"Talyban" Owganystanyň ikinji uly şäherini, Kandagary basyp aldy

Kandagar. Owgan howpsuzlyk işgäri barlag nokadyna gelen geçegçini barlaýar. 12-nji awgust, 2021.

"Talyban" Owganystanyň ikinji uly şäheri bolan Kandagary basyp aldy diýip, ýerli çeşmeler Azatlyk radiosyna 13-nji awgustda aýtdy.

Bu söweşijiler toparynyň ABŞ güýçleriniň ýurtdan çekilmegi bilen başlan täze hüjüminiň dowamyndaky iň möhüm ýeňşi bolýar.

Şu aralykda “Talyban” günbatardaky Hyrat şäherini hem ele geçirdi we, ýerli geňeş agzasynyň maglumatyna görä, tanymal milisiýa lideri Ysmaýyl Hany ýesir aldy.

Umuman, “Talyban” soňky 24 sagatda bäş welaýat paýtagtyny ele geçirdi, olaryň birnäçesi söweşsiz syndy.

"Talyban" söweşijileri Helmand welaýatynyň paýtagtyny, günortadaky möhüm şäher Laşkargahy hem basyp aljaga meňzeýär.

Britaniýanyň goranmak sekretary Ben Wallas 13-nji awgustda Owganystanyň başa barmadyk döwlet bolmagyň gyrasynda durandygyny we “Al-Kaýda” terrorçylyk ulgamyny yzyna çagyryp biljekdigini duýdurdy.