi bilen bagly. Bilşimiz ýaly, öň tanalýan, makalalary jedel, çekişme döredýän tankytçylar bardy, olaryň makalalary ýygnalyp, kitap görnüşinde çap edilerdi, ýokary jaýlarynda öwrenilerdi. Dogry, ozal hem tankydy makala ýazýanlary halamaýan az däldi, emma ol makalalar, tankyt ýa öwgi, tapawudy ýok, edebiýatyň özboluşly reklamasydy. Edebi tankyt indi türkmen edebiýaty üçin ýitirilen žanrmy ýa onuň yzyna gelmegi mümkinmi?
H. Hally: Häzirki ýagdaýda, ol ýitirilen žanr, ol wagt geçdigiçe ýitip barýa, jemgyýetden daşlaşýar, (ýöne) elbetde, munuň özi erbet zat. Meselem, ýene Sowet döwrüni ýatlamaly bolsa, bir dereksiz ýazyjy barada oňat tankydy makala çykdy, şol makaladan soň şol adam ýazmagyny goýdy, ýagny tankyt edebiýaty bir hapalykdan halas etdi. Edil şolar ýaly tankyt şu günki günde-de gerek, ýöne ol tankydy ýok etdiler. Ol tankyt häzirki döwürde ýok, haçan-da garaşsyz metbugat ýüze çyksa, şonda şol edebi tankydyň, tankydy pikirleriň ýaňadan jemgyýete gelmegi mümkin. Ýöne bir geň ýagdaý bar, şol ädim ädilenok.
Häzir biz jemgyýetde bolup geçýän ýagdaýa seretsek, meselem, erkin saýlawlar barada demonstrasiýalar bolýa ýa-da uçarlaryň gatnamaýandygyna protestler bar, aeroportlarda geçýär, ýa-da aýlyk haklarynyň berilmeýändigini adamlar arz edýäler, ýöne pikir azatlygy barada arz edýän adam ýok. Iň gynançly tarapy-da, žurnalistler, ýazýan adamlar şol talapy öňe sürüp bilenoklar. Häzirki ýagdaýda, şol möhüm meseläni, ýagny edebi tankydy öňe çykaryp talap edip biljek adam ýok. Şonuň üçinem tankydyň ýagdaýy gaty ýaramaz, gaty pes ýagdaýda diýip düşünýän. Ýöne şol tankyt bolmasa, gowy edebiýat bolmaz.
Degişli maglumat Syýasy repressiýalaryň öňki we häzirki 'rowaçlygy'AR: Türkmenistanda soňky 30 ýylda 'gara sanawa' girizilen, gadagan edilen ýazyjy-şahyrlar barada hem pikiriňizi aýtsaňyz, olar we olaryň ýaş pikirdeşleri näme etmeli? Ýaranjaňlara goşulyp, gün görjek bolmalymy ýa-da, Magtymguly aýtmyşlaýyn, dirilikde, iş wagtynda, özüni ýitirmän işlemelimi? Olary bilen bolarmy? Bu mesele özüňiz nähili pikire ýa ynanja gol ýapýarsyňyz?
H. Hally: Men işlemeli diýen pikire gol ýapýan, şol umyt bilenem işleýän. Meselem, meniň özüm işleýän, meniň ýazýan zatlarym şu günde ýa ertirde ýa bir geljekki bäş-on ýylda çap bolar diýen pikirim ýok, ýöne işleýän. Hut şol hakykata tarap gitmek adamy hem jemgyýeti halas edip biler. Hiç ýerde-de, hiç bir döwletde-de ‘sen islän zadyňy aýt, ynha saňa açyk ýol’ diýýän hökümet ýok, her bir döwletde şol hakykaty, dogry sözi diňe göreş bilen gazanyp alýarlar, diňe göreş arkaly, diňe talap arkaly gazanyp alýarlar. Men ähli ýaş nesle, täze ösüp gelýän döredijilik intelligensiýasyna hut şol talaba eýermegi, hut şol talaby-da baýdak edinip işlemegi maslahat berýän. Diňe şol biziň özümizi, biziň ruhumyzy, galyberse-de, tutuş jemgyýeti halas edip biler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.