Aşgabatda wirusa ýoluganlar köpelýär. Lebapda gyt dermanlar 10 esse gymmatlady

Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda koronawirusa ýolugýanlaryň we ondan heläk bolýanlaryň sany görnetin köpelýär. Ýurduň dürli künjeginde keselhanalar we etraplar karantine ýapylýar. Aşgabatda näsaglardan dolan keselhanalar syrkawlaryň köpüsini kabul etmekden ýüz öwürýär. Bu habarlaryň arasynda, Lebapda wirusa ýoluganlaryň saglyk bejergisinde oňyn netije berýändigi aýdylýan dermanlar gytalýar. Döwlet dermanhanalarynda tapdyrmaýan bu dermanlar gara bazarda adaty bahasyndan tas 10 esse gymmada satylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we Lebapdaky habarçylary maglumat berýärler.

Paýtagtdaky habarçymyz şu günler “Aşgabadyň bulam-bujarlykdadygyny" aýdyp, şäheriň tas ähli keselhanalarynyň näsaglardan doludygyny we ölýänleriň hem köpdügini belleýär.

"Ozalky "Gyzyl haç" keselhanasynda hassalary geçelgelerde ýerleşdirýärler. Köp näsaglar hassahana kabul edilmän, olara öýlerinde bejergi almak maslahat berilýär. 30-njy etrapçada näsaglar has köp" diýip, aşgabatly ýaşaýjylaryň biri 19-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat Germaniýa Türkmenistany COVID-19 boýunça ýokary töwekgelçilikli ýurtlaryň hataryna goşdy

Onuň sözlerine görä, wirus bilen keselleýänleriň arasynda ähli ýaşdaky adamlar, şol sanda ozal waksina sanjymyny etdirenler hem bar.

Bu habarlaryň arasynda, Lebapda wirusa ýoluganlaryň saglyk bejergisinde oňyn netije berýändigi aýdylýan dermanlar gytalýar.

Lebapdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, ýerli lukmanlar koronawirusa ýolugan raýatlaryň saglyk bejergisinde "Remdesiwir", "Ergoferon", "Zink", "Geparin", "Azitromisin" we "Arbidol" ýaly dermanlardan peýdalanýarlar.

Häzirki wagtda bu dermanlar Türkmenabat şäheriniň we Farap, Çärjew etraplarynyň hassahanalarynda we döwlet dermanhanalarynda düýbünden diýen ýaly tapdyrmaýar. Şol bir wagtda, olary derman söwdasyny edýän, habarçymyzyň sözlerine görä, "hususy taraplaryň elinde" ýa-da gara bazarda adaty bahasyndan tas 10 esse gymmada satyn alyp bolýar.

Häzir Türkmenabat şäherindäki we Farap etrabyndaky gara bazarda "Remdesiwir" dermanynyň bir gutusy azyndan 2 müň manada satylýar. Bu dollaryň resmi kursunda $570, gara bazar nyrhynda $58 deňdir. Wirusa garşy "Ergoferon" we "Arbidol" dermanlary hem azyndan 500 manatdan bahalanýar.

"Bu derman gytçylygy we gymmatçylygy agyr ykdysady krizis sebäpli onsuz hem garyplaşan maşgalalaryň koronawirusy ýeňmegine has-da böwet bolýar" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran faraply ýaşaýjy 19-njy awgustda habarçymyza gürrüň berdi.

Degişli maglumat COVID-19: Türkmenabadyň etrapçalarynda merhumyň hatyrasyna berilýän sadakalar görnetin köpelýär

Bellesek, bu dermanlaryň koronawirusa garşy saglyk bejergisinde oňyn netije berýändigini tassyklaýan ýa-da subut edýän ylmy iş göze ilmeýär.

Azatlyk ýokarda beýan edilenler barada degişli sebitleriň häkimliklerinden, ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrliginden, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Iýun aýynda Türkmenistanda wirus bilen keselleýänler we ölýänler görnetin köpelip başlady. Şondan bäri Aşgabatda, Lebapda we Maryda birnäçe keselhana, etrap we oba karantine ýapyldy.

Bu habarlaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri mart aýynda gowşadylan wirusa garşy ätiýaçlyk çärelerini gaýtadan güýçlendirip, ilata köpçülikleýin sanjym edip başlasalar-da, pandemiýanyň başyndan bäri ýurduň çäklerinde COVID-19-yň ýokdugyny tekrarlap gelýärler.

6-njy awgustda Germaniýa dünýäde Türkmenistany COVID-19 ýokuşmalary bilen bagly ýokary töwekgelçilikli ýurtlaryň hataryna goşan bilinýän ilkinji ýurt bolup, öz raýatlaryna Türkmenistana zerur bolmadyk syýahatçylyk saparlaryny amala aşyrmazlygy duýdurdy.

Degişli maglumat Maryda üç keselhana we bir oba karantine ýapyldy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.