Berdimuhamedow Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisini wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň Fransiýadaky öňki ilçisi Şöhrat Jumaýew (çepde).

18-nji awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Fransiýadaky we Portugaliýadaky ilçisi Şöhrat Jumaýewi wezipelerinden boşatdy.

Döwlet metbugaty türkmen ilçisiniň wezipelerinden boşadylmagynyň sebäpleri barada habar bermeýär.

Mundan ozal, maýyň ortalarynda fransuz metbugaty ilçiniň öz aýalyna we 19 ýaşly gyzyna garşy el güýjüni ulanmakda güman edilýändigini habar berdi.

Žurnalistlere mälim bolmagyna görä, 46 ýaşly diplomatyň aýaly 12-nji maý güni fransuz polisiýasyna ýüz tutup, adamsynyň özüni we gyzyny urandygyny aýtdy.

Şondan soň türkmen diplomatynyň aýalyna we gyzyna Fansiýanyň myhmanhanalarynyň birinde wagtlaýyn gaçybatalga berlipdi.

Şöhrat Jumaýew Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine 2018-nji ýylyň dekabrynda bellenildi.