Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň çäklerinde ABŞ esgerlerini görmek islemeýändigini aýtdy. Ol muny regionyň hüjümleriň nyşanasyna öwrülip biljekdigi bilen düşündirdi. Rus baş diplomaty bu barada 24-nji awgustda Budapeştde özüniň wengriýaly kärdeşi Peter Szijjarto bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi.
Lawrow bilelikdäki howpsuzlyk şertnamasynyň çäklerinde Russiýanyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen “umumy howpsuzlyk giňişliginiň” bardygyny aýtdy.
Mundan başga-da, Lawrow Waşingtonyň owgan bosgunlaryny sebitde ýerleşdirmek baradaky teklibiniň sebitiň durnuklylygyny sarsdyrjakdygyny belledi.
“Merkezi Aziýa döwletlerinde Birleşen Ştatlaryň goşunlarynyň ýerleşdirilmegine rugsat berilse, bu olary dessine hüjümleriň nyşanasyna öwürer” diýip, Lawrow sözüne goşdy.
Ol Russiýanyň Hytaý, ABŞ we Pakistan bilen birlikde Owganystandaky häzirki krizisi çözmek ugrunda tagalla etmäge taýýardygyny hem nygtady.