ÝEKE ÇYKANYŇ ŞALYGYNDAKY ULY TÄZELIKLER
Şu aý Türkmenistanda käbir möhüm wakalaryň bolmagyna garaşylýar we olaryň hemmesi birleşip, ýeke çykanyň şalygyndan eşidiljek uly bir habara hem öwrülip biler.
27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni baýram edilýär we şol töwereklerde Halk maslahatynyň, kanunlaryň o diýen kän zady aňlatmaýan ýurdunyň iň uly kanun çykaryjy guramasynyň agzalary hem duşuşar.
Ýöne mundan öň, 22-nji sentýabrda Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň oglunyň 40 ýaşy dolýar. Bu Türkmenistanda köplenç alga alynmaýan konstitusiýa esasynda, islendik raýatyň prezident wezipesine geçmegi üçin bellenen iň pes ýaş çägi bolup durýar.
Wakalaryň bu hili gabatma-gabat gelmegi nähilem bolsa bir aýratyn üýtgeşikligiň golaýlap gelýändigini aňladýan bolmasyn.
TAÝÝARLANAN
Soňky wagtlarda Serdaryň öz prezident kakasynyň ornuna geçmegi üçin taýýarlanylýandygy göz-görtele mälim boldy.
Serdar Berdimuhamedow öz uniwersitet işini 2014-nji ýylyň awgust aýynda tamamlady we 2016-njy ýylyň noýabr aýyna çenli, boş ýerleriň birnäçesini doldurmak üçin geçirilen we kän habar berilmedik irki saýlawda parlament agzalygyny utdy. Bu saýlaw baradaky ilkinji çap edilen maglumat Serdaryň parlamentde orun alandygy baradaky habar boldy; soňra Serdaryň ornuny alan deputatynyň saýlawyň öňüsyrasynda işden çekilmek barada arza berendigi mälim boldy.
Ýaş Berdimuhamedow şindi hem parlamentiň agzasy bolup durýar, ýöne ol şol bir wagtda premýer-ministriň ykdysady we maliýe meseleleri boýunça orunbasary wezipesini hem ýerine ýetirýär. Emma onuň 2018-nji ýylda parlamente gaýtadan saýlanaly bäri eýelän döwlet wezipeleriniň ählisiniň yzyny çalmak aňsat iş däl.
Ol daşary işler ministriniň orunbasary, sebit häkiminiň orunbasary, biraz soň paýtagt Aşgabadyň ýerleşýän ýeri bolan Ahal welaýatynyň häkimi, senagat we gurluşyk ministri, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy boldy, Döwlet howpsuzlyk geňeşine bardy.
Şeýle-de, Serdar Berdimuhamedow Türkmen Alabaý itleri we Ahalteke atçylyk assosiasiýalarynyň prezidenti bolup durýar. Bu janawerleriň ikisi hem Türkmenistanyň örän kuwwatly nyşanlary bolup, olaryň ikisine hem görnükli heýkeller dikildi.
Degişli maglumat Serdar hakyky mirasdüşermi? Türkmenistanyň prezidenti ogluny häkimiýete nähili taýýarlaýarDöwlet habar beriş serişdeleri Serdar Berdimuhamedowa indi birnäçe ýyl bäri uly üns berýär we ýakynda onuň bu ýurtda bolmagy bilen Türkmenistanyň bagtynyň çüwendigi hem habar berildi. Ol şu tomus Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türkmen delegasiýasyna ýolbaşçylyk etdi we ýurtda ilkinji gezek Olimpiýa medalyny gazanan milli toparyň hormatly tälimçisi boldy.
Olimoiýa ýaryşlaryndaky kümüş medaly agyr atletikaçy Polina Gurýewa gazandy, ýöne döwlet habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, onuň bu medaly utmagyna Serdar Berdimuhamedowyň ýetirýän oňyn täsiri, nähilem bolsa bir kömek eden ýaly görünýär. Türkmenistana gaýdyp gelenlerinden soň, döwlet telewideniýesi kiçi Berdimuhamedowyň Gurýewa täze “Lexus” sport enjamly ulagyny sowgat berşini görkezdi.
Serdar Berdimuhamedow soňky döwürde türgenlere we çykyş edenlere baýrak gowşuryp, çagalar bilen gürleşmek üçin mekdeplere baryp, döwlet telewideniýesiniň ekranlaryny doly eýelän ýaly göründi.
Ozal döwlet habar serişdelerinde rezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen baglanyşykly habarlar agdyklyk ederdi; emma soňky döwürde onuň ogly baradaky habarlar has köp orun alýar.
Ýetip gelýän Garaşsyzlyk gününde haýsam bolsa bir adatdan daşary üýtgeşikligiň boljakdygy barada hiç bir habar çykmady. Şu wagta çenli bu meselede diňe çak-çen edilýär we olar esasan prezident Berdimuhamedowyň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy baradaky höçjet gep-gürrüňlere esaslanýar.
ÝARAMAZLAŞÝAN SAGLYK ÝAGDAÝY
Näsaglyk baradaky gürrüňler merkezi aziýa ýurtlarynyň liderleriniň tasdan hemmesi barada edildi we bu olaryň zulum-süteminden dynmak bilen bagly lapykeç umytlardan uç alýar. Ýöne Berdimuhamedowyň süýji keseli bar we 2019-njy ýylyň tomsunda birden, özüne mahsus bolmadyk ýagdaýda, bir aýlap halk köpçüliginiň gözünden uçmagy, döwlet telewideniýesinde gaýtalanyp berilýän wideolardaky welosipedli gezelençlerine ýa-da sport maşklaryna garamazdan, onuň fiziki ýagdaýynyň ýaramazlaşýan bolmak ähtimallygynyň iň güýçli görkezijisi bolup göründi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň iň ýokary wezipesi üçin görnetin çaltlyk bilen öňe sürülýär; ýöne bu meseledäki ýeke sorag munuň haçan we nähili bolup geçjegi bilen bagly.
Halk maslahatynyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilýän mejlisi hut şu sebäpden adatdakylaryndan has köp gyzyklanma döredip biler.
Halk maslahatnyň güýçli ýa gowşak taraplaryna syn salmazdan ozal 27-nji sentýabryň Türkmenistanyň hakyky garaşsyzlyk güni däldigini, azyndan onuň 2018-nji ýyla çenli hiç hili baýramçylyk bolmandygyny bellemek zerur.
27-nji sentýabr 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşynyň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlarynyň soňky, tamamlanan gününiň ýyl dönümi bolup durýar. Bu türkmen hökümetiniň örän köp pul harçlan 10 günlük çäresi boldy.
Türkmensitanyň Garaşsyzlyk güni 1991-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli 27-nji sentýabrda däl-de, eýsem 27-nji oktýabrda bellendi.
Aslynda Halk maslahaty Garaşsyzlyk gününde mejlis geçirmäge borçly däl we şu sebäpden bu ýerde nämeleriň bolup geçjekdigi barada galagop bolmaga esas bar.
Ýöne adatça, uly kararlary yglan etmegiň wagty gelende, Halk maslahatynyň ýygnagy çagyrylýar.
HALK MASLAHATYNYŇ ÖŇKI 'HYZMATLARY'
1996-njy ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk maslahaty şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň ömürlik president diýip yglan edilmegini kabul etmegi üçin çagyryldy. Emma Nyýazow muny ret etdi. Soňra Halk maslahaty 1999-njy ýylyň dekabrynda ýygnanyp, ony ömürlik döwlet baştutany etmek üçin ses berdi, oňa Muhammet pygamberiň nyşanlary bolan ak dony we palma taýagyny, şeýle-de "Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin" diýen altyn medaly gowşurdy.
Halk maslahatynyň 2002-nji ýylyň awgust aýynda geçirilen mejlisinde bolsa, Nyýazowyň hepde günleriniň we ýyl aýlarynyň atlaryny üýtgetmek baradaky teklibi tassyklandy.
Halk haslahaty Nýazowyň dynç almaga çykmak ýa-da täze prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky ikiýüzli haýyşlaryny gaýta-gaýta ret etdi.
Halk maslahaty 2006-njy ýylyň dekabrynda, Nyýazowyň ölüminiň yz ýanyndan, şol wagtky parlament spikeri Öwezgeldi Ataýewiň wezipesinden boşadylmagyny tassyklady. Konstitusiýa laýyklykda, Ataýew şol wagt president bolmak üçin nobatdaky resmi bolup durýardy.
Berdimuhamedow 2008-nji ýylda Halk maslahatyny dargatdy, ýöne ol ony 2017-nji ýylda yzyna getirdi we bu gurama ýurduň iň ýokary kanun çykaryjy organy statusyny berdi.
Halk maslahaty 2018-nji ýylda Garaşsyzlyk gününi üýtgedip, 27-nji oktýabrdan 27-nji sentýabra geçirmek baradaky teklibi tassyklady we Türkmenistanyň raýatlarynyň garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bäri alýan durmuş ýeňilliklerini, mugt berilýän tebigy gaz, elektrik we suw paýlaryny ýatyrmak baradaky karara biragyzdan ses berdi.
Bu ýylky Garaşsyzlyk gününde hem türkmen syýasy teatrynyň ähli oýunlarynyň goýulmagyna garaşylýar.
Indi biz bu gezek näme boljagyna göz ýetirmek üçin diňe 27-nji sentýabra garaşmaly. Ýa-da, 2002-nji ýyldaky türkmen senenamasyny ulanýanlary nazarda tutsak, “27-nji Ruhnama", Baş güne garaşmaly.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.