Lebapda geçen iýunda bir halkara aeroport we bir sany äpet ak öý ulanylmaga berildi. Ýöne aeroport henize çenli doly işlemeýär, "Ak öýüň" durmuş ähmiýeti ýerli ýaşaýjylarda sorag döredýär.
3-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu desga soňky iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda Lebap welaýatynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, dabaraly açylan üçünji iri desga boldy. Geçen tomus Kerkide täze aeroport açyldy we Türkmenabatda täze ak öý ulanylmaga berildi. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysy aeroportyň işlemeýändigini habar berýär, "Ak öýüň" durmuş ähmiýeti ýerli ýaşaýjylarda sorag döredýär.
Degişli maglumat Bir tarapda kaşaň myhmanhanalar, beýleki tarapda batgaly ýollar, köne hassahanalarÝatlasak, 23-nji iýunda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda täze halkara howa menzili we Türkmenabat şäherinde durmuş ähmiýeti sorag astynda galýan 3 müň orunlyk täze “Ak öý” açyldy. Olaryň açylyş dabarasyna prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy iki aý gowrak mundan ozal uly wadalar bilen açylan Kerkiniň halkara howa menzilinde heniz iş orunlarynyň hem tassyklanylmandygyny, ol ýerde Türkmenabadyň halkara aeroportynyň işgärleriniň 15 gün çalşyk esasynda işleýändigini habar berýär.
Şeýle-de, habarçynyň maglumatlaryna görä, Kerkiniň täze aeroportunda heniz uçuşlar amala aşyrylmaýar; galyberse-de, howa menzilinde uçarlary ýangyç bilen üpjün ediji ulgamlar hem heniz doly oturdylmandyr.
Ýöne aeroport halkara howa menzili hökmünde ykrar edildi. Howa ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasy (IATA) Kerkiniň aeroportyna üç harply KEA gysgaltmasyny berdi. Galyberse-de, Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy (ICAO) bu howa menziline dört harply UTAE koduny berdi.
Aeroportyň gurluşygyny “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasynyň buýurmasy boýunça “Gündogdy” hususy firmasy ýerine ýetirdi.
Mundan ozal, bir topar iş orunlary wadasy bilen açylan täze aeroport we ak öý binasy ýerli ýaşaýjylaryň iş üpjünçilik umydyny puja çykardy.
“Şu iki desganyň açylyş dabarasynda olaryň bir topar iş orunlaryny hödürlejekdigi aýdyldy” diýip, bir lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Dört gatdan ybarat we beýikligi 40 metre ýetýän ak öý binasyny döwlet metbugaty “abadançylygyň, gülläp ösüşiň we türkmen myhmansöýerliginiň nyşany” häsiýetlendirdi. Ýöne onuň ýerine ýetirmeli funksiýasy we beýleki durmuş ähmiýeti jikme-jik aýdyňlaşdyrylmady. Türkmenistan döwlet serişdeleriniň hasabyna gurulýan äpet ak öýlerde köplenç dabara-şowhun geçirýär.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar Türkmenabatda dabara bilen açylan ak öýüň heniz iş orunlaryny hödürlemeýändigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Türkmenabatda Ak öýüň gyssagara alnyp barylýan gurluşygynda adam öldi“Hatda ak öýüň daş-töweregindäki baglara seretmek üçin hem işgär kabul etmäge mümkinçiligi ýok” diýip, bir türkmenabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ak öýüň daş-töweregindäki baglara ideg etmek işleri 2022-nji ýyla çenli onuň gurluşygyny ýerine ýetiren firmanyň üstüne ýüklenipdir.
Azatlygyň sebitdäki habarçysy döwlet býujetiniň hasabyna täze gurulýan äpet desgalar boş durýan mahaly, welaýatda köne çagalar baglarynyň, mekdepleriň remonta mätäçdigini habar berýär.
Habarçy aeroportdan we ak öýden başga, sebitde ýene bir iri desganyň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini habar berýär. Onuň sözlerine görä, welaýatyň täze Awotmenziliniň gurluşygyna Ak öýüň gurluşygyndan has ozal başlanypdyr, ýöne onuň gurluşygy şu wagta çenli 20 göterim töweregi tamamlanypdyr.
“Bu awtomenzil 2022-nji ýylyň sentýabryna-da ýetişmez. Ak öý we aeroport başdan sowma guruldy” diýip, bir ýerli gurluşyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Umuman aýdylanda, bu desgalaryň ile peýdasy ýok. Ak öý, hamala, diňe Gurbanguly Berdimuhamedow üçin salnan ýaly. Gapysy gije-gündiz ýapyk. Şol ak öýüň puluna welaýatdaky elektrik transformatorlaryny çalşyp bolardy. Şonda adamlaryň öýündäki elektrik bilen işleýän enjamlar päsgelçiliksiz işlärdi. Şonda adamlar minnetdar bolardy” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.