Çärjewiň saglyk pudagy gürelýän COVID sebäpli ‘çagşaýar’. Ilat derman üçin ‘öý goşlaryny satýar’

"Tiz kömek" ulgay

Türkmenistanda koronawirusyň esasy ojaklarynyň birine öwrülen – Lebap welaýatynda ölüm howply ýokanjyň delta ştammy gürelýär. Munuň bilen baglylykda, COVID-19 bilen keselleýänleriň, ondan ölýänleriň sany hem artýar. Welaýatyň köp sebitlerinde, şol sanda merkezi Türkmenabat şäherinde hem keselhanalar, şol sanda soňky döwürden bäri Tiz kömek gulluklary hem saglyk ýagdaýlary barha ýaramazlaşýan hassalaryň uly bölegine hemaýat berip bilmeýärler.

“Türkmenabadyň etegindäki, welaýatyň iň gür ilatly etraplarynyň biri Çärjewde şenbeden ýekşenbä geçilýän gije azyndan 70 näsaga ilkinji medisina kömegi berilmedi. Şol gije 300-e çenli çagyryş boldy. Hassalaryň esasy bölegi ýokarlanan beden gyzgynyna, demgysma şikaýat etdiler. Tutuş etrap boýunça ýekeje Tiz kömek ulagy we bir felşer bar” diýip, çärjewli saglyk işgärleriniň biri 23-nji awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol sebitiň keselhanalarynyň COVID näsaglaryndan dolmagy sebäpli, täze syrkawlary ýöriteleşdirilen saglyk merkezlerine ugradyp bolmaýandygyny, munuň deregine olara öýlerinde özbaşdak bejergi almak maslahat berilýändigini hem sözüne goşdy.

“Hatda COVID anyklanan hassalara hem, keselhanalarda boş ýerleriň ýoklugy sebäpli, öýlerinde bejergi almalydygy aýdylýar. Wirusa ýolugan adamlaryň jemgyýetçilikden izolirlenmeýändigi sebäpli, olar beýlekileriň, iň azyndan maşgala agzalarynyň hem koronawirusa ýolugmagyna sebäp bolýarlar” diýip, ýerli lukman belledi.

Şol bir wagtda, öý şertlerinde bejergi almak üçin ýazylyp berilýän dermanlary satyn almaga, onsuz hem ýiti ykdysady çökgünlikden gurpdan düşen ilatda maliýe ýagdaýynyň ýokdugy nygtalýar.

Degişli maglumat COVID-19: Türkmenabadyň etrapçalarynda merhumyň hatyrasyna berilýän sadakalar görnetin köpelýär

“Wirus bilen kesellänlere Çärjew etrap hassahanasynda ýokanç keseller lukmany bilen konsultasiýa geçirilýär we gerekli dermanlaryň sanawy berilýär. Olaryň bahasy 2,800-3000 manada ýetýär. Sebitde ortaça aýlyk 1200 manat. Häkimiýetleriň hemaýat bermeýändigi sebäpli alaçsyzlyga düşen adamlar, barha gymmatlaýan dermanlary satyn alyp bilmek üçin öý goşlaryny satyp başladylar. Gerekli puly tapsaň hem, derman tapdyranok. Dermanhanalaryň öňünde ýüzlerçe adam dur. Beýle zada hiç haçan şaýat bolmandym. Bir sagatdan soň hem, nobatym ýetmedi. Bu nobatlarda wirusyň has hem ýaýrap biljekdigi barada asla-da alada edilenok” diýip, Türkmenabadyň dermanhanasynyň öňünde nobatda duran çärjewli ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolýan lukmanlar häzir koronawirusyň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýän delta görnüşiniň gürelýändigini, wirusyň ozalky tolkunlarynda berlen bejergileriň häzir köp täsir etmeýändigini hem belleýärler.

Çärjew etrabyna sapar edip gören habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagtda Arassaçylyk gulluklary köçeleri hlor bilen dezinfeksiýa edýärler, şeýle-de gapyma-gapy aýlanyp, kimiň öýünde COVID näsagy bar bolsa, olaryň öýleriniň daş töweregine hem himiki ergini sepýärler.

Şol bir wagtda, ýerli saglyk işgäri golaýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Çärjew etrabyndaky gazturbinaly elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýandygyny, munuň bilen baglylykda, adatça bolşy ýaly, köp sanly adamlaryň mejbury garşy alyş çäresine çykarylmagy netijesinde, wirusyň mundan beýläk hem ýaýramak howpunyň artjakdygyny duýdurýar.

Ýokarda beýan edilen ýagdaýlar boýunça Lebabyň welaýat, şol sanda Çärjew etrap häkimliklerinden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Degişli maglumat Lebapda ÝOJ giriş synaglary “ýokarlanan para möçberleri” bilen dowam edýär

Bu aralykda, Lebapda Aşgabadyň ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglarynyň tamamlanmagy bilen, okuwa kabul edilen talyplary paýtagta aşyrmak üçin ýörite otly ýola goýuldy. Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri koronawirus aladalarynyň arasynda, halkara uçar gatnawlary bilen birlikde, ozal gowşadylan ýerli transport hereketini hem çäklendirdiler.

“20-nji awgustdan başlap ýörite Türkmenabat-Aşgabat otlusy ýola goýuldy. Ähli talyplary 25-nji awgusta çenli paýtagta aşyrmaly. Talyplaryň elinde waksina sanjymyny urdurandygy barada kepilnama, şeýle-de 72 sagat möhletli koronawirusyň negatiw testi bolmaly. COVID testleri Türkmenabadyň 2-nji we 4-nji saglyk öýlerinde geçirilýär. Talyplaryň sany juda köp, guramaçylyk gaty pes, nobatlarda tertip-düzgün hem pozulýar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren talyplaryň biri gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri öz serhet çäklerinde COVID-19-yň ýokdugyny tekrarlap, ýurtda koronawirus bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpelýändigi, keselhanalaryň, hatda tutuş sebitleriň hem karantine ýapylýandygy barada Azatlykda we garaşsyz neşirlerde çykýan maglumatlary kommentirlemeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.