Owganystan boýunça ministrler derejesinde geçirilen duşuşyklara türkmen ministriniň orunbasary gatnaşdy

Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew duşuşyk mahalynda. Türkmen DIM-niň web sahypasyndan alnan surat.

Türkmen DIM-niň emeldary 8-nji sentýabrda Owganystan boýunça daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen wideoşekilli maslahatlara gatnaşdy. Bu habar Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň COVID-19 bilen keselländigi barada syzyp çykan maglumatyň yz ýanyndan çap edildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasy ABŞ-nyň we Germaniýanyň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen wirtual söhbetdeşlige dünýäniň 20-den gowrak döwletiniň daşary işler ministrleriniň, BMG-niň, ÝB-niň hem-de NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşandygyny habar berýär, emma Türkmenistandan gatnaşan resminiň adyny aýtmaýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antony J. Blinken we Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maasyň beýemçilik etmeginde geçirilen ministrler duşuşygyna Owganystan boýunça ýaranlaryň we hyzmatdaşlaryň, Germaniýa, Awstraliýa, Bahreýn, Kanada, Fransiýa, Hindistan, Italiýa, Ýaponiýa, Kuweýt, Norwegiýa, Pakistan, Katar, Koreýa respublikasy, Saud Arabystanyň, Ispaniýa, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan, BAE, Angliýa, Özbegistan ýaly ýurtlaryň wekilleri gatnaşdy.

Döwlet sekretary Blinken bolmagy mümkin ynsanperwerlik krizisini gowşatmakda we “Talybandan” terrorçylyga garşy jogapkärçiligi talap etmekde, şeýle-de gitmek isleýän daşary ýurt raýatlary we owganlar üçin ygtybarly ýol açmak, esasy hukuklara hormat goýýan we ähli tarapy öz içine alýan hökümet döretmek meselesinde agzybirlige çagyrdy. Maslahata gatnaşanlar Owganystanyň halkyna dowamly goldaw bermekde agzybir bolmagyň möhümdigi bilen ylalaşdylar diýip, Döwlet departamentiniň habarynda bellenýär.

Şu aralykda Birleşen Ştatlar Kabulda “Talybanyň” ýolbaşçylygynda diňe erkeklerden we berk şerigat düzgünlerini yzyna getirmegi wada beren weteran söweşijileriň agdyklyk etmeginde düzülen hökümet yglan edeninden bir gün soň ony “wagtlaýyn hökümet” diýip häsiýetlendirendigini we Waşingtonyň hem-de hyzmatdaşlarynyň berk liniýaly topara basyş görkezmegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

“Adminstrasiýada hiç kim, prezident ýa-da milli howpsuzlyk gullugyndan birleri “Talybanyň” halkara jemgyýetçiliginiň agzalaryny diňleýändigini we hormatlaýandygyny tassyklamaz. Olar entek muňa ynandyrmady” diýip, Ak tamyň metbugat sekretary Jen Psaki ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynyň pozisiýasyny aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken üçünji gün irden, Germaniýanyň we beýleki 20-ä golaý ýurduň ýolbaşçylarynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykdan soň, Owganystanyň täze hökümetine işi hem-de “indi gazanylmaly kanunylygy” boýunça baha beriljekdigini aýtdy.

8-nji sentýabrda Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi hem Hytaýyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlerini Owganystanyň goňşularynyň 1-nji ministrler derejesindäki duşuşygyna çagyrdy.

“Roýters” habar gullugynyň ýazmagyna görä, Kureşi sebit ýurtlarynyň ministrler derejesinde gurajak indiki wirtual duşuşyklaryna “Talyban” liderlerini hem çagyrmagy teklip etdi.

Türkmenistandan daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen duşuşyklara daşary işler minisitriniň orunbasary Wepa Hajyýew gatnaşdy.

Türkmen tarapy Owganystan babatda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmegiň derwaýyslygyny nygtap, owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn özara hereketleriň netijeli gurallarynyň esaslandyrylmagynyň wajyplygyny belledi diýip, türkmen DIM-niň habarynda aýdylýar.

Azatlygyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Covid-19 bilen keselläp, 20-nji awgustdan bäri işe çykmaýar. Emma türkmen DIM-niň resmisi ministriň işde görünmezliginiň sebäbi barada berlen soraglara anyk jogap bermän, bu maglumaty umumylykda ret etdi.