Türkmenistanda bahasy $100 milliondan geçýän täze Döwlet münberi açyldy

Täze münber

Baýramçylyk äheňinde gurnalan, ak reňkli howa şarlary bilen bezelen derwezäniň öňündäki meýdançada tutulan dabara prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Sungat ussatlary, ÝOJ-laryň döredijilik toparlary hökümetiň gazanylan üstünlikler diýilýänlerini wasp etdiler.

Täze toplumyň umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metre barabar, granit we ak mermer bilen örtülen münber üsti gümmezli iki gatly binany, prezident münberini hem-de myhmanlar üçin niýetlenen 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar diýip, TDH habar berýär.

Şeýle-de bu ýerde dabaralar üçin niýetlenen, mermer bilen bezelen giň holl, myhmanlary kabul etmek hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin niýetlenen zallar bar.

Ýörite enjamlar, sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze toplumda köpçülikleýin çäreleri geçirmek hem-de olary onlaýn görnüşinde şöhlelendirmek üçin ähli şertler döredilipdir diýip, habarda aýdylýar.

Münberiň öňünde granit daşy bilen örtülen meýdança ýerleşýär. Onda dabaraly harby ýörişler, gazanylan üstünlikleriň gözden geçirilişi, Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler.

Şeýle-de, münbere gelýän üç kilometre golaý ýol çekildi, Merkezi Aziýada iň uly, 120 metrlik LED ekrany hem-de 8 sany 30 metrlik maçtalar oturdyldy, merkezi binanyň günorta tarapynda dikuçar meýdançasy, awtoduralgalar we beýleki desgalar guruldy.

Resmi habarda täze açylan binalaryň bahasy aýdylmaýar. Emma garaşsyz neşirler bu desgalaryň döwlet gaznasyna ýüzlerçe million dollara düşendigini habar berýärler.