ABŞ-nyň wekili Owganystanda hüjümleri togtatmak baradaky gepleşikler üçin Katara barýar

Talyban söweşijileri Owganystanyň demirgazygyndaky Kunduz şäherindäki gözegçilik nokadynda garawullyk edýärler, 2021-nji ýylyň 9-njy awgusty

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad 10-njy awgustda Katarda "Talyban" bilen gepleşikler geçirip, söweşiji toparyň soňky birnäçe günüň içinde birnäçe welaýat merkezini el salmak üçin edýän giňişleýin hüjümini duruzmagy maksat edinýär.

"Halilzad Talybanyň harby hüjümlerini duruzmak we syýasy çözgüt tapmak üçin basyş eder" - diýlip, Döwlet departamentiniň 9-njy awgustda eden beýanatynda aýdylýar.

"Talyban" Owganystandaky hüjümlerini maý aýynda, halkara güýçleri ýurtdan çykarylyp başlansoň güýçlendirdi.

ABŞ harby güýçleri "Talybanyň" çalt öňe gitmeginde Owganystandaky howpsuzlygyň "dogry ýoldan barmajagyny" duýdurdy we Kabuldaky hökümete özüni goramak üçin has köp iş etmegi maslahat berdi.

Pentagonyň metbugat sekretary Jon Kirbi 9-njy awgustda eden çykyşynda çynlakaý alada bildirdi, ýöne "Talyban" söweşijileriniň azyndan alty welaýat paýtagtyny ele geçirendigi baradaky habarlara garamazdan, owgan güýçleriniň fundamentalist söweşiji topara garşy söweşde ýurdy gorap biljekdigini aýtdy.

9-njy awgustda, milli howpsuzlyk güýçleri demirgazykdaky beýleki üç welaýatda - Balh, Tahar we Kunduz regionlarynda söweşijilere garşy söweşen wagtynda, söweşijiler demirgazyk Samangan welaýatynyň paýtagty Aýbaky ele saldy.

"Talybanyň" doly gözegçilik astyndaky welaýat paýtagtlarynyň sany alta ýetdi.