Etniki türkmenleriň Owganystanyň täze şertlerindäki orny we “Talybanyň” legitimlik gözlegleri

"Talyban" söweşijileri Kabul howa menziliniň daşynda garawullyk edýär. 27-nji awgust, 2021

Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda etniki türkmenleriň Owganystanyň täze şertlerindäki orny hem-de “Talybanyň” legitimlik gözlegleri barada gürrüň gozgalýar.

15-nji awgustda Owganystanda “Talybanyň” “ýyldyrym çaltlygynda” Kabulda häkimiýeti ele geçirmegi bilen, Owganystan dünýäniň gün tertibini başagaý edip gelýär.

ABŞ ýolbaşçylygyndaky halkara güýçler 31-nji awgustda bellenen möhlete çenli Owganystandan yza çekilýär. Günbatar döwletleri öz raýatlaryny we halkara harbylara ýardam beren owganystanly terjimeçileri hem-de beýleki hyzmatdaşlaryny ewakuasiýa etmek bilen meşgul bolýar.

Bu aralykda, ozallar Owganystanda ençeme ganly hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan “Talyban” täze şertlerde “Yslam döwleti” terror toparynyň hüjümleriniň arasynda ýurtda howpsuzlygy üpjün etmeli bolýar.

Demirgazyk Owganystanda etniki türkmenler, özbekler, täjikler, gyrgyzlar we beýlekiler kowçum bolup ýaşaýar.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Owganystanda ähli taraplary, hususan-da etniki täjikleri öz içine almaýan “Talyban” hökümetini ret etjekdigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 18-nji awgustda beren beýanatynda Owganystanda ýakyn wagtda “ähli etniki toparlaryň gatnaşmagynda” döwlet institutlarynyň dörediljegine ynam bildirdi.

Ýurtdan gowuşýan maglumatlar etniki türkmenleriň täze şertlerdäki rolunyň işjeňdigi ýa-da däldigi dogrusynda käbir soraglary döredýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Şamerdanguly Myrady etniki türkmenleriň Owganystanyň täze şertlerindäki orny barada Dünýä Türkmenleri gepleşigine interwýu berdi.

Bu aralykda, “Talyban” halkara legitimlik gazanmak üçin dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe ýüz bolýar.

Gepleşigi aşakdaky çelgiden diňläp bilersiňiz!

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Etniki türkmenleriň Owganystanyň täze şertlerindäki orny we “Talybanyň” legitimlik gözlegleri