Pfizer COVID-19 sanjymynyň 5-11 ýaşly çagalar üçin howpsuzdygyny aýdýar

Illýustrasiýa suraty

Pfizer we BioNTech, kliniki synaglaryň netijesi ýaş çagalarda sanjymyň “howpsuz, oňat çydamlydygyny” we “berk” immuniteti döredýändigini görkezenden soň, özleriniň bäş ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalara COVID-19 sanjymyny gysga wagtda bermek üçin kadalaşdyryjy rugsatnamany almaga taýýarlanýandyklaryny mälim etdiler.

Kompaniýalar 20-nji sentýabrda ýaýradan beýanatynda sanjymyň 12 we ondan ýokary ýaşdaky adamlara berleninden has pes dozada boljakdygyny hem aýtdylar.

"Bu synag netijeleri 5 ýaşdan 11 ýaşa çenli çagalar üçin sanjymymyzyň ygtyýarnamasyny almak üçin berk binýady üpjün edýärler we biz bulary gyssagly ýagdaýda FDA we beýleki düzgünleşdiriji guramalara tabşyrmagy meýilleşdirýäris” diýip, Pfizer-iň başlygy we baş ýerine ýetiriji direktory Albert Bourla beýanatda belleýär.

Beýanatda kompaniýalaryň bäş ýaşa çenli çagalar üçin synaglaryň netijelerine şu ýylyň ahyrynda garaşýandyklary hem mälim edilýär.