Täjigistan – “Talybanyň” iň ýiti tankytçysy

Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň goşunlary täjik-owgan serhediniň golaýynda sakçylyk edýär. Iýul, 2021.

Daşary ýurt güýçleriniň Owganystandan goşun çekmeginiň yz ýany, “Talybanyň” çaltlyk bilen ýurduň tas doly çäginde gözegçiligi ele geçirmegi Owganystanyň goňşularyny oňaýsyz kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz goýdy.

Olaryň ählisi jeňçi toparyň häkimiýeti ele gerçirmek ähtimallygyny nazarda tutýardy. Ýöne olar birden özleriniň Talyban ýolbaşçylygyndaky Owganystan boýunça syýasatlaryny aç-açan mälim etmeli boldy.

Umumam aýdylanda, olaryň beren jogaplary häkimiýetdäki “Talybanyň” reallykdygyny, goňşy ýurtlaryň Owganystanyň täze liderleri bilen, iň bolmanda, gepleşik geçirmäge isleg bildirýändiklerini mälim etmekden ybarat boldy.

Ýöne Täjigistan beýtmedi.

“Talybanyň” öňden bäri goldawçysy bolan Pakistan toparyň Owganystandaky üstünligini aç-açan makullady.

Hytaý, Eýran, Özbegistan we Türkmenistan Owganystanyň içerki syýasaty barada özleriniň edip biljek zatlarynyň ýokdugyny boýun aldy we “Talyban” bilen nähilidir bir hyzmatdaşlyk ýola goýmagyň mümkinçiliklerine umyt baglady.

Ýöne täjik häkimiýetleri başga pozisiýa eýeledi. Bu bolsa näme sebäpden täjik prezidenti Emomali Rahmonyň hem-de onuň hökümetiniň Owganystanda “Talyban” hökümetine berk garşylyk bildirmäge dowam etdirmegi bilen bagly soraglary döretdi.

Birinjilik bilen, “Talyban” 20 ýyl mundan ozal, Owganystanyň aglaba bölegine gözegçilik edýän döwürleri Rahmonyň Täjigistan prezidenti bolandygy ýatlamaga mynasypdyr.

2001-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda Owganystana goşun girizilip, “Talyban” häkimiýetden agdarylanda, Owganystan bilen serhetleşýän beýleki ýurtlaryň häzirki liderleriniň hiç haýsy häkimiýet başynda däldi.

Rahmon 90-njy ýyllaryň ahyrlarynda Owganystanda “Talybana” garşy göreşýän etniki täjikleriň ýolbaşçylygyndaky topary goldady. Ol häzir hem Owganystandaky etniki täjiklere, şol sanda Panjşir jülgesini eýeleýän, hem-de “Talyban” dolandyryşyna garşy çykmagy dowam etdirýän topara ruhy goldaw bildirýär.

Owganystanda uly etniki täjik ilaty bar. Olar ýurduň ilatynyň 25 göterim töweregini emele getirýär. Täjigistandaky täjikler olara güýçli ýakynlyk duýýarlar.

Owganystanyň beýleki goňşularynyň hiç haýsynda ýagdaý beýle däl.

Aslynda, Rahmonyň köpçüligiň öňünde owgan täjikleriniň aladasyny etmegi, öz ilatyndan onçakly goldaw tapmaýan lidere seýrek jemgyýetçilik goldawyny gazandyrdy. Bu detal özüniň baş ogluny prezidentlige taýýarlaýan Rahmon üçin möhümdir.

Täjigistanyň raýat urşy

Rahmon hökümetiniň “Talyban” bilen aç-açan gatnaşmagyny kynlaşdyrýan ýene bir sebäp bar.

Täjigistanda 1992-1997-nji ýyllar aralygynda bolan raýat urşunda Täjigistanyň Yslam galkynyş partiýasy (TYGP) täjik hökümetine garşy göreşen ýaran güýçleriň hatarynda iň esasy topar boldy. Raýat urşy hökümetdäki wezipeleriň 30 göteriminiň uruş döwründäki oppozisiýa wekillerine gowşurylmagyna getiren parahatçylyk ylalaşygy bilen soňlandy. Yslam galkynyş partiýasy kanunylaşdyryldy we ol ýurtda Rahmonyň ýolbaşçylyk edýän Täjigistanyň Halk demokratiýa partiýasyndan soň iň iri ikinji partiýa boldy.

Täjik prezidenti Emomali Rahmon (sagda) Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen duşuşýar. 25-nji awgust, 2021. Duşenbe.

Şeýle-de, Yslam galkynyş partiýasy Rahmonyň häkimiýete barha berk ornaşmagynyň öňünde iň uly howp bolup durýardy. Ençeme ýyllap TYGP-niň liderlerine edilen basyşlardan hem-de döwlet guramalarynda olara degişli wezipeleriň derbi-dagyn edilmeginden soňra, hökümet 2015-nji ýylyň sentýabrynda Yslam galkynyş partiýasynyň “döwlet agdarmaga synanyşyk edendigini” öňe sürmek üçin Goranmak ministrligindäki bir ýokary wezipeli ofiser bilen ilteşikli bir geň-taň hem-de gümürtik wakadan peýdalandy.

Yslam galkynyş partiýasy yslam esaslaryna eýerýän syýasy partiýadyr, ýöne ol “Talyban” bilen deňeşdirilende has aramdyr.

Täjik hökümeti Yslam galkynyş partiýasynyň agzalaryny awlap, olara basyş etmegi dowam etdirýän mahaly, “Talyban” hökümetini ykrar etmek beýlede dursun, hatda onuň bilen gatnaşyk ýola goýmagyny göz öňüne-de getirmek kyn.

Täjigistanyň baş din ruhanysy Saidmukarram Abdulkodirzoda 11-nji sentýabrda “Howar” agentligine beren interwýusynda “Talyban” bilen gatnaşyk ösdürmegiň mümkin däldigini aýtdy.

“Yslam rehimdarlyk we doganlyk dinidir” diýip, Abdulkodirzoda aýtdy. “Ýöne bu günki gün “Talyban” hökmünde tanalýan terror hereketi özüni yslam döwleti diýip, aýallary, çagalary we doganlary jezalandyrýar” diýip, ol aýtdy.

Abdulkodirzoda başga-da köp zat aýtdy. Täjigistanda ähli ýokary derejeli din ruhanylarynyň hökümet tarapyndan saýlanyp-seçilýändigi nazarda tutulsa, onuň pikir-garaýyşlaryny hökümetiň pozisiýasy hökmünde kabul etmäge esas bar.

Ýöne esasy sorag – Rahmon we onuň hökümeti “Talyban” bilen gapma-garşy gelmekde nädip bu dereje özüni arkaýyn duýup bilýär!

Bu soragyň jogabyna düşünmek aňsat däl.

Täjigistan Owganystanyň goňşularynyň arasynda iň kiçi territoriýa eýe bolan döwletdir, şeýle-de ol ykdysady taýdan owgan goňşularynyň arasynda iň garyp döwletdir.

Ýöne kiçi bolsa-da, Täjigistanyň goşuny köpýyllyklaryň dowamynda güýçli döwletlerden ýardam kabul edip gelýär.

Täjigistanyň iň uly ýarag üpjünçisi Russiýadyr, ýöne Hytaý on ýyldan gowrak wagt bäri Täjigistanyň ýaragly güýçlerine iberýän ýardamlaryny barha artdyrýar. Birleşen Ştatlary, NATO, Ýewropa Bileleşigi we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Täjigistany ýarag bilen üpjün etmese-de, oňa pul kömegini, serhet postlary üçin tehnika kömegini, gözegçilik enjamlaryny, gyş we tomus eşiklerini, kyn ýol şertlerine niýetlenen awtoulaglary we şuňa meňzeş zatlary berip gelýär.

Ýöne bularyň hiç haýsy “Talybanyň” gözüni gorkuzyp bilmez. Has möhümi, ençeme ýyl bäri “Talybanyň” hatarynda käbir ekstremist toparlar söweşip gelýär, olaryň bir topary Täjigistandan kök alýar.

Rahmon bu zatlardan oňat habarly ýaly.

“Talybanyň” Owganystanda häkimiýet başyna gelmegini onçakly köp ýurt makullamady. Resmi metbugat beýanatlary köplenç wakalar boýunça kysmata kaýyllyk beýan etdi, ýöne ABŞ ýolbaşçylygyndaky harby goşunlar 1-nji maýda ýurdy terk edip başlaly bäri bolup geçen wakalar boýunça kän bir hoşallyk göze ilmedi.

Owganystanda "Talybana" garşy çykýanlar Panjşir Jülgesinde türgenleşýärler

Şübhesiz, Täjigistanyň hökümeti köp hökümetiň pikir edýän, ýöne aýtmaýan zatlaryny beýan edýär.

“Carnegie Endowment” merkeziniň ylmy işgäri Paul Stronski “Mejlis” gepleşiginde munuň hut şeýledigini gürrüň berdi we Täjigistanyň köp ýurduň pozisiýasyny beýan edýändigini aýtdy.

Täjik syýasy bilermeni Haýrulla Mirsaidow munuň bilen ylalaşýar.

“Rahmon Russiýanyň razyçylygy bolmazdan beýle beýanatlary berip bilmez. Indi ABŞ sebiti terk edeni üçin, Russiýa Owganystanyň gözegçiligini doly Pakistana bermek islemeýär” diýip, Mirsaidow Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna beren interwýusynda aýtdy.

“Şeýle-de, bu, Rahmona pursatdan peýdalanyp, meseläni içerki maksatlar üçin, halka ýakynlaşmak üçin ulanmaga mümkinçilik döretdi” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýanyň Täjigistanda harby bazasy bar. Ýurduň günorta künjeginde Hytaýyň kiçi harby posty bar.

Moskwa-da, Pekin-da “Talyban” bilen ylalaşyk gazanmagyň mümkindigi barada ynam beýan etdi, ýöne olaryň ikisi-de häzir Owganystanda “Talybana” ýaranlyk edýän toparlaryň hatarynda öz ýurtlaryndan baran jeňçileriň bolmagyndan alada galýar.

Şeýle-de, heniz hem öz raýatlary Owganystanyň içinde galan bir topar ýurt bar, we şol ýurtlaryň hökümetleri Owganystanda bolup geçýän wakalara teswir berenlerinde bu ýagdaýy göz öňünde tutmaly bolýarlar.

25-nji awgustda Rahmon Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi bilen geçiren duşuşygyndan soňra, ähli taraplary öz içine almaýan islendik owgan hökümetini Täjigistanyň ykrar etmejekdigini aýtdy. Ol hususan-da etniki täjikleriň hökümetiň düzümine girizilmegine garaşýandygyny belledi.

Ertesi güni Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Rahmony Pariže sapar etmäge çagyrdy.

Bu bolsa Owganystandaky “Talyban” dolandyryşyna aç-açan garşy çykmakdan peýda görüp boljakdygyny görkezdi. Bu ýagdaý Rahmona ýaraýan ýaly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.