Owganlara, hüjüm howpy zerarly, howa menzilini derrew terk etmeli diýildi

Kabul, 25-nji awgust, 2021.

Müňlerçe adamyň ewakuasiýa uçarlaryna ýetişmek üçin aeroporta toplanmagy bilen, Birleşen Ştatlar we beýleki Günbatar ýurtlary "örän ähtimal" terror hüjümi haýbatlaryna salgylanyp, öz raýatlarynyň derrew howa menziliniň töweregini terk etmelidigini duýdurdy.

Howa menzilindäki günbatar diplomatynyň 26-njy awgustda aýtmagyna görä, Owganystandan çykyşyň şindi hem açyk bolan ýeke-täk derwezesiniň töwereginde "gaty kän adam toplandy", sebäbi adamlar, duýduryşlara garamazdan, howa menziliniň derwezesine topar-topar bolup gelýärler.

Gitmek isleýän we şindi hem Kabulda bolan günbatarlylaryň näçedigi belli däl, emma bir günbatarly resmi ABŞ-nyň pasporty we wizasy bolanlaryň takmynan 1500-siniň howa menziline gelmäge synanyşýandygyny aýtdy. ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken hem 25-nji awgustda şonça adamyň Owganystandan çykmakçy bolýandygyny aýtdy.

Öňki duýduryşlaryň üstesine, britan ýaragly güýçleriniň baştutany Jeýms Heappeý 26-njy awgustda söweşijileriň Kabul howa menziline ýygnanýanlara ýakyn wagtda hüjüm etmekçi bolýandyklary barada "gaty ygtybarly" maglumatyň bardygyny aýtdy.

"Ýakynda bolup biljek hüjüm barada gaty ygtybarly maglumat bar, şonuň üçin düýn agşam Daşary işler ministrliginiň geňeş-maslahaty üýtgedildi, adamlaryň Kabul howa menziline gelmän, howpsuz bir ýerde ýerleşip, goşmaça görkezmelere garaşmalydygy" duýduryldy diýip, Heappeý BBC radiosyna aýtdy.

"Meniň pikirimçe, nobata duranlaryň köpüsinde pursatdan peýdalanmak islegi bar, ýöne bu howp habary hakykatdanam ygtybarly. Bu ýerde hakyky gutulgyzlyk bar" diýip, Heappey aýtdy.

ABŞ-nyň Kabuldaky ilçihanasy amerikan raýatlaryna 25-nji awgustda howa menziline gelmezlik barada duýduryş berdi we, "howpsuzlyk wehimlaeine" salgylanyp, eýýäm derwezäniň daşynda toplananlaryň derrew gitmelidigini aýtdy.

Angliýanyň Daşary işler edarasy hem şuňa meňzeş maslahat berip, howa menziliniň golaýyndaky adamlaryň "howpsuz ýere gitmelidigini", bu ýerde "dowamly we ýokary terrorçylyk wehiminiň" bardygyny aýtdy.

Awstraliýa hem öz raýatlaryny we Awstraliýa wizasy bolanlary bu sebitden çykmaga çagyrdy we "terrorçylyk wehiminiň gaty ýokarydygyny" duýdurdy.

"Kabulyň Hamid Karzai halkara howa menziline gelmäň. Eger-de siz howa menziliniň çäginde bolsaňyz, howpsuz ýere gidiň we goşmaça maslahatlara garaşyň" diýip, Awstraliýa hökümetiniň duýduryşynda aýdylýar.

Bu duýduryşlar daşary ýurt raýatlarynyň we olaryň maşgalalarynyň, şeýle-de ABŞ-nyň harby güýçleri ýa-da beýleki NATO ýurtlary bilen işleşen owganlaryň berk liniýaly "Talyban" dolandyryşyndan basymrak daşlaşmaga synanyşýan wagtynda edildi.

Howa menziline we onuň töweregine gitdigiçe köp adam ýygnandy, sebäbi adamlar 31-nji awgusta bellenen soňky möhletiň we ewakuasiýa gözegçilik edýän ABŞ goşunlarynyň ýurtdan çykmagynyň öňüsyrasynda barha kän umytdan düşýärler.

Fransiýa 26-njy awgustda Owganystandaky adamlaryny 27-nji awgust agşamyndan soň ewakuasiýa edip bilmejekdigini aýtdy, Wengriýa bolsa Kabuldan uçan soňky iki harby uçarynyň Budapeştde sag-aman gonandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bolsa, "Yslam döwleti" toparynyň sebit bölüminden abanýan "elhenç" terrorçylyk wehimini möhleti saklamagyň sebäbi hökmünde görkezdi.

Bu ýurtlarda soňky ýyllarda bolup geçen käbir ganly hüjümleriň jogapkärçiligi YD-nyň Owganystan-Päkistan bölümine degişli.

Günbatar goşunlary ewakuasiýanyň mümkin boldugyça çalt amala aşyrylmagy üçin howa menziliniň içinde işlese, "Talyban" söweşijileri aeroportuň daş-töweregini goraýarlar.

Kabul aeroportundaky Raýat awiasiýasynyň owgan resmisi Ahmedullah Rafikzaý “Roýters” habar gullugyna janyndan geçen hüjümçiniň “adamdan dolan” koridorlara hüjüm etmeginiň aňsat boljakdygyny aýtdy we duýduryşlar birnäçe gezek gaýtalandy. Emma ol adamlaryň bu duýduryşlara gulak asjagyna ynamsyz garaýardy.

"Bu olaryň ýurtdan gitmek babatdaky aýgytlylygynyň netijesi, hatda ölmekdenem gorkmaýarlar, her kim öz janyna töwekgelçilige salýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ak tam 25-nji awgustda Baýdene YD-dan abanýan howp we ewakuasiýa planlary barada maglumat berlendigini aýtdy. Baýden Owganystandaky ähli goşunlara "Talyban" bilen baglaşylan ylalaşygy berjaý etmegi buýurdy.

"Talyban" 15-nji awgustda Kabula gireli bäri, ABŞ we onuň ýaranlary, soňky 24 sagadyň içinde çykarylan 19 müň adamy goşmak bilen, 88 müňden gowrak adamy Owganystandan çykardy.

ABŞ harbylary uçarlaryň her 39 minutda asmana galandygyny aýdýar.

Blinken Waşingtonda geçirilen metbugat ýygnagynda amerikalylara-da, beýlekilere-de, gitmek isleýän bolsalar, beýle adamlara kömek etmek üçin hiç hili soňky möhletiň ýokdugyny we bu tagallanyň "näçe wagt gerek bolsa", şonça hem dowam etjekdigini aýtdy.

"Talyban" daşary ýurt goşunlarynyň aýyň ahyryna çenli çykmalydygyny we möhletiň uzaldylmajakdygyny aýtdy. Olar owganlary ýurtda galmaga çagyrdylar, şol bir wagtyň özünde-de, rugsady bolanlara, täjirçilik uçuşlary gaýatdan uçup başlansoň, gitmek rugsadynyň beriljekdigini aýtdylar.