Aşgabatda PÝGG-niň huşsuz işgärine “hiç kim kömege gelmedi”

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda dowam edýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” biraýlygynyň çäginde Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň sürüjilerden “dürli bahanalary arap” jerime ýazýandygy, şol sanda para bermäge mejbur edýändigi baradaky habarlaryň köpelmeginiň arasynda, ilatda ýol polisiýanyň işine barha nägilelikleriň artýandygy bellenilýär. Azatlygyň habarçylary muňa bir mysal hökmünde geçen hepde paýtagt Aşgabadyň gatnawly köçeleriniň birinde ençeme minutlap huşsuz ýatan PÝGG işgärine hiç kimiň hemaýata gelmändigini belleýärler.

“Geçen anna güni Aşgabadyň Atatürk köçesinde motosikli barýan ýol polisiýa işgäri dolandyryşyny ýitirip, motosikli bilen agdaryldy. Ol huşuny ýitirip, 5-6 minut töweregi ýerinden galman ýatdy. Onuň görnüp duran şikesleri ýokdy. Emma hadysadyň ‘Türkmenbaşy’ bankynyň gabat garşysynda, şeýle-de köp gatnawly köçäniň ugrunda ýüze çykandygyna garamazdan, hiç kim oňa hemaýata gelmedi. Polisiýa ýerinden turup, sähel çaýkanyp ötä gidýänçä oňa ilkinji medisina hemaýaty berilmedi, hat-da suwam hödürlenmedi. Garaz, galyp bilmän asfaltda ýatan polisiýa işgäriniň dadyna hiç kim gelmedi” diýip, bu wakalara şaýat bolan aşgabatlylaryň biri 14-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Bu hadysa, şeýle-de PÝGG işgäriniň soňky saglyk ýagdaýy barada Içeri işler ministrliginden kommentariýa ýa goşmaça maglumat almak başartmady.

Degişli maglumat Ýol howpsuzlygynyň biraýlygy bilen PÝGG-niň “para möwsümi” hem başlady

Bu aralykda, Azatlygyň habarçysy huşsuz ýatan polisiýa işgärine näme sebäpden hemaýatyň berilmändigi bilen gyzyklanyp, bu wakalara şaýat bolan adamlaryň ýene birnäçesi bilen söhbetdeş boldy, şeýle-de bu hadysa boýunça beýleki aşgabatlylaryň pikiri bilen gyzyklandy. Habarçymyz özi bilen söhbetdeş bolan raýatlaryň tas ählisiniň diýen ýaly PÝGG-niň işinden nägile bolýandyklaryny belledi.

“Meniň şahsy özüm[huşundan giden polisiýa işgärine] ýöriteläp kömege gelmedim. Olar köçede saklanlarynda juda gödek, ulumsy, kä halatlarda paýyş sözleri hem ulanyp gürleşýärler. Olar ulagyň daşky görnüşi hapa, reňki goýy .... ýaly dürli bahanalary arap, jerime ýazjakdygy bilen haýbat atyp, para soraýarlar. Bu ýol howpsuzlygy aýynda hasam güýjeýär. Olaryň ählisi diýen ýaly sürüjiniň düşündirişine, nalyşyna gulak gabartjak hem bolmaýarlar. Mende, şeýle-de gürrüňdeş bolýan beýleki tanyşlarymyň köpüsinde ýol polisiýa işgärlerine sylag ýa-da hormat galmady” diýip, özüni Ylýas diýip tanyşdyran aşgabatlylaryň ýene biri gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri özleriniň ýolbaşçylarynyň, kä halatlarda diňe dil üsti berilýän buýruklaryny berjaý edýändiklerini, soralýan gündelik jerime planyny dolup bilmeseler, aradaky tapawudy öz hasaplaryna dolmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Hökümet bizi [ýol polisiýa işgärlerini] öz bähbidi üçin ulanýar. Munuň netijesinde raýatlaryň gözünden düşýändigimizi özümiz hem bilýäris. Emma buýrugy berjaý etmekden başga alajymyz ýok” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran PÝGG işgäriniň biri 14-nji sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat PÝGG ulag eýelerini täze derman gutularyny satyn almaga mejbur edýär

Galyberse-de, tutuş sentýabry öz içine alýan “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän çäreler kagyz ýüzünde ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek, agyr ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksadyndan ugur alýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar biraýlygyň dowamynda PÝGG-niň işgärleriniň aglaba çola ýollarda tizligi ýokarlandyran sürüjileri “awlamak”, olara jerime salmak ýa-da olardan para almak bilen meşguldygyny aýdýarlar.

Mundan başga-da, Azatlygyň habarçylary bilen söhbetdeş bolýan raýatlar öňki ýyllarda aýallaryň awtoulag sürmegine, gara ýa goýy reňkli awtoulaglara garşy alyp baran erjel göreşi bilen tanalan häkimiýetleriň köçelerdäki howpsuzlyk ýagdaýyny ýokarlandyryp biljekdigine biraz şübheli garaýarlar. Bellesek, Azatlyk bu biraýlygyň ilkinji günlerinde bolan ençeme, şol sanda adam pidaly ýol hadysalary barada hem habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.