Türkmenistanda ýene metan syzmalary tapyldy

Derweze. Açyk gaz ýatagy

Kayrros geo-seljeriş kompaniýasy hemra arkaly Türkmenistanyň Hytaýa we Orsýete ibermek üçin tebigy gaz alýan ýataklarynyň golaýynda uly metan syzmalaryny tapdy diýip, oilprice.com neşiri Bloomberge salgylanyp habar berýär.

Iň ýönekeý uglewodorod hem-de tebigy gazyň esasy düzümi bolup durýan metan kömürturşy gazyna (CO2) garanda hem has güýçli parnik/ýyladyşhana gazy hasaplanýar.

“Bloomberg” neşiriniň Kayrros SAS-yň maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, 31-nji awgustda Türkmenistanyň gaz öndürýän ýataklarynyň we Merkezi Aziýa gaz geçiriji ulgamynyň golaýynda sagatda takmynan 172 tonna möçberinde metan zyňyndysynyň howa syzdyrylýandygy mälim boldy.

Bu geçiriji ulgam Türkmenistandaky, Gazagystandaky we Özbegistandaky gaz ýataklaryny birleşdirýär we Russiýa gaz iberýär.

Başga bir metan syzmasy bolsa şol gün Hytaýa ibermek üçin gaz öndürilýän ýatagyň we geçirijiniň golaýynda tapyldy, bu ýerde sagatda 50 tonna möçberindäki metan howa syzdyrylýar diýip, Kayrros SAS habar berýär.

Emma Bloomberg neşiriniň düşündiriş almak üçin eden telefon jaňlaryna "Türkmengaz" kompaniýasynda hem, ýurduň DIM-inde hem jogap beren bolmandyr.

Nebit we gaz pudagynyň kömürturşy gazy we metan zyňyndylaryny goşmak bilen, parnik/ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga çalyşýan wagtynda, Türkmenistan, öňki Sowet respublikasy Merkezi Aziýada metan zyňyndylarynyň we metan syzmalarynyň möçberi we ýygjamlygy boýunça dünýäniň gaz öndürýän ýurtlaryň arasynda iň ýokary derejelerde durýar diýip, habarda bellenýär.