Maryda üç keselhana we bir oba karantine ýapyldy

Illýustrasiýa surat

Maryda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň görnetin köpelmegi bilen, näsaglaryň akymyna döz gelip bilmeýän azyndan üç keselhana karantine ýapyldy. Şeýle-de, welaýatyň Wekilbazar etrabynda wirusyň täze ojagy tapylandygy sebäpli Garajaköw obasy doly karantine alyndy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy şu günler COVID-19-a çalym keselçilige ýolugýanlaryň köpelýändigini aýdýar. Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan maryly saglyk işgärleri wirusyň ýurtdaky häzirki görnüşiniň ştamy barada anyk maglumatyň ýokdugyny, ýöne onuň adamdan-adama has aňsatlyk bilen geçýändigi göz öňünde tutulanda, onuň “uly ähtimallyk bilen" koronawirusyň delta görnüşidigini çaklaýarlar.

Habarçymyz keselçiligiň möwjeýän wagtynda, Mary welaýat ýokanç keseller, Ýolöten we Murgap etraplarynyň ýokanç keseller hassahanalarynyň karantine ýapylandygyny hem aýdýar.

Degişli maglumat Maryda keselleýänler köpelýär, lukmanlar hassahanalaryň karantine ýapylmak ähtimallygyny duýdurýar

"Iň agyr hassalary welaýat ýokanç keseller hassahanasyna ugradýarlar" diýip, efirde adynyň üýtgedilip Durdy diýlip tutulmagyny soran ýerli saglyk işgäri habarçymyza gürrüň berdi.

Ýatlatsak, şu hepdäniň başynda Marydaky habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolan lukmanlar, koronawirus alamatly keselçiligiň gerimi häzirkisi ýaly dowam etse, onda welaýatyň ýokanç keseller hassahanalarynyň karantine ýapylmagynyň gaty ähtimaldygyny duýdurypdylar.

"Hassahanalara düşýän adamlaryň yzyndan diňe plastik gaplarda nahar eltmäge rugsat berýärler. Hassalaryň ulanan gaplary dessine ýakylýar. Olaryň ýanlary bilen hiç zat getirmegine rugsat berilmeýär, telefonlary elinden alynýar" diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Onuň sözlerine görä, näsaglar diňe hassahananyň içinde işleýän lukmanlaryň mobil telefonlary arkaly öz dogan-garyndaşlary bilen habarlaşyp bilýärler.

Hepdäniň başynda Lebapdaky habarçymyz hem, Türkmenabatdaky Köpugurly hassahananyň tutuşlygyna karantine ýapylandygyny, şäheriň beýleki saglyk merkezleriniň hem näsaglardan doludygyny habar berdi.

Habarçymyz welaýatyň Wekilbazar etrabynda wirusyň täze ojagynyň tapylmagy netijesinde Atajanow (Öňki ady Gökje) daýhan birleşiginiň Garajaköw obasynyň doly karantine alynandygyny hem habar beýär.

"Oba girmek we ondan çykmak gadagan edildi. Bu oba iki tarapdan girip bolýar: Atajanow daýhan birleşiginiň içinden we Peşanaly ýoluň üstünden. Bu iki ýoluň ugrunda-da polisiýa ulaglary ýoly bekläp dur. Olar obadan hiç kimi çykarmaýarlar we oba hiç kimi goýbermeýärler" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler bu obanyň ýaşaýjylarynyň azyk we senagat harytlary zerurlyklaryny tiz kömek ulaglarynyň kömegi bilen çözmäge synanyşýarlar.

"Oba ýaşaýjylary azyk almakçy bolanda, obanyň içinde tiz kömek ulagy aýlanyp, haýsy hojalyga nähili azygyň gerekdigini depderçä ýazyp alýarlar. Olar hojalyklardan şol harytlaryň puluny alyp gidýärler. Tiz kömek ulagyndaky işgärler azyk sargan hojalyklaryň her birinden benzin puly diyip, harytlaryň pulundan daşgary 20 manat alýarlar" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, tiz kömek ulagyndaky işgärler spirtli içgi sargaýan adamlardan, onuň bahasyndan başga-da, 30 manat talap edýärler. "Şeýlelikde, 35 manatdan bahalanýan bir çüýşe arak 65 manada düşýär" diýip, ol belledi.

Degişli maglumat Lebapda COVID-19 ýagdaýlary gürelýär, Köpugurly keselhana karantine ýapyldy

Habarçymyz oba ýaşaýjylarynyň arasynda mundan öň etrap we welaýat merkezlerine gidip, gazanç eden ýaşaýjylaryň köpdügini, obanyň ýapylmagy bilen, häzirki wagt şol maşgalalaryň köpüsiniň pulsuz kösenýändigini hem aýdýar.

"Olar goňşularyndan çörek diläp, "gyşyna iýeris" diýip ýapan bankalaryny açyp iýmeli bolýarlar" diýip, çeşmämiz belledi.

Şeýle-de, ol käbir oba ýaşaýjylarynyň Peşanaly tarapdaky Murgap ýaby ýüzüp geçip, ýene şol ýapdan yzyna geçýändiklerini hem aýdýar.

"Ýapdan ýüzüp geçýän adamlar "karantin diýip, obanyň girelgelerini we çykalgalaryny ýapdylar. Emma biz näme iýmeli? Näme içmeli? Ony hökümet göz öňünde tutmaýar. Biz obanyň içinde aç ölmelimi? Biz çagalarymyza bir zat iýdirmeli ahyryn. Bize azyk bersinler, obadan çykman oturaly" diýip, çeşmämiz bir ýaşaýjynyň sözlerini sitirledi.

Bu aralykda, habarçymyz häzirki wagtda Atajanow daýhan birleşiginiň köçelerini hlor bilen dermanlamak işleriniň hem güýçlendirilendigini habar berýär. Soňky günlerde bu ýerde uçardan derman sepmek işleri hem has ýygjamlaşdyryldy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary welaýat häkimliginden we agzalan etraplaryň degişli resmilerinden, şeýle-de Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda koronawirus alamatly keselçilik bilen keselleýänleriň we ölýänleriň köpelýändigi, keselhanalaryň karantine ýapylýandygy barada Azatlykda we garaşsyz neşirlerde çykýan maglumatlary kommentirlemeýärler.

6-njy awgustda Germaniýa koronawirusdan azatdygyny tekrarlaýan Türkmenistany COVID-19 ýokuşmalary bilen bagly ýokary töwekgelçilikli ýurtlaryň sanawyna goşdy.

Degişli maglumat Germaniýa Türkmenistany COVID-19 boýunça ýokary töwekgelçilikli ýurtlaryň hataryna goşdy

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.