Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan şaýoluny ýuwup, çyzyklaryny täzeden reňklemäge başladylar, ähli ýerde ýowar, arassaçylyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar; prezidentiň iş saparyna gelmegine taýýarlyk görülýär, Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurlan gaz trubinaly elektrik stansiýasyny açyp, tok meselesiniň doly çözülendigini aýtmaly diýip, sebitdäki habarçymyz habar berýär. Prezident üç ýyl öň, 2018-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Maryda gaz we bug bilen işleýän ilkinji elektrik stansiýasyny açanda hem ilatyň tok meselesini çözendigini aýdypdy.
Bu maglumat Lebapda güýzlük bugdaý ekişine we Ak kerwen dabaralaryna görülýän güýçli taýýarlyk baradaky habaryň yz ýanyndan geldi. Ondan öň Azatlygyň Marydaky habarçysy prezidentiň sebite etjek saparyndan öň uçar menziliniň golaýyndaky selçeň gowaçalaryň gyssagly sürlüp aýrylyşy we ýaşaýjylar üçin döredilen beýleki kynçylyklar barada habar berdi.
Degişli maglumat Prezident Marydaky 'ak öýüň' ýanynda ýene bir 'dabara binasyny' gurdurýarEmma muňa garamazdan, prezidentiň gatnaşmagynda guralýan şowhunly dabaralar ýerli ilatyň gün-güzeran kynçylyklary barada garaşsyz habar serişdelerinde çykýan anyk maglumatlary umumylykda inkär etmek üçin ulanylýana meňzeýär.
Şu aralykda, Marydaky dabaralara gatnaşyp, ýerli ilatyň kynçylyklaryny görmän gaýdan prezident, ýurtda resmi taýdan tassyklanylmaýan pandemiýa aladalarynyň arasynda, Kaka etrabyna hem sapar etdi. Türkmen mediasy bu saparyň çäginde iri dokma toplumynyň açylyşyna bagyşlanan uly dabaralar, şol sanda täze döredilen iş orunlary barada hem habar berdi.
Emma habarlarda bu iş orunlarynyň ýurtdaky umumy işsizligiň garşysynda näme manysynyň bardygy anyklaşdyrylmaýar, sebäbi hökümet işsizligi, ilatyň soňky onýyllykda nähili garyp düşendigini, zähmet migrasiýasynyň hakyky möçberlerini resmi taýdan tassyklamaýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Lebaba 3-nji sentýabrda gelmeli, ol Çärjew etrabynda gurlup tamamlanan gaz trubinaly elektrik stansiýasyny açmaga gelýär diýip, Azatlygyň habarçysy öz çeşmelerine salgylanyp aýtdy.
Türkmen mediasy biraz öň Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” kompaniýasynyň Çarjew etrabynda gurýan (kuwwatlylygy 432 MWt) elektrik stansiýasynyň işe girizmek üçin taýyn edilendigini habar berdi.
Täze desga “Mitsubishi Hitachi Power Systems” firmasynyň gaz turbinaly enjamlaryndan ybarat bolup, her biriniň kuwwatlylygy 144 MWt bolan üç tok öndüriji Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň beren karzyna guruldy.
Elektrik stansiýasynyň daşynda ýerleşýän işçi baraklarynyň töweregini, tokaýda arça agaçlaryny eken ýaly edip, ullakan plakatlar bilen ýapdylar, sebäbi, daşary ýurtlardan gelen işçileri karantinde saklamak üçin ähli şertleri bolansoň, ol baraklary söküp aýryp boljak däldi diýip, ýerli hünärmen ýagdaýy düşündirdi.
Täze elektrik stansiýasynyň işe girizilmegi ýurduň gündogar sebitiniň elektrik üpjünçiligi üçin zerur tehniki şertleri we täze iş ýerlerini döreder, goňşy ýurtlara eksport ediljek elektrik energiýasynyň esasy çeşmesine öwrüler diýip, resmi habarda bellenýär.
Degişli maglumat Maryda yzygiderli tok kesilýär. Türkmenistan Gyrgyzystana elektrik energiýasyny eksport edýärAýdylmagyna görä, bu Türkmenistanda gurlan onunjy desga bolup, ol elektrik stansiýalarynyň umumy kuwwaty 6,511 MWt-a barabar.
Ýatlatsak, Berdimuhamedow üç ýyl öň, 2018-nji ýylyň sentýabrynda Maryda gaz we bug bilen işleýän ilkinji elektrik stansiýasyny açanda, ýurduň ilatynyň tok meselesini çözendigini, goňşy ýurtlar üçin has kän elektrik öndürjek desgany açýandygyny aýdypdy.
Emma hakykatda ýurtdaky elektrik ýetmezçiligi uly mesele bolmagynda galýar.
Azatlygyň Aşgabatdaky we sebitlerdäki habarçylary ilatyň tok kösençlikleriniň azalmaýandygyny, dabaraly açylýan desgalaryň bolsa hakykatda telewizorda görkezilýän bagtyýarlyk sahnalaryny taýýarlamaga gatnaşýan adamlaryň, ýowarçylaryň we çäreçileriň işini köpeldýändigini aýdýarlar.
Degişli maglumat Lebaply daýhan: Ýönekeý adamlara jan gaýgy, başlyklara - ýalan dabara!Mysal üçin aýdylsa, Azatlyk Türkmenabatdaky we Farapdaky elektrik kesilmeleri barada soňky gezek 18-nji awgustda habar beren bolsa, Marydaky tok kesilmeleri barada 13-nji awgustda habar berdi. Ýöne ýerli ilatyň tok kösençliklerine garamazdan, Türkmenistan şu ýylyň awgust-dekabr aýlarynda, başga ýurtlara eksport edýän togunyň daşyndan, Gyrgyzystana hem 501 million 900 müň kWt-sagat elektrik energiýasyny iberer.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.