Aşgabatda "şortyly" raýatlar banka goýberilmeýär

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň häkimiýetleri raýatlaryň daş-keşbine gözegçilik etmegini ýene güýçlendirip, bu babatda täze çäklendirmäni güýje girizdi. Şu günler Aşgabatda "şorty", ýagny gysga balak geýen raýatlar Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň binasyna goýberilmeýär. Bu talabyň berjaý edilişine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri munuň sebäplerini düşündirmeýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.

Ýurduň döwlet edara-kärhanalarynda berk dress-kod düzgüniniň, ýagny geýinmegiň ýörite düzgünleriniň bardygy hemmelere mälim. Ýöne indi häkimiýetleriň bu düzgünleriniň käbiri döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärlerden ýa-da okaýan talyplardan başga-da, bu ýerlere barýan raýatlara çenli baryp ýetdi.

Degişli maglumat Awazada aýal-gyzlaryň bikini-kupalnikde suwa düşmegi gadagan edildi

"7-nji sentýabrda Türkmen-türk bankynyň "Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy" söwda merkeziniň golaýyndaky şahamçasyndan aýlygyny almaga baran bir raýat bankyň içine goýberilmedi. Gapynyň öňünde duran polisiýa işgäri oňa "şortyda" gelendigini we banka "şortyly" we "şypbykly" raýatlaryň goýberilmeýändigini aýdyp, ondan öýüne gidip, "şortysyny" balaga çalşyp gelmegi talap etdi. Polisiýa işgäri onuň diňe şondan soň banka goýberiljekdigini duýdurdy" diýip, waka şaýat bolan aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bank işgärleriniň biri müşderiniň köp wagt nobatda garaşyp durandygyny aýdyp, polisiýadan ony bu gezeklik banka goýbermegi sorady. Ýöne polisiýa işgäri eglişik etmedi.

"Aýlyklaryny nagtlaşdyrmak üçin onlarça adam nobata durdy. Banka adamlary bir-birden goýberdiler. Polisiýa işgäri nobatdaky beýleki bank müşderilerine-de jemgyýetçilik we köpçülikleýin ýerlerine "şortyda" ýa-da "şypbykda" gelen raýatlaryň içeri goýberilmejekdigini duýdurdy" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz dyzdan ýokarda durýan keltejik balak, ýagny "şorty" geýen erkek raýatlara we aýal-gyzlara diňe edara-kärhanalara baranda däl, eýse köçelerde hem duýduryş berilýändigini aýdýar.

"Köçelerde kanun goraýjy edaralaryň polisiýa ýa-da raýat eşigindäki işgärleri "şorty" geýen raýatlary saklap, olara "muny geýmek bolanok" diýýärler. Ýöne häzirlikçe olar "şortyly" raýatlara jerime salmaýarlar. Bu ýagdaýlara şäheriň dürli, hususan-da protokol köçelerinde duş gelse bolýar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Degişli maglumat Türkmenistanly aýal-gyzlar gysga ýubka, jynsy, ýüz boýagy we sary saç üçin ýene yzarlanýar

Bankyň öňündäki polisiýa işgärleri we köçelere gözegçilik edýän kanun goraýjy edaralaryň işgärleri bu çäklendirmäniň sebäbini düşündirmeýärler.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankyndan we Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa hem alyp bilmedi.

Bellesek, gurak we çöl klimaty bolan Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda işleýän işgärlere eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri "şorty" geýmäge rugsat berilmeýär. Hatda umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplara hem, ýurtda howanyň temperaturasy 45 gradusa çenli ýetýän günlerde-de, "şorty" geýmek gadagan edilýär.

Ýöne soňky ýyllarda ýurt häkimiýetleri ýönekeý ilatyň hem daşky görnüşine gözegçilik etmäge synanyşýar. Munuň bilen bagly dürli çäklendirmeler we gadagançylyklar güýje girizilýär.

Iýul aýynda Lebap welaýatyndaky habarçymyz Farap we Darganata etraplarynyň polisiýasynyň aýal-gyzlary jynsy, gysga we dar köýnek, makiýaž ýüz boýagy we sary saç üçin tussag edýändigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri köplenç dil üsti bilen berilýän görkezmeler esasynda amal edilýän bu çäklendirmeleriň we gadagançylyklaryň anyk sebäbini resmi taýdan düşündirmeýärler. Olar diňe "türkmenleriň taryhy we medeni däplerini ýatda saklamak hem-de milli köklerini ýitirmezlik" zerurlygyny gaýtalaýarlar.

Degişli maglumat Mara baran komissiýa yzyna gaýdansoň, zenan mugallymlara degişli täze çäklendirmeler girizildi