Hursanaý Ismatullaýewanyň kazyýet diňlenişiginiň 30-njy awgustda başlanjagy aýdylýar

Hursanaý Ismatullaýewa

"Turkmen.news" neşiri gökdepeli doktoryň garşysyna gozgalan galplaşdyrylan jenaýat işi boýunça geçiriljek kazyýet seljermeleriniň 30-njy awgustda başlanjakdygyny, Hursanaý Ismatullaýewanyň bigünädigini aýdyp, öz sözünde durýandygyny habar berýär. Ýöne suduň näçe wagt dowam etjekdigi, açyk boljakdygy ýa-da, dawaly işlerde edilişi ýaly, ýapyk gapylaryň arkasynda geçiriljekdigi belli däl. Türkmenistanda kada bolşy ýaly, aýyplanýanyň aklawçysy, hossarlary, häkimiýetler bilen gürleşip, syýasy äheňli hasaplanýan jenaýat işi boýunça hiç bir goşmaça maglumat alyp bolmaýar. Resmi Aşgabat başga pikirlileriň, öz hakyny talap edýän adamlaryň, aktiwistleriň ýanalýandygy barada çykýan habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär. Bu golaýda öz haklaryny talap edeninden soň, başga aýyplamalar esasynda dört ýyl azatlykdan mahrum edilen Myrat Duşemowyň işi babatda hem şeýle boldy.

Ozal habar berlişi ýaly, Ismatullaýewa 16-njy iýulda, Ýewropa parlamentiniň agzalarynyň gurnan onlaýn maslahatynda bikanun işden boşadylyşy barada gürrüň edileninden bir gün soň tussag edildi.

Degişli maglumat Iş, hünär haklaryny talap eden lukman kezzapçylykda aýyplanýar

Merkezi Aziýada susdurma praktikalary: hukuk goraýjylaryň sesleri" diýen temada geçirilen maslahatda derňewçi žurnalist Ruslan Mätiýew diňe Hursanaý Ismatullaýewanyň däl, Türkmenistanda onlarça ýyl bäri dowam edýän susdurma praktikalarynyň beýleki bilinýän pidalarynyň hem birnäçesiniň meselesini gozgady.

Emma syzyp çykan maglumatlaryň garaşsyz neşirlerde çap edilmegine hem-de, iş, hünär hakyny talap eden lukmanyň azat edilmegi baradaky çagyryşlara garamazdan, türkmen häkimiýetleri-de, günäkärlenýäniň aklawçysy hem bu iş boýunça hiç bir düşündiriş bermedi.

Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, Ismatullaýewanyň ykbaly barada tas iki hepdä golaý hiç bir habar alyp bolmady we soň onuň Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky polisiýa tussaghanasynda saklanýandygy, biraz soň bolsa MHM-niň Žitnikow köçesindäki deslapky tussaghanasyna geçirilendigi anyklandy.

Görnüşinden, häkimiýetler Ismatullaýewanyň 2017-2020-nji ýyllar aralygynda sereden näsagy, Büzmeýinde ýaşan we soň jaýy satylyp, özi garrylar öýüne ýerleşdirilen Wýçeslaw bilen bagly maglumaty galp jenaýat işini açmak üçin peýdalanypdyrlar diýip, "Turkmen.news" ýazýar.

Degişli maglumat Ýewropa parlamentiniň agzalary Türkmenistanda lukman Ismatullaýewanyň tussag edilmegine çuňňur alada beýan etdi

H.Ismatullaýewanyň töweregindäki çeşmeler Wýaçeslawyň kwartirasynyň bahasynyň 20 müň dollara golaý bolandygyny we ol serişdäniň tas barysynyň onuň ýeke-täk garyndaşy Anna berlendigini, lukmana bolsa diňe näsaga seredendigi üçin 600 dollara golaý pul tölenendigini aýdýarlar. Bu çözgüde hem Anna, hem Wýaçeslaw razy bolupdyr.

"Merkezi Aziýada susdurma praktikalary: hukuk goraýjylaryň sesleri" atly onlaýn maslahatyny gurnan ýewropaly deputatlar, adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy H.Ismatullýewanyň derhal azat edilmegine çagyryp, beýanat etdiler; "Turkmen.news" neşiri lukmanyň öňünden, bikanun tussag edilmeginden alada galyp, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna taýýarlan wideo ýüzlenmesini çap etdi. Emma türkmen häkimiýetleri, ozalky syýasy hasaplanan işlerde bolşy ýaly, açyk reaksiýa bildirmedi.

Türkmenistanda ýerli häkimiýetleriň bikanun hereketlerine nägilelik bildirýän ýa öz haklaryny açyk talap edýän, daşary ýurt neşirlerine we guramalaryna ýüz tutýan raýatlar dürli ýanamalara sezewar edilýär we soňky döwürde, sosial ulgamlardaky protest meýilleri bilen baglylykda, bu basyşlar has güýçlenene meňzeýär.

Munuň soňky mysaly ýurtda ýok diýilýän we resmi taýdan hiç bir hadysasy hasaba alynmadyk COVID-19 baradaky soraglaryna jogap gözlän Myrat Duşemowyň işi boldy. Ol ýurduň sebitleriniň araçäginde koronawirus sebäpli talap edilýän saglyk güwänamasy üstünde turan galmagaldan soň tussag edildi we soňra, hamala, düşüren wideosyny çap etmezligi üçin lukmandan pul aljak bolmakda, deslapky tussaghananyň kamerasynda bile oturan tussagyna beden ýarasyny salmakda günäli tapylyp, 16-njy awgustda dört ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Degişli maglumat Türkmenistan: aktiwistiň tussag edilmegi we wirtual raýat toparlary

Türkmenistanda kada bolşy ýaly, aýyplanýanyň aklawçysy, hossarlary, häkimiýetler bilen gürleşip, gürrüňi ulalan diýip bilinýän jenaýat işleri boýunça hiç bir goşmaça maglumat alyp bolmaýar. Resmi Aşgabat başga pikirlileriň, öz hakyny talap edýän adamlaryň, aktiwistleriň ýanalýandygy barada çykýan habarlary ne tassyklaýar, ne-de ret edýär.

Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň biri hasaplanýar we halkara hukuk guramalarynyň hasabatlarynda aýdylmagyna görä, ýöňkelýän günäni boýun aldyrmak, adamy özüne we başgalara garşy görkezme bermäge mejbur etmek üçin ulanylýan ýowuz gynag, basyş praktikalarynyň iň giň ulanylýan ýurtlarynyň biri bolup durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.