Bar adam Owganystandan nädip çykmagyň aladasyny edýär. “Talybandan” gaçan özbekleriň ýagdaýy

Eýran-owgan serhedi. 2021-nji ýylyň 29-njy awgusty.

31-nji awgustda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň soňky harby gullukçysy Owganystandan çykdy. Soňky iki hepdäniň dowamynda ABŞ we oňa soýuzdaş ýurtlar Owganystandan 120 müňden gowrak adamy ewakuasiýa etmegi başardylar. Şeýle-de bolsa, halkara güýçler ýa-da ABŞ bilen işleşen köp owganly henizem ýurduň içinde galýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Kabul howa menzilindäki ýagdaý sebäpli zerur raýatlary, şeýle hem Owganystandaky halkara güýçlerine kömek edenleriň we işleşenleriň ählisini ewakuasiýa edip bilmeýändigini aýtdy. Koronawirus pandemiýasy we dowam edýän terror howpy sebäpli gury ýer serhetleriniň ýapyk bolmagy hem muňa sebäp boldy.

Özbegistan Owganystan bilen serhetdäki Termez-Haýraton köprüsini ýapdy. Diňe wizasy bolanlara Özbegistan-Owganystan serhedinden geçmäge rugsat berilýär.

Käbir maglumatlara görä, häzire çenli 1500 owgan bosguny Özbegistana geçipdir. Azatlyk Radiosy “Talyban” režiminden gaçmagy başaran we başarmadyk owganlylaryň käbiri bilen söhbetdeş boldy.

«Bar adam Owganystandan nädip çykmagyň aladasyny edýär»

Abdylla (howpsuzlyk sebäpli ady üýtgedildi – Red.) maşgalasy bilen Özbegistana gaçmagy başaran owgan bosgunlaryndan biridir.

Azatlygyň žurnalisti bilen söhbetdeşlikde, Termez şäherinde gaçybatalga tapan bu adam soňky birnäçe hepdäniň dowamynda, başdan geçirmeli bolan agyr pursatlary barada gürrüň berdi.

– Men maşgalamy we öz janyny halas etmek üçin, Kabuldan Haýratona (Owganystan bilen Özbegistanyň arasyndaky serhet şäheri we port – Red.) gelmeli boldum. Talybanyň gözegçiligindäki köpriniň ýarysyndan geçenimde, ýeňil dem alyp bildim. Elimde wizam bolany üçin, özümi hem maşgalamy halas etmegi başardym. Indi bolsa Özbegistanda nähili ýaşajakdygymyz baradaky alada meni oýlandyrýar. Bu ýurtda ýaşamak üçin pul gerek. Bu ýerde pul we işsiz nädip ýaşajagymy bilemok – diýip, Abdylla aýdýar.

Onuň sözlerine görä, indi kim Owganystanda ýaşaýan bolsa, “Talybandan” gaçmagyň ýoluny gözleýär.

– Amerikalylar Kabuldan ýüz müňden gowrak adamy beýleki ýurtlara aşyrmagy başardylar. Emma Kabul aeroportunda bolup geçen ganly terrorçylykly hüjümden soň, adamlar howa menziline girmäge mümkinçilik tapmady. Elinde Amerikanyň ýaşyl kartoçkasy bolanlaram Owganystanyň paýtagtynda galdylar. Olaryň köpüsi Talybandan gorkup, howa menziline ýakynlaşyp bilmedi.

Owganystanda häzire çenli täze hökümet gurulmady, ýöne “Talyban” käbir döwlet edaralaryna gözegçilik edýär. Olaryň ählisiniň ady "Mullo" we "Mawlawiý". Mysal üçin, saglygy saklaýyş pudagyna medisina bilimi bolany däl-de, “Talybanyň” görkezen bilimsiz adam bellendi. Köp adamlar, esasanam doktorlar, mugallymlar, şahyrlar, suratkeşler, kino işgärleri, žurnalistler we beýleki hünärmenler ýurtdan çykmagyň ýollaryny gözleýärler. Kim bilen gürleşseňiz, her kim diňe Owganystandan nädip çykyp boljakdygy hakda pikir edýär. Hemmeler: "Kim gitdi?", "Kim galdy?", "Kim dokumentlerini taýýarlap bildi?", "Ýurtdan çykmaga maňa kömek edip biljek dostuňyz ýokmy?", "Ertir näme bolar?" diýip, biri-birine hat ýazýandyklaryny Abdylla gürrüň berýär.

"Talyban" owgan döwlet işgärlerinden ar almajakdygyna söz berse-de, ABŞ bilen işleşenleriň köpüsi, şol sanda Abdylla hem muňa ynanmaýar.

– “Talybanyň” wadalaryna ynam ýok, sebäbi bu toparyň arasynda birlik we ýagdaýa ýeke-täk garaýyş ýok. Haçan-da, bir adam “Talyban” bilen ýüzbe-ýüz bolanda, akyl-huşy başdan uçýar. Bar owganly nämälimligiň girdabynda – diýip, Abdylla aýdýar.

«Gaçara ýer ýok»

Şiybyrganly Ahmad atly žurnalist (howpsuzlyk sebäpli ady üýtgedildi – Red.) serhet ýapylandygy sebäpli aýaly we iki çagasy bilen Owganystandan çykyp bilmändir.

– Bize gowuşýan maglumata görä, "Talyban" Owganystandaky öňki hökümet bilen işleşen žurnalistleri gözleýärmiş. Indi Özbegistan tarapy, hatda wizasy bolanlara-da öz çägine girmäge rugsat bermeýär. Özbegistan köprini ýapdy. Özbek häkimiýetleri “Talybandan” gaçyp gelenleri Owganystana gaýtarypdyr. Indi ýüzlerçe maşgala Özbegistan-Owganystan serhediniň açylmagyna garaşýar. Owganystandan Kabuldaky howa menziliniň üsti bilen uçmak isledik, emma ol ýapyldy, ähli uçuşlar ýatyryldy. Aeroport ýapyk. Türkmenistan bilen Täjigistan hem owganlylaryň öz territoriýalaryna girmegine rugsat bermeýär. Hytaý bilen kiçijik serhet bar, ýöne ol ýerden geçmek mümkin däl. Ýeke-täk ýol Eýranyň we Pakistanyň üsti bilen amala aşyrylýar. Tanyşlary ýa-da mümkinçiligi bolan owganlylar hut şol iki serhetden geçýärler – diýip, Ahmad aýdýar.

“Talyban” ozal başda aýal-gyzlara şerigatyň çäginde bilim almaga we işlemäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Emma Ahmet muňa-da ynanmaýar.

– Şybyrganda aýallar indi daşary çykyp bilmeýärler. Daşardaky düzgün düýbünden bozuldy. Işsizligiň derejesi ýokarlanýar. Mekdepler açyk, ýöne gyzlar gatnaşyp bilmeýärler. Öňki düzgün-tertip düýpgöter ýok edildi. Adaty durmuş kadasy sandan çykdy. "Talyban" häkimiýete geleli bäri hemmeleri gorky gurşady. Owganlaryň köpüsi ykdysady kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar – diýip, Ahmad ýagdaýy düşündirýär.

Ahmad sözüni dowam etdirip, ýene şeýle diýýär:

– Bize açlyk getirjek gyş garaşýar, bahalar eýýäm göz öňüne getirip bolmajak derejede gymmatçylyga baryp ýetdi. Ýurtda garypçylyk hem mätäçlik barha artýar. Sebäbi “Talybany” hiç kim ykrar etmeýändigi üçin, ykdysady kömekler togtadyldy. Her kim diňe ýurtdan nädip gaçmagyň aladasyny edýär, ýöne köpleriň gaçara ýeri ýok. Biz owgan özbekleri. Özbegistan iň bolmanda serhetde haýsydyr bir düşelge gurar diýip, özbekleriň köpüsi umyt edýär. Hemmeler ol ýere gitmäge razy.

Geçen hepde resmi Daşkent “Talybandan” gaçyp, bu ýurda gelen 150 raýaty Owganystana gaýtardy.

Özbegistanyň Daşary işler ministrligi ol adamlaryň öz islegi boýunça watanlaryna gaýtarylandygyny mälim etdi.

Ministrligiň habaryna görä, "Talyban" hereketiniň ýolbaşçylary özbek häkimiýetlerine bu kategoriýadaky adamlara garşy zorluk, yzarlama, derňew ýaly çärelere ýol berilmejegine söz beripdir.

Yzlaryna gaýtarylan 150 owgan raýatynyň soňky ykbaly entek belli däl.

BMG-de Bosgunlaryň işi baradaky Guramasy şu ýylyň ahyryna çenli ýene ýarym million bosgunyň “Talyban” tarapyndan dolandyrylýan Owganystandan çykjakdygyny mälim etdi.

BMG Owganystanyň goňşularyny bosgunlar üçin serhetlerini açyk saklamaga çagyrdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.